Hamala Allah Tagala ynsana şeýle diýýär:
«Men iradäňi nähili, haýsy ugurda ulanjakdygyňy bilýärin. Şonuň üçin takdyryňy şoňa görä ýazýaryn»

Ylmyhal>>Kadere we kaza – ýazgyda iman

Kadere we kaza – ýazgyda iman

Kaderiň barlygynyň delilleri Kader ylmyň bir görnüşidir Kader ynanjynyň hikmetleri Kaza we kaderiň mertebeleri Kaza we kader bilen baglanyşykly meseleler

Biz şu tema girişmezden owal, degişli adalgalary düşündirip geçmegi makul bildik.

Kader – ezelden ebede çenli aralykda bolup geçjek her bir zadyň wagtyny, ýerini, nähili hem neneňsi görnüşde bolup geçjekdigini, entek ol waka bolmanka, Allah Tagalanyň ony öňünden bilmegi, taýyn we takdyr etmegidir.

Kaza – Allah Tagalanyň kaderde bellän zadyny wagty gelende, iradesi bilen ýaratmagydyr.

Irade – Allah Tagalanyň haýsy-da bolsa bir işiň bolup geçmegini islemegidir. Kuranda irade – meşi’et sözi bilen hem aňladylýar.

Jüz’i irade – ynsana berlen saýlamak hukugydyr. Allah (j.j.) ynsany bu meselede erkin ýaradypdyr. Jüz’i iradä jüz’i ygtyýar hem diýilýär.

Lewhi Mahfuz – ilahi kaderiň depderi bolup, älemde bolup geçen, geçjek ähli zatlaryň ýazylan ýeridir. Lewhi Mahfuza Ymamy Mübin we Ümmül Kitap hem diýilýär.

Lewhi Mahw we Isbat – Bu hem Allahyň kitaplarynyň biridir. Emma Lewhi Mahfuz ýaly üýtgemeýän däl-de, Allahyň kanunlaryna görä üýtgeýän kitapdyr.

Ata – Allah Tagalanyň gullaryna lutfy, keremidir. Bu söz arapçada bagyş etmek manysyny berýär.

Netijede, Allahyň bir zady bilmegine we şol şekilde bolmagyny islemegine – kader, bar bolmagyny islän bir zadyny takdyr edişi ýaly ýaratmagyna-da – kaza diýilýär. Başgaça aýdylsa, kader – Allah Tagalanyň ylmy, takdyry we islemegi diýmekdir. Kaza bolsa, Allah Tagalanyň bu ylmyny we takdyryny isleýşi ýaly höküm edip ýaratmagy diýmekdir.

Imanyň şertlerinden biri hem kadere imandyr. Ynsan Allaha, meleklere, kitaplara, pygamberlere we öleňden soň dirilmege nähili ynanýan bolsa, kadere hem ynanmalydyr.

Kaza we kadere iman – Allah Tagalanyň ylym, irade, gudrat, hikmet we tekwin sypatlaryna şübhesiz ynanmakdyr. Allah Tagalanyň bu sypatlary her bir zatda tejelli edýänligi üçin kaza we kadere iman – iman esaslaryndan saýylypdyr. Kadere ynanmak – Allah Tagalanyň hut özüne iman etmekdir.

Ynsan we ynsanyň iradesi hasaba alynmasa, kader hem manysyny ýitirýär. Çünki ynsandan we jyndan gaýry ähli barlyk öz erki bilen däl-de, Allah Tagalanyň jebri iradesi bilen hereket edýär. Mysal üçin, ary Allahyň emri bilen diňe bal ýygnamak işine meşgul.

Kaderiň barlygynyň delilleri

a) Kaderiň barlygyna Kurandan deliller
«Gaýybyň açarlary Onuň ýanyndadyr. Olary diňe Ol biler. Gury ýerde we deňizde bolýan her bir zady, gaçan ýapragy, ýeriň teýindäki dänäni hem Ol biler. Öl-gury näme bar bolsa, hemmesi «Kitaby Mübindedir», (En’am, 59).
«Eý, Muhammet! Olara şeýle diý, Allahyň isläninden başga men özüme hiç bir zyýan hem, peýda berip bilmerin. Her ymmat üçin bir möhlet bardyr. Möhlet gutaranda – bir pursat hem gijikdirilmez, öňe-de süýşürilmez», (Ýunus, 49).
«Şübhesiz, ölüleri dirilden, eden işlerini we eserlerini ýazan Bizdiris. Her bir zady Kitaby Mübinde sanap geçendiris», (Ýasin, 12).
«(Eý, şany beýik nebi!), dogrusy, saňa wahý edilen bu Kitap – Lewhi Mahfuzda ýazylan şanly Kurandyr», (Buruç, 21-22).

