Otly köýnek

Kyssalar>>Otly köýnek

Ynsanda jogapkärçilik duýgusy azaldygyça, has uly wezipelere, kürsülere bolan islegi artýar. Hatda birnäçeleri bu maksadyna ýetmek üçin her dürli ýola ýüz urmakdan hem çekinmeýär. Bu zeýilliler diňe şol wezipe we kürsiniň arkasyndan gazanjak mümkinçilikleri we pursatlary barada pikir edýär. Wezipedir-kürsiniň gerdenine ýüklejek jogapkärçiligi we borçlary barada bolsa, oýlanýan ýok!
Adatça, wezipe ulaldygyça, borç hem artýar. Uly wezipäniň amatly mümkinçilikleri bilen bir hatarda, onuň eýesiniň öňünde goýýan jogapkärçiligi barada-da pikir etmeli. Bu düşünjä, bu pikire eýe adamyň gijeleri ukusyz, gündizleri hysyrdyly geçýändir. Çünki ol özüniň jemgyýetiň öňündäki borçlaryna çynlakaý garaýandyr.
Size bu mowzukda bir hadysany gürrüň bereýin. Özüne ynanylan wezipeden hyýanatçylykly peýdalanan adamlaryň gabyradky ýagdaýyny bildirýän bu wakada bu gün hem sapak alarlyk zat bar bolsa gerek.
Köplenç Resulallah bilen bile bolan Ebu Rafi özüniň şaýat bolan bir wakasyny gürrüň berýär:
— Pygamberimiz Muhammet aleýhisselam ikindi namazyny kylandan soň, Abdul-Eşhel ogullarynyňka gidip, agşama deňiç ol ýerde söhbet ederdi. Ýene bir gün, ol ýerden, agşam namazyna ýetişmek üçin, tiz-tiz ýöräp gelýärdi. Baky gonamçylygynyň ýanyndan geçip barýarka Resul-y Ekrem iki gezek:
- Haýp saňa! Haýp saňa! – diýip ýüzlendi.
Men muňa gynandym. Kalbyma gussa aralaşyp, yza galdym. Şonda Resul-y Ekrem Hezretleri:
- Saňa näme bolýar, ýöre ahyry - diýip, meni gyssady.
Men ýagdaýy aýdyňlaşdyrmak üçin:
- Ýa Resulallah, men ýaman bir iş etdimmi? - diýip soradym. Resulallah:
- Näme üçin soradyň? - diýip, sowal bilen ýüzlendi. Men hem:
- “Haýp saňa, haýp saňa!” diýdiňiz-ä – diýdim. Resulallah beýle diýmeginiň asyl sebäbini şeýle düşündirdi:
- Men olary saňa aýtmadym. Şu mazardaky adama aýtdym. Ony men pylan taýpa zekat ýygnamaga iberipdim. Ol-da öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanypdyr, ýygnan donlarynyň arasyndan birini özüne alypdyr, ogur­lapdyr: Bu ýerde bolsa şol don oňa otly köýnek, ataş­dan lybas edilip geýdirilipdir. Şoňa gynandym, şoňa ýüzlendim.
Wezipeden peýdalanyp bir dony ogurlamagyň netijesi şeýle bolsa, düýäni örküji bilen ýuwudýanlaryň, olary görmedik bolýanlaryň haly niçik bolar? Bu barada oýlandyňyzmy?