YZA

Agşam we ýassy namazlarynyň arasynda aýdylýan zikirler


33 gezek

لَٓا اِلٰهَ اِلَّٓا اَنْتَ سُبْحَانَكَ اِنّٖى كُنْتُ مِنَ الظَّالِمٖينَ

Lä ilähe illä ente subhanek, inni kuntu minez-zalimin

Senden başga hudaý ýokdyr, Sen ähli nogsanlardan päksiň we uzaksyň, men özüme zulum etdim
***
(Bu dogany kynçylyklardan halas bolmak üçin we günäleriňden halas bolmak üçin okamaly)

33 gezek

رَبِّ اِنّٖى مَسَّنِىَ الضُّرُّ وَاَنْتَ اَرْحَمُ الرَّاحِمٖينَ

Rabbi inni messeniýed-durru we ente erhamur-rahimin

Rebbim! Bu zyýan maňa degdi, Sen merhemetlileriň iň merhemetlisisiň!
***
(Günälerimizden bizar bolup, günälerden halas bolmak üçin okamaly. Sebäbi günäleriň zyýany biziň ahyrýetimize degýär.)

33 gezek

حَسْبِى اللّٰهُۘ لآَ اِلٰهَ اِلاَّ هُوَۜ عَلَيْهِ تَوَكَّلْتُ وَهُوَ رَبُّ الْعَرْشِ الْعَظ۪يمِ

Hasbiýallahu lä ilahe illa huwe aleýhi tewekkeltü we huwe rabbul-arşil-azym.

"Maňa Alla ýeter. Ondan başga hudaý ýokdur. Men diňe Oňa daýanýaryn. Ol beýik Arşyň eýesidir." (Toba süresi, 129)

33 gezek

يَا بَاق۪ٓى اَنْتَ الْبَاق۪ى ٭ يَا بَاق۪ٓى اَنْتَ الْبَاق۪ى

Ýa baky entel-baky, ýa baky entel-baky

Eý baky bolan Allam, diňe sen bakysyň (galan hemme zat ölüp gidýär).
Eý baky bolan Allam, diňe sen bakysyň (galan hemme zat ölüp gidýär).

Back to Top