Haçana çenli toba etmeli?

Kyssalar>>Haçana çenli toba etmeli?

Günäni bir gara tegmile meňzetsek, tobany-da bu tegmili öçürýän bozguja meňzedip bileris. Günä iş eden mümin ynsanyň ilkinji borjy toba bozgujy bilen bu günäni öçürmek we gaýdyp ol işi etmezlige çalyşmakdyr.
Resul-y Ekrem:
- Günäsine toba eden, günä iş etmedik ýalydyr – diýmek bilen, nebsinden ýeňlip, ýalňyşan ynsany derrew toba etmäge çagyrýar. Eger günä iş eden ynsan yhlas bilen toba edip, gaýdyp şeýle günäni işlemezlik üçin gaýrat görkezse, göýä günä iş etmedik ýaly, Rebbimiz ony günälerinden päklär.
Munuň üçin ynsanyň ýürekden puşman edip, tenha ýerlerde günäsine gözýaş dökmegi zerurdyr.
Bu gözýaşlary Rebbimiziň dergähinde şeýle bir makbul we gadyrlydyr — deňizleriň söndürip bilmejek dowzah ataşyny birnäçe damja göş ýaş söndürip biler.
Bir adam gelip, ymam Ala şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
- Eý ymam, men günä etmezlik üçin näçe gaýrat etsem-de, ýene-de günä laýyna bulaşýaryn. Aýdyň, men näme edeýin?
- Toba et!
- Ýene günä etsem?
- Ýene toba et!
- Haçana çenli toba edeýin?
- Günäni terk edýänçäň!
Hawa, wyjdanyňyzda yzasyny duýýan günäňizi terk edýänçäňiz toba dowam etmeli.
Şonuň üçin bir hadysda:
- Allah gulunyň soňky demine çenli onuň tobasyny kabul eder – diýilýär.
Aslyýetinde, günäden daşda bolmak, asla günä ýakynlaşmazlyk baş maksadymyz bolmalydyr. Çünki her günä içre küpüre eltýän bir ýol bardyr. Ol günä toba-istigfar bilen ýok edilmese, eýesini barha küpüre tarap iter.
Üns berýän bolsaňyz, dini ýaşaýyş terzinden daşlaşýan ynsanlar köpüsi günä edýän adamlardyr. Günäler olaryň gözüne dini ýaşaýşy şeýle bir kyn görkezýär welin, göýä bir ynsanyň beýle düzgün-nyzamly durmuşda ýaşamagy mümkin däl ýalydyr.
Günäden daş durýan ynsan hem günäkäriň gözgyny durmuşyny şeýlekin agyr we näpäk görýändir we beýle ýagdaýa düşmekden, beýle durmuşda ýaşamakdan gora diýip Allaha sygynýandyr.
Ynsany ruhy taýdan göýdükleşdirýän zat günä işe baş goşmazdan öň, umytzylyga düşmegi, “Menden adam bolmaz” diýip, öz-özüni ynandyrmagydyr. Mundan has erbet göýdüklik bolup bilmez. Rebbimiz, näderjede günäkär hem bolsa, ynsanyň umydyny ýitirmezligini isleýär we şeýle sowal bilen ýüzlenýär:
- Siziň günäňiz köpmi ýa-da meniň rehmetim?
Ýeri, haýsy biri has köp?