Bakara süresi, 222-nji aýat

«Şübhesiz, Allah köp toba edenleri we tämizlenenleri söýer»

Ylmyhal>>Suw bilen baglanyşykly hökümler

Suw bilen baglanyşykly hökümler

Suw – hapa tämizlemek, taharet we gusul almak üçin asyl tämizleýjidir. Suwuň tämizleýji bolmagy üçin onuň özüne mahsus reňki, tagamy ýa-da ysy üýtgemeli däldir.

Suwuň görnüşleri

Suw, esasan, iki bölege bölünýär: mutlak we mukaýýet suw.

Mutlak suw
Ýagmyr, deňiz, derýa, köl, çeşme suwuna – mutlak (arassa) suw diýilýär. Taharet, gusul alnanda we ähli tämizlikde şeýle suw ulanylýar.

Mukaýýet suw
Ösümlik, gül, miwe suwy, içinde nohut, mäş, noýba ýaly ösümlikler ýatyrylan suwa – mukaýýet (garyndyly) suw diýilýär. Bular bilen hapa tämizlenip bilner, emma taharet we gusul alynmaýar.

Mutlak suwuň görnüşleri
Mutlak suwuň tahyr we mutahhyr – tämiz we tämizleýji bolup bolmazlygy taýyndan bäş görnüşi bardyr.
1. Tämiz we tämizleýji hökmünde ulanylmagy mekruh däl suw. Bu – üç sypaty (reňki, tagamy, ysy) bozulmadyk suwdur. Şeýle suwy iýmek-içmekde, taharet-gusulda we her hili tämizlikde ulanmak bolýar.
2. Tämiz we tämizleýji hökmünde ulanylmagy mekruh suw.
Bu pişik-syçan ýaly haýwanlaryň agzy degen suwdur. Muny başga suw bolmadyk ýagdaýynda ulanyp bolar.
3. Tämiz bolsa-da, tämizleýji bolup bilmeýän suw. Bu taharet we gusul alnanda ulanylan suwdur. Muňa mustagmel (ulanylan) suw diýilýär. Munuň bilen hapa ýuwlup bilner.
4. Tämizleýji däl suw.
Içine nejaset gaçany anyk belli bolan, «kiçi suw» diýip atlandyrylýan az mukdardaky suwdur. Beýle suw hiç zada ýaramly däldir.
5. Şübheli suw.
Bu eşek we gatyrdan artan suwdur. Beýle suwy tämiz bolsa-da taharet we gusulda ulanmak şübhelidir.
Mutlak suw – içine gaçan nejasete görä, hapalanyp-hapalanmazlygy taýyndan ikä bölünýär.

I. Akmaýan suw.
Bu suw hem mukdar taýyndan «az», «uly» diýlip ikä bölünýär.
a) Az suw – 50 kwadrat metrden az meýdany tutýan ýata suw ýa-da howuz suwudyr. Bu suwuň içine nejaset gaçsa, üç sypatyndan biri üýtgemese-de, şobada hapalanýar. Mysal üçin, şeýle suwuň hapalanmagyna bir damja ganyň dammagy ýeterlikdir.

b) Uly suw – 50 kwadrat metrden giň meýdany tutýan ýata suw ýa-da howuz suwudyr. Bu suw hapalanmak taýyndan akar suw bilen deň höküme tabyndyr. Ýagny, içine nejaset gaçanda üç sypatyndan biri üýtgemese, beýle suw arassa saýylýar. Bu suwuň çuňlugy azyndan bir garyş ýa-da 24 barmak bolmalydyr. Ýagny, goşawujyňy dolduranyňda suw bulanmaly däldir.

II. Akar suw.
Bir saman çöpüni akdyryp bilýän suwa akar suw diýilýär. Içine nejaset gaçanda, üç sypatyndan biri bozulmasa hapalanmaýar.

Guýy suwuna degişli hökümler

Bir guýynyň suwy näçe köp bolsa bolsun, meýdany elli kwadrat metre ýetmese, Kiçi suw hasaplanýar. Beýle guýynyň içine nejaset düşse, suwy hapalanýar. Guýynyň suwuny tämizlemek içine düşen hapa görä, üç görnüşde bolýar.
1. Suwy doly sogdurylýar.
2. Kyrk gowa suw çekilýär.
3. Ýigrimi gowa suw çekilýär.

Bir gowanyň sygymy ortaça bäş litr bolmalydyr.

Guýy suwy şu ýagdaýlarda doly sogdurylýar:
a) Gan, şerap ýa-da peşew ýaly suwuk nejasetiň bir damjasy suwa damsa;
b) Towuk, ördek, gaz ýaly öý guşlarynyň, pişik we it ýaly eti iýilmeýän haýwanlaryň tezegi we ynsanyň täreti gaçsa;
ç) Ynsan ýa-da goýun, geçi ýaly haýwanlar gaçyp ölse;
d) Syçan, serçe ýaly kiçi jandarlar gaçyp, ölenden soň, çişip dargasa we ýelekleri döküljek hala ýetse;
e) Doňuz gaçyp, ölmänkä çykarylanda-da guýynyň suwy doly sogdurylmalydyr

Eger guýynyň düýbünden mydam suw gaýnap çykyp duran bolsa, onuň suwuny şol sebäpden sogdurmak mümkin bolmasa, onda iki ýüz gowa suw çekip çykarylmalydyr. Beýle guýudan üç ýüz gowa suw çykarmak mustahapdyr. Şeýle hem, guýynyň ululygyny, suw möçberini bilýän adamyň maslahatyna görä, şonça gowa suw çykarylmalydyr. Eger şübheli bolunsa, guýynyň suwy ýörite motor arkaly boşadylyp bilner.

Towuk, pişik, gögerçin ýa-da şu ululykda bir haýwan gaçyp ölse, heniz çişmänkä çykarylsa, guýudan kyrk gowa suw çykarylýar. Elli-altmyş gowa suw çykarmak mustahapdyr.

Serçe, syçan, as we şu ululykda haýwan gaçyp ölse ýa-da maslygy gaçsa, heniz çişip dargamanka çykarylan ýagdaýynda ýigrimi gowa suw çykarylýar. Otuz gowa suw çykarmak mustahapdyr.

Düýe, goýun, sygyr, at we eşek ýaly haýwanlaryň dersleri guýynyň suwuny hapalamaýar. Ýöne gowa salnanda her gezeginde çykyp dursa, onda guýynyň suwy sogdurylmalydyr.

Serçe we gögerçin ýaly eti iýilýän we iýilmeýän guşlaryň nejaseti guýy suwuna gaçan bolsa, suwuň reňkini üýtgetmedik ýagdaýynda ol hapa hasap edilmeýär.

Gurbaga, balyk, lenneç, çekirtge ýaly gany sarkyp akmaýan jandarlaryň maslygynyň guýudan çykmagy suwuň reňkini üýtgetmedik bolsa, hapa hasap edilmeýär.

Guýa gaçyp ölen, emma haçan gaçany bilinmeýän bir haýwan çişip dargamadyk bolsa, bir gün öň gaçan hasap edilip, guýynyň suwy 24 sagat öň hapalanan saýylýar. Eger-de çişip dargan bolsa, üç gün öň gaçan hasaplanylyp, guýynyň üç günden bärki suwy hapa saýylýar. Şonuň üçin şol günleriň dowamynda alnan taharet we gusul sahyh däldir. Birinji ýagdaýda bir günlük, ikinji ýagdaýda üç günlük namazlar kaza edilmeli. Nejaset degip, şol suwa ýuwlan eşikler täzeden ýuwulýar. Bu höküm Ymam Agzama görädir.
Ymam Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, guýudan tapylan haýwanyň haçan gaçandygy belli bolmasa, görlen wagtyndan başlap guýy hapa saýylýar. Ondan öň okalan namazlar kaza edilmeýär, ýuwlan eşikler täzeden ýuwulmaýar.

Nejasetiň üç sypatyndan biri, ýagny, reňki, ysy, tagamy guýynyň suwuna geçmejek aralykda hajathana bar bolsa, şol guýynyň suwy hapa saýylmaýar. Eger hapanyň üç sypatyndan biri suwa geçse, guýy bilen hajathananyň arasy daş hem bolsa, suw hapa saýylýar.