b) Kaderiň barlygyna hadyslardan deliller
Abdullah b. Amr b. As şeýle gürrüň berýär:
«Pygamberimiz: «Allah Gökleri we Ýeri ýaratmazyndan elli müň ýyl ozal mahlukatyň kaderini taýynlap kesgitläpdir... » diýdi», (Müslim).

Ubade b. Samit soňky deminde çagalaryny ýygnap şeýle gürrüň berýär:
«Perzendim, başyňa geljek zatlaryň owal taýynlanyp goýlandygyny we soňra üýtgemän durmuşyňda bolup geçýändigini ykrar etmeseň, imanyň tagamyny duýmarsyň. Men Resuly Ekremden şeýle eşitdim: «Allahyň ilki ýaradany galamdyr. Allah galamy ýaradanda oňa «Ýaz!» diýip emr etdi. Galam: «Eý, Rabbim, nämäni ýazaýyn?» diýdi. Allah Tagala: «Kyýamata çenli boljak her bir zadyň kaderini ýaz» diýdi. Soňra Allahyň Resuly sözlerini şeýle dowam etdi: «Kim munuň tersine iman edip ölse, menden däldir, ýagny, onuň meniň ymmatym we yslam bilen baglanyşygy ýokdur», (Ebu Dawud).

Abdullah b. Abbas bir hadysy şeýle gürrüň berýär. Bir gün Abdullah b. Abbas Pygamberimiz bilen ulaga artlaşyp barýan eken. Pygamberimiz: «Eý, ýigit, saňa bir zady öwredeýin. Allahyň emr we nehiýlerine ünsli bol, Allah hem seni gorasyn. Allahyň hakyna boýun bolsaň, Ol hemişe seniň bilendir. Islegiňi diňe Allahdan dile. Ýardam isläňde, diňe Ondan isle. Şuny berk bil, tutuş adamzat jemlenip saňa ýardam etjek bolsa, Allahyň seniň üçin ýazanyndan başga hiç hili ýardam edip bilmez. Ýene tutuş adamzat saňa zyýan bermek üçin bir ýere ýygnansa, Allahyň seniň zyýanyňa ýazanyndan başga zelel ýetirip bilmez. Çünki, galam goýlup, sahypalar bir eýýäm gurandyr», diýip öwüt beripdir, (Tirmizi, Ahmet b. Hanbel, ).

Hezreti Aly şeýle gürrüň berýär:
«Allahyň Resuly bir sahabany jaýlandan soň, Bakygy Gargat gonamçylygynda gussaly durdy. Elindäki hasasy bilen töweregini çyzyşdyryp, şeýle diýdi: «Allah tarapyndan ahyretiňiz jennet ýa-da jähennem diýip bellenmedik bir kişi hem araňyzda ýokdur». Sahaba bu sözi eşidende geň galyp:
– Eý, Resulallah, onda biziň amal etmegimiz nämä derkar? – diýip sorady.
Pygamberimiz muňa şeýle jogap berdi:
– Amal ediň, her kes üçin näme ýaradylan bolsa, oňa şol tarapa ýeňillik dörediler. Ýagny, kim sagadat ählinden bolsa, şol tarapa ýöneler we kim şekawet (azaşan) ählinden bolsa, ýoly şoňa tarapdyr. Soňra şu aýatlary okady:
«Kim (baryny) Allahyň ýoluna harçlap, Allahdan gorksa we iň ajaýyp sözi (Lä ilähe illallah) tassyklasa, Biz onuň ýoluny ýeňilleşdireris. Emma, kimde-kim bahyllyk edip, baryny Allah ýoluna harçlamasa, ol ajaýyp söze (towhyda) ýalan diýse, Biz ony çetin ýola salarys», (Leýl, 5-10), (Buhary, Müslim).

