Hadysy Şerif (Tirmizi)

«Allah tämizdir, tämizligi söýer»

Ylmyhal>>Şerigata görä tämiz saýylýan zatlar

Şerigata görä tämiz saýylýan zatlar

Yslamda kabul edilişine görä, tutuş ýer ýüzi, magdanlar, suw, ot-ösümlik, gül, miwe we doňuzdan başga ähli haýwanlaryň hamy ýeňil ýa-da agyr nejaset saýylan bir hapa degmedik bolsa tämiz saýylýar.

Doňzuň hamy, gyllary hem eti ýaly haramdyr. Eşige ýa-da teniňe degse, ol hapa saýylýar. Usulyna laýyklykda damagy çalynan haýwanlaryň derisi, bagyr, öýken, ýürek, dalak gany, damar we etiň içinde gatap galan gany tämiz saýylýar.

Eti iýilýän haýwanlaryň siýdigi we tezegi ýeňil nejaset saýylsa-da, sülekeýleri arassadyr.

Haram ölen guşlaryň we haýwanlaryň eti myrdar saýylsa-da, şah, toýnak, ýelek ýaly içine gan girmedik agzalary, ulanmak üçin eýlenen derileri tämizdir.

Balyk we suwda ýaşaýan beýleki jandarlar tämizdir. Bularyň gany-da tämizdir. Ýöne Hanefi mezhebine görä, suwda ýaşaýan haýwanlaryň balykdan başgasynyň etini iýmek jaýyz däldir.

Bit, büre, tagtabiti ýaly mör-möjekleriň gany hem hapa saýylmaýar.

Janly-jandarlaryň gözýaşynyň, deriniň, tüýküliginiň, sümüginiň pisligi ýa-da tämizligi olaryň agzyndan artan zada berlen höküme görä üýtgeýär. Gatyr we eşegiň sülekeýi şübheli, ýyrtyjy guşlaryň sülekeýi mekruh, doňuz, it we ýyrtyjy haýwanlaryň sülekeýi we agzyndan galan zatlar hapadyr. Ynsanyň sülekeýi arassadyr, emma içgili bolsa, agzyny arassalaýança, onuň agzyndan galan tagam we sülekeýi hapa saýylýar.

Pişigiň siýdiginiň degen suwy hapadyr. Emma mundan goranmagyň kyndygy sebäpli, eşige degse, o-da bilinmese, hapa görülmändir.

Iňňäň ujy ýaly ululykdaky peşew syçrantgysy eşige ýa-da bedene degse hapa saýylmaz. Şeýle egin-eşik bilen namaz okamak bolar. Çünki köplenç mundan goranmak mümkin däldir. Ýöne suwa syçrasa hapalar. Çünki suwy beýle syçrantgylardan goramak bolýar.

Ýollarda eşigiňe syçraýan palçykdan goranmak kyn bolany üçin, ol tämiz saýylypdyr. Bu anyk nejaset bolmasa, namaza zeleli ýokdur.

Hajathanadan, agyldan, hammamdan göterilen bugdan dörän suw damjalary tämiz saýylar.

Nejaset degen bir zady üç gezek ýuwup sykanyňda çykan suw hem tämiz däldir. Mundan soň eşik hem, sykylan suw hem arassadyr.

Bellik: Şerigata görä: nejis saýylan müşrikleriň, ähli kitap bolan jöhitleriň, hristianlaryň gaplaryndan nahar iýmek, suw içmek jaýyz görülýär, emma ol gaplarda yslamyň haram eden zatlary bolan bolmaly däldir. Nejaset degendigi anyk belli bolan gaplardan iýip-içmek jaýyz däldir.

Altyn we kümüş gaplarda nahar iýmek, suw içmek ýa-da taharet kylmak jaýyz däldir. Ýöne altyn we kümüş çaýylan gaplarda nahar iýmek bolar. Aýal-gyzlar altyn-kümşi şaý-sep hökmünde dakynyp biler. Erkek kişilere bolsa diňe kümüş ýüzük dakynmaga rugsat berilýär.