Köwser süresi, 2-nji aýat

"Onda Rabbiň üçin namaz kyl ve gurban kes"

Ylmyhal>>Gurbanlyk çalmak kime wajyp?

Gurbanlyk çalmak kime wajyp?

Gurbanlyk çalmagyň wajyp bolmagynyň şertleri:
1. Musulman bolmaly: Bu şert ybadatlaryň ählisinde bar. Eger kişi Gurban baýramynyň üçünji güni gün batmazdan öň Yslamy kabul edip, musulman bolsa we gurbanlygyň wajyp bolmagynyň beýleki şertleri - de ýerine ýetýän bolsa, onda ol gurbanlyk bermeli .

2. Akyly ýerinde we kämillik ýaşyna ýeten bolmaly : Çagalara we akyl taýdan näsaglara gurbanlyk etmek wajyp däl . Munuň bilen birlikde kişiniň öz çagasy üçin gurbanlyk kesdirmegi müstehapdyr.

3. Mukym bolmaly : Ýagny saparda bolmaly däl. Sapardaky kişi gurbanlyk kesmäge borçly däl . Emma saparda bolsa - da, kişi islese özbaşyna ýa - da mukymlara goşulyp gurbanlyk kesip bilýär. Bu mesele babatynda beýleki mezheplerde mukym bilen saparynyň arasynda tapawut ýok .

4. Maddy taýdan ýeterlik baýlygy bolmaly : Hanefi mezhebine görä, kişini gurbanlyk kesmäge borçly edýän baýlyk mukdary zekatda we pitre sadakasynda talap edilýän baýlyk mukdary bilen deňdir. Muňa «nisap » mukdary diýilýär. Kişiniň baýlygy zerur hajatlaryndan daşgary 85 gram (20 mysgal) altyna ýa - da 200 dirhem kümüşe ýetýän bolsa, onda ol gurbanlyk etmeli . Fykyhçy alymlaryň esasy köplüginiň garaýşyna görä, gurbanlyk kesmäge borçlandyrýan baýlygyň zekatda bolşy «üstünden bir ýyl geçmegi » we «artýan hilde bolmagy» hökman däl . Diýmek, Gurban baýramynyň ilkinji üç güni kimiň baýlygy « nisap» mukdaryna ýeten bolsa, üstünden bir ýylyň geçerine garaşman hökman gurbanlyk çalmaly .

Gurbanlyk çalmak aýallara - da wajypmy?

Ýokarda sanalan şertlere görä, gurbanlyk çalmak babatynda aýal bilen erkegiň arasynda tapawut ýok . Başgaça aýdanyňda, akyly ýerinde, kämillik ýaşyna ýeten, mukym we baý her bir musulman zenanyna gurbanlyk çalmak wajypdyr. Ady belli hanefi fykyhçysy Kasany gurbanlyk çalmagyň wajyplyk şertlerini sananyndan soňra sözüni şeýle jemleýär : «Sanalan bu şertler aýal bilen erkek üçin des - deňdir. Sebäbi bu mesele bilen bagly delillerde aýal bilen erkegi biri - birinden parhlandyrylmandyr ». Ýeri gelende şuny hem ýatladyp geçeliň, adamsynyň baý bolmagy aýaly gurbanlyk kesmäge borçlandyrmaýar. Il arasynda bir ýyl adamsy gurbanlyk berse , indiki ýyl aýaly gurbanlyk bermeli diýen ýalňyş düşünje hem bar . Maşgalanyň baýlygy diňe erkege degişli, şonuň üçinem her ýyl gurbanlygy erkek adamyň özi bermeli . Aýalyň öz hususy baýlygy bar bolsa , onda olam gurbanlyk etmeli. Galyň, mirasdan düşen paý, zähmet çekip gazanylýan pul – aýalyň öz hususy baýlygydyr. Elbetde, maşgalabaşynyň güýji ýetýän bolsa, aýaly üçin hem gurbanlyk berip bilýär.

Malyň damagyny aýal çalsa bolýarmy?

Malyň damagyny çalýan kişi hökman erkek göbekli bolmaly diýen şert ýok. Şonuň üçin aýallaram edil erkekler ýaly, öz elleri bilen malyň damagyny çalsa bolýar. Diňe aýallar däl, hatda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaram eger malyň damak çalnyşynyň düzgünlerinden baş çykarýan bolsa, mal soýsa bol ar. Bu ýerde esasy zat düzgün boýunça malyň damagyny çalmagy başarmak . Onsoňam, aýallara mal soýmagyň rugsat berilendigini görkezýän hadyslaram bar. Meselem: Mugaz ibn Sagdyň (r.a) rowaýat etmegine görä, Kagp ibn Mäligiň (r.a) çorusy Sel daglarynda goýun bakyp ýörkä, goýunlarynyň biri pyçaga gelipdir. Çory kesgir daş bölegi bilen goýunyň damagyny çalyp ýetişipdir. Soň Allah Resulyndan «Goýunyň etini nädeli ?» diýip (s.a.w) sorapdyrlar. Allah Resuly (s.a.w): « Etini iýiberiň, hiç zadam bolmaz » diýip jogap beripdir. Buharynyň kitabynyň baplarynyň birinde rawylar silsilesini taşlamak ýoly bilen beýan eden hadysyna görä bolsa, Ebu Musa Eşgary (r.a) öz gyzlaryna gurbanlyk mallarynyň damagyny özleriniň çalmaklaryny , aýaklary bilen malyň boýnundan basmaklaryny we damagyny çalýan mahaly «Bismilläh» diýip, tekbir aýtmaklaryny berk sargapdyr .