c) Tekwini deliller
Älemi ýaradan Allah Tagala tohumyň gögermeginden, ynsanyň dogulmagyndan – ýyldyz we galaktikalaryň döremegine çenli her bir zada kader, ýagny, bir plan kesgitläp takdyr edipdir. Hikmet nazary bilen seredilende, gönüden-göni ýa-da ýüzlerçe syrly perdeleriň aňyrsyndan her bir hadysa kaderiň barlygyny görkezýär. Hatda marksistler hem älemdäki umumy düzgünlere «determinizm» ýaly dürli at berip, hökman bir planyň we kaderiň bardygyny kabul edýär. Biz – Ähli Sünnet wel-Jemagat – älemde determinizmiň däl-de, ynsanyň erk-iradesini hem öz içine alýan her bir zatda umumy kaderiň häkimdigine ynanýarys. Mysal üçin, bir jaý salynjak bolsa, ilki bilen onuň plany we proýekti çyzylýar. Onda ynsanyň akylyny haýran edýän älemdäki nyzamlar, olaryň ynsan bilen, hem-de özara gatnaşyklary plansyz we programmasyz bolup bilermi?

Tohum kader ýükli sandyjakdyr. Geljekde başyndan geçirjek durmuşynyň ähli etaby onuň özünde ýazylandyr. Her bir tohum kaderiň özüne taýynlap goýan ölçegine görä, barlyk äleminde şekil alyp başlaýar. Olaryň käbiri ösümlik bolsa, käbiri janly-jandar bolýar. Älemdäki ähli zadyň şekili we galyby, elbetde, ylym, irade we gudrat eýesi Allah Tagala tarapyndan takdyr edilendir.

Hromosomlaryň dili bolan RNK-nyň we DNK-nyň asla, bulaşdyrman öz wezipesini berjaý etmegi we garaşylan netijäniň hasyl bolmagy, elbetde, hemme zady gurşan kaderi we kazany görkezýär.

Astrofizikleriň pikirine görä, älemiň her bir nokadynda nähili görnüşiň we magnit meýdanlarynyň bardygy takmynan hasaplanylypdyr. Kompýuteriň üsti bilen atomdan galaktikalara çenli älemde ýaradylan her bir barlygyň ýaradylmazyndan öň programmalanandygy anyklanypdyr. Bu Lewhi Mahfuzy subut edýän anyk delillerdir.

Düýşler hem kaderiň barlygynyň delilidir. Ruh babynda az-kem düşündirip geçişimiz ýaly, geljekde bolup geçjek käbir hadysalaryň düýşde görülmegi, wagty gelende şol hadysanyň bolup geçmegi öňünden takdyr edilendigini subut edýär. Şeýle hem, Kuranyň, pygamberleriň we welileriň geljege degişli beren habarlarynyň wagty gelende bolup geçmegi hem kaderiň bardygynyň delilidir. Çünki, kaderde belli edilmedik, ýazylmadyk, bir zady öňünden bilmek, duýmak, habar bermek mümkin däldir.

Netijede, her bir zat Lewhi Mahfuzda, ýagny, Baş Kitap bolan Ymamy Mübinde ýazylandyr.
Kader wyždana degişli meseledir
Allah Tagalanyň barlygyny, Pygamberimiziň pygamberligini dürli ylmy delil bilen subut etmek mümkindir. Öleniňden soň dirilmek meselesini hem ylmy delil bilen subut edip bolar. Ýöne kaderi subut etmek mümkin däldir. Ol wyždana degişli meseledir.
Ynsan imanynyň derejesine görä, kadere ynanýar, öz-özüniň ukybyna görä, ony kabul edýär we düşünýär.

Kader ylmyň bir görnüşidir

Bir zady bilmek şol zady döretmek diýmek däldir. Meselem, kelläňizde müň dürli binanyň planyny çyzyp, müň dürli zawod-fabrigiň taslamasyny taýýarlap bilersiňiz. Emma bularyň taslamasynyň bolmagy onuň eýýäm gurlandygyny aňlatmaýar. Gurulmagy üçin irade (karar) we gudrat (zähmet we serişde) gerekdir. Bu mysalda görnüşi ýaly, kader ylmyň bir görnüşidir. Ylym – hemişe magluma tabyndyr. Maglum ylma tabyn däldir. «Ylym» bir zadyň zehindäki şekilidir. Maglum bolsa, şol zadyň hereketi, ýagny, görülýän, eşidilýän we duýulýan maglumyň şekilidir. Meselem, almanyň zehinimizdäki şekili – ylym, emma özi maglumdyr. Ýagny, alma hakykatda nähili bolsa biz ony şeýle göz öňüne getirýäris. Ýöne, almany biz nähili göz öňüne getirsek, alma şol şekile girmäge mejbur däldir.

