Allahyň ýaranlaryndan Süfýany Sewri o dünýä imansyz gitmekden şeýle bir gorkýar eken welin, hatda özüniň terjimehal ýazgylarynda şol sebäpden ýaşka saçynyň, sakgalynyň agarandygy, biliniň bükülendigi ýazylýar.
Yslamyýetiň beýik şahsyýetleri çagaka-da özgelerden görnetin tapawutly bolupdyrlar. Hatda olaryň käbiri ene garnynda mahalam,nesihat etmäge başlapdyr.
Bu bölümde Süfýany Sewriniň ejesiniň edýän işleriniň dogrudygyny ýa-da ýalňyşdygynybilmek üçin bäbejiginiň hereketlerine syn edendigi hakynda gürrüň ediler.
Waka şeýleräk bolup geçýär:Ejesi Süfýany Sewrä hamyla wagty, bir gün zerur zadyny almak üçin ammara barýar. Ol ýerdäki duza ýatyrylyp, gaplanyp goýlan önümlerden bir bölejiginialýar-da, agzyna atýar.
Duzlanan önüm agzyna salyp-salmanka, göwresindäki bäbejik, hamala bir zatlar duýdurýan ýaly «topalaň turuzmaga» başlaýar. Mundan öňem şeýle wakalary başdan geçiren ejesi: «Ýene ýalňyş hereket edäýdim öýdýän» diýip, töweregine garanjaklaýar. Az salymdan hälki içi duzlanan önümden doly gaplaryň ýeriniň üýtgändigine göz ýetirýär. Goňşusyndan razylyk almasa, göwresindäki çaganyň dek durmajakdygyny bilensoň, olara barýar. Goňşusy razylyk bereninden soň, «topalaň turuzýan» çaga-da, ejesine duýduryş bermegi goýbolsun edýär. Ene uludan dem alýar.
Hawa, çagalak döwri şeýle geçen ynsanyň kämillik döwrüni häzirki akylymyz bilen kesgitlemek kyndyr. Allah (jelle jelaluh) söýen bendelerine ýokardaky ýaly keramatlary peşgeş bermek berýär. Şeýlelikde, Allahyň söýen şol bendeleriadamlara nusga şahsyýet bolup çykyş edýärler.
Allah dostlarynda käbir keramatlar bolýar. Beýlekeramatlara Allahyň beren peşgeşi hökmünde seredilmelidir. Biz bärde, Süfýany Sewriniň keramatly ynsan bolandygyny onuň ene garnynda mahaly ejesini duýdurmagy bilen baglanyşdyrmakçy däl. Onsuzam, ähli taryhy çeşmelerde onuň beýikligi, Yslamyň esasy bilimlerinden oňat baş çykarandygy we Yslamyň ýörelgelerini durmuşa geçirendigi hakyndaky maglumatlaraduş gelinýär. Biziň bärde aýtmak isleýän zadymyz – Allahyň isleýşi ýaly ýaşaýan adamlara Allahyň gymmatly peşgeşler berip, hemaýat edýändigidir.