...Haly, keçe ýaly sykmak mümkin bolmadyk zatlar hapalananda, üç gezek ýa-da pisligiň yzy ýitýänçä, bol suw bilen ýuwmaly...

Ylmyhal>>Pislikleri tämizlemegiň ýollary

Pislikleri tämizlemegiň ýollary

Şerigatyň görkezmesine görä, hapalanan zatlary tämizlemegiň dürli ýollary bardyr.

1. Suw bilen ýuwmak arkaly tämizlik

Suw – pislik tämizlemek, taharet we gusul almak üçin asyl tämizleýjidir. Suwuň tämizleýji bolmagy üçin onuň özüne mahsus reňki, tagamy ýa-da ysy üýtgän bolmaly däldir.

Bedene ýa eşige degip gatan nejasetleriň degen ýerinden yzy ýitýänçä ýuwulmalydyr. Gan ýaly yzy kyn aýrylýan hapalar suwy durlanýança ýuwulýar. Eger arassalyk işi ýörite legende edilýän bolsa, her gezek suw çalşylanda, gap arassa suw bilen çaýkalmalydyr.

Eger-de hapa peşew ýaly suwuklyk görnüşinde bolsa, eşigiň hapa degen ýerini üç gezek ýuwmaly we her gezeginde-de ony gowy sykmalydyr.

Haly, keçe ýaly sykmak mümkin bolmadyk zatlar hapalananda, üç gezek ýa-da pisligiň yzy ýitýänçä, bol suw bilen ýuwmaly.

2. Suwda gaýnatmak arkaly tämizlemek

Içine hapa gaçan süýt, bal, mürepbe, toşap ýaly zatlar üç gezek aýry-aýry arassa suw bilen gaýnatmak arkaly tämizlenýär.

Garyn ýuwulmanka gaýnap duran suwa atylsa, hapalygyna galýar, tämizlenmeýär.

Şer’i usula görä, damagy çalnan towuk we ş.m. guşlar içgoşy çykarylmanka, ýeleklerini aýyrmak üçin gyzgyn suwa atylsa, onuň eti hapalanýar. Sebäbi onuň içindäki pislikler ete ornaýar. Şonuň üçin olar içgoşy çykarylansoň, gyzgyn suwa atylýar ýa-da ýyly suwa salynýar. (Ylym suwuň gyzgynlygynyň 55 gradusdan geçmeli däldigini aýdýar).

3. Oda tutmak arkaly tämizlemek

Hapa palçykdan ýasalan küýze, gap-gaç ýaly zatlar otda bişirilenden soň, tämizlenen saýylýar. Çiş, pyçak ýaly zatlar hem gana bulaşyp hapalanan ýagdaýynda, oda tutulsa tämizlenýär.

4. Süpürmek arkaly tämizlemek

Pyçak, aýna, ýylmanak tagta, mermer, stol, mejime ýaly zatlara öl ýada guran hapa degse, öl esgi ýa-da toprak bilen süpürilip arassalanýar.

5. Gazamak we owkalamak arkaly tämizlemek

Eşige degen meni – tohum guran bolsa, owkalamak arkaly tämizlemek bolar. Owkalanandan soň bu eşik bilen namaz okamak mümkin. Eger-de meni öl halda bolsa, onda eşigi hökman ýuwmaly. Meni degen ten diňe ýuwmak bilen arassalanýar.

Eger-de üstüne nejaset we meni degen biri munuň haçan degendigini anyk bilmese, nejasetde – taharetiniň iň soňky gezek bozulan, menide bolsa: iň soňky uklap-turan wagtyndan başlap ähli namazlaryny täzeden okamalydyr.

Doňan ýaga bir hapa düşse, diňe hapanyň degen ýerini kesip aýyrmak bilen tämizlenýär.

Aýakgap, mesi ýaly zatlara göze görünýän bir hapa degip gurasa, bu hapa gazamak arkaly tämizlenýär. Nejaset öl bolsa, onda ýuwmalydyr. Arassa esgi bilen süpürilse hem bolar.

6. Guramak we hapanyň yzynyň ýitmegi bilen tämizlenmek

Toprak, ot, ösümlikler we ş.m.ler hapalananda şol hapa guran mahaly tämizlenýär. Munuň ýaly ýerde namaz okamak bolar. Ýöne teýemmüm edilmez. Çünki beýle ýeriň özi tahyr – tämiz bolsa-da, mutahhyr – tämizleýji däldir.

Hapalanan toprak nejaset ýitip gidýänçä üstünden suw akdyrmak ýa-da üstüne arassa topragy doly düşemek bilen hem tämizlenýär.

7. Halyny üýtgetmek arkaly tämizlenmek (istihale)

Bir hapa zat halyny üýtgetse hem tämizlenýär. Mysal üçin, şerabyň içine atylan himiki madda sebäpli ol sirkä öwrülse, tämiz bolar.

Hapalanan zeýtun ýagyndan sabyn edilse tämizlener. Emma hapa süýtden peýnir ýa-da gatyk etmek, hapa bugdaýy üwäp, unundan çörek bişirmek, hapa künjüden ýag almak bilen tämizlenmez. Çünki bularyň esasy özeninde üýtgeşiklik bolmaýar.