Biziň näme etjekdigimizi, iradämizi nähili ulanjakdygymyzy Allah Tagala bilýär we takdyrymyzy hem şoňa görä edýär. Meselem, Günüň we Aýyň tutuljak wagtyny öňünden bilmek ylymdyr. Bu hadysanyň bilnişi ýaly bolup geçmegi bolsa maglumdyr. Ýagny, Günüň we Aýyň şol wagtlarda tutuljakdygy bilnip, ýazga geçirilýär, emma, ýazgymyz sebäpli tutulmaýar. Edil şunuň ýaly-da bir guluň haçan, nirede, nähili tagat ýa-da ysýan etjekdigini Hak Tagala ezeli ylmy bilen bilip kadere ýazypdyr. Ýogsa, gul tagaty ýa-da ysýany Allah Tagalanyň bilendigi ýa-da ýazandygy üçin etmeýär. Diýmek, gul tagaty ýa-da ysýany erk-iradesi bilen edýändigi üçin jogapkärdir. Allah Tagalanyň ezelde bilmegi we ony takdyr etmegi ynsan üçin zorluk däldir. Bu Onuň ylmynyň çäksizligini we kemalyny görkezýär.

Allah Tagalanyň ylmynda sebäp, netije, başlangyç we ahyr eriş-argaçdyr. Hemmesi bir nokatda jemlenendir. Şonuň üçin şol ýerde owal-ahyr, öň we soň diýilýän zat ýokdur. Ýagny, Allah Tagalanyň ylmy her bir zady hemmetaraplaýyn gurşandyr. Onuň herki ynsan üçin ýazan takdyry adamyň erki, ygtyýary hasaba alynmazdan edilen däldir.

Ynsanyň maňlaýyna ýazylan kader Lewhi Mahfuzdan göçürilip alnandyr.
«Biz her bir ynsanyň amalyny onuň boýnuna doladyk», (Isra, 13) aýaty hem bu hakykaty aňladýar.
Ynsanyň maňlaýynyň ýazgydy melekleriň ýazan amal depderi bilen deňeşdirilende deň geler. Soň Allah Tagala bu depderi ynsana okadar we hasabyny hem şol depdere görä çykarar.
Bu taýda şeýle bir sorag ýüze çykýar. Ynsanyň kaderini elindäki ýa-da ýüzündäki çyzyklaryň üsti bilen okap bolarmy?

Ruh meselesi bilen içgin meşgullanýan kişiler ruhuň şol bir wagtda ynsanyň taýydygyny aýdýarlar. Şeýle hem, ruhuň belli şekildäki funksiýalaryna aralaşylan wagty, ynsan takdyrynyň belli derejede okalyp bilinjekdigine ünsi çekýärler.

Kyýafet ylmy bilen meşgullanýanlar hem ynsanyň eliniň aýasyndaky, maňlaýyndaky çyzyklaryň ruhuň madda şöhlelenmesidigini belläp, şolar arkaly kişiniň başyndan geçjek käbir zatlary bilmegiň mümkindigini aýdýarlar. Hatda parasatly adamlar kişiniň daş keşbine seredende, onuň kaderine degişli käbir zatlary duýup bilýärler. Bu Kuranyň «Gaýyby diňe Allah biler» hökümine ters däldir.

Allahyň bedenimize ýerleşdiren yşarat we alamatlaryna seredip kaderi (ýazgydy) okamaga çalyşmak, sagadat asyrynda hem duş gelnen ylymdyr. Şol wagt muny edýäne «käif» diýlipdir.
Pygamberimiz bu ylma garşy çykmandyr. Hatda bir gezek özi hem käif getirdip, myş-myşlar ýaýran guly Zeýd b. Harise bilen onuň ogly Usame b. Zeýde seretdiripdir. Usame kakasy Zeýde görä akýagyz bolany üçin halk arasynda gybat edilýärdi. Bir gün Pygamberimiz käifi getirip olaryň ikisi hem ukudaka üstlerini ýapyp, açyk galan aýaklaryna seretdirdi. Käif olary tanamaýardy. Ol ýatanlaryň aýaklaryna seredip: «Bu aýaklar biri-biri bilen baglanyşykly» diýdi. Şeýlelikde, Pygamberimiz bilýän hakykatyny käifiň dili bilen subut edip, halka ýetirdi. Ol begenjine hezreti Aişäniň ýanyna baryp: «Eý, Aişe, Usame hem Zeýddendir» diýip buşlady, (Buhary).

Kader ynanjynyň hikmetleri

Kader meselesine akyl ýetiren we wyždanynda kadere degişli syrlary düwün çözen ýaly ýeke-ýeke çözen ynsan, Allahyň özüne bolan lutuf we yhsanlarynyň öňünde: «Men etdim, men gazandym, bildim, öwrendim, tapdym...» ýaly sözler bilen her bir zady öz erk-iradesine, güýç-kuwwatyna, akyl-paýhasyna berip bilmez. Eger köňlünde men-menlik edäýse, kader: «Sizi we edenleriňizi Allah ýaratdy» (Saffat, 96) aýaty bilen oňa hetdini tanadar. «Men-menlik satma, eden sen dälsiň» diýip, ynsany tekepbirlikden halas eder.

Wyždanynda kader hakykatyna akyl ýetiren adam: «Meni we edenlerimi ýaradýan Allahdyr. Ol islemese, men isläp bilmerin. Men kaderiň öňünde şemala galgaýan ýaprak ýalydyryn. Beýle bolsa: «Edýän işlerime meniň näme dahylym bar? Men näme üçin jogapkär we günäkär bolmalymyşym?» diýip, jebriýlik çukuryna düşüp biler. Şol wagt irade öňe çykyp, ynsana: «Sen meniň barlygym üçin jogapkärsiň. Iman we gullukda jogapkär bolşuň ýaly, her bir eden erbetligiň we günäleriň üçin hem jogapkärsiň» diýip, oňa jogapkärçiligini ýatladar. Şeýlelikde, ynsan deňagramlylygyny saklar.

Ynsan özüniň sebäp bolan ýagşy amallaryna eýe çykmaly däldir. Çünki, ähli gözellikler, ajaýyplyklar Allah Tagalanyň planydyr. Eger adam oňa eýe çykjak bolsa, gizlin şirke girer. Çünki, gözellikleri berýän gönüden-göni Allahdyr. Ynsanyň nebsi aldawçydyr. Onuň arzuw eden her bir zadyny ýagşylykdyr, gözellikdir diýip bolmaz. Elbetde, bu taýdaky ýagşylyk sözüne salýan manymyz Allahyň emr we gadaganlyklaryna boýun bolmakdyr. Nebis hakyky gözeliň we gözelligiň duşmany bolupdyr. Hemişe-de duşmany bolar. Çünki, nebsiň ozal-ebetde gurluşy şeýledir.

Erbetligi arzuw edýän nebisdir. Şonuň üçin her bir erbetlige nebis jogapkärdir.
«Saňa gelen her bir ýagşylyk Allahdandyr. Her bir erbetlik bolsa – nefsiňdendir», (Nisa, 79) aýaty bu iki hakykaty açyk görkezýär.

Allahyň saňa edýän ýagşylyklary senden pespälligi we şüküri talap edýär. Günäler barada aýdylanda bolsa, olaryň ýaradylmagynda seniň jüz’i ygtyýaryň ýönekeý bir şertdir. Şonuň üçin jogapkärçilik seniň nebsiňe degişlidir. Çünki, sen nämä meýl eden, näme etmegi oýlanan bolsaň, Allah Tagala hem şony ýaradypdyr. Bu ýerde esasy mähek daşy wyždandyr.

Diýmek, geçmişe we musybatlara kader, geljege we magsyýete (günälere) irade taýyndan garamalydyr. Şeýlelikde, hem ynsan geçmişinde başyna gelen bela we musybata: «Ýazgydym şeýle eken» diýip, razy bolar, umytsyzlyga düşmez hem-de geljegini kesgitlemek we takdyr etmek taýyndan jogapkärçilik duýgusynda ýaşar.

Geçmişine we musybata kader nazary bilen seretmeýän ynsanyň umydyny üzýän we ony heläk edýän hadysalaryň öňünde dyza çökmegi, halyndan hemişe şikaýat etmegi, hatda ahyr soňy günä we sefahet batgalygyna batmagynyň gutulgysyz bolşy ýaly, geljege irade taýyndan garamaýan ynsanyň erbetlik we günälerini kadere ýükläp düşen batgalygyna has-da beter batar. Ynsanyň «gahba pelek», «ýazgydyň oýny»... ýaly sözler bilen kaderden şikaýaty musybaty artdyrar, kalp we ruhy dünýäsini garaldar. Diýmek, bir tarapynda irade, beýleki tarapynda kader bolan terezini hemişe deňagramly saklap, durmuşymyzy şoňa görä düzgünleşdirmelidiris.

Kader bilen irade biri-birine gapma-garşy däldir
Ynsanyň iradesi bilen kaderiň arasynda gapma-garşylyk ýokdur. Ynsan iradesi bilen kader egin-egnedir. Ynsan gazanan sogaby bilen jennete, günäsi bilen jähenneme gitmegi hakykat bolsa, bularyň kader dilinde Allah tarapyndan tassyk edilmegi, iradäniň barlygynyň subut edilmegidir. Diýmek, ynsanda ony haýra, sogaba we jennete ugrukdyrýan, ýa-da, tersine erbetlige, günä we jähenneme itekleýän güýç bardyr. Şol güýç takdyryň esasy sebäbidir. Ol bolsa iradedir. Bu iradäniň barlygy Allahyň takdyryna päsgel bermez.

Ilahi takdyryň manysy şeýledir:
Hamala Allah Tagala ynsana şeýle diýýär:
«Men iradäňi nähili, haýsy ugurda ulanjakdygyňy bilýärin. Şonuň üçin takdyryňy şoňa görä ýazýaryn». Bu iradäniň barlygyny subut edýär.

Kaza we kaderiň mertebeleri

1. Ylmy Ilahi taýyndan kaza we kader.
Ylmy Ilahi taýyndan kaza we kader kyýamata çenli bolup geçjek ähli zatlaryň we hadysalaryň plan we programmalarynyň Allah tarapyndan kesgitlenmegi we bulara ylmy wujud (taslama) berilmegidir. Hadysda: «Älem ýaradylmazyndan öň Allah bardy, başga hiç zat ýokdy» diýilýär. Allah çäksiz ylmy bilen pany älemiň ýaradylmagyny kesgitledi.
Allah akyla, hyýala gelen her bir zadyň aňyrsynyň, aňyrsynyň aňyrsyndadyr. Ol hiç bir şekilde gullaryna meňzemeýär. Ýöne ylmy ilahi taýyndan kazany we kaderi düşündirmek üçin – hata bolmasyn – belki, şeýle mysal getirip bileris.
Ynsan etjek bir zadyny ilki zehininden geçirýär. Akylynda ölçäp biçýär. Soňra plan-proýektini taslaýar. Şeýlelikde, etap-etap ony hakykata ýakynlaşdyrýar. Bu şol kişiniň maddy älemde ýerine ýetirjek bir işiniň ylmy wujudydyr.

2. Kitabet taýyndan kaza we kader.
Ylmy planda kesgitlenen plan we proýektler Kitaby Mübinde ýazylypdyr. «Ol Lewhi Mahfuzda bolan şerefli Kurandyr», (Buruç,21-22). Kuranda muňa sähel tapawut bilen Ymamy Mübin (Ýasyn,12) we Kitaby Mübin (En’am 59) ýaly atlar berilýär. Başymyza geljek her bir zadyň öňünden bu Kitapda ýazylyp goýlandygy (Tewbe 51) we Kitapda ýazylmadyk hiç bir zadyň galmandygy düşündirilýär, (En’am,38). Bu esas kitapdyr we munda ýazylan zatlara üýtgetme girizilmeýär. Lewhi Mahfuz asyl kitapdyr. Bu kitap esas edilip ondan göçürmeler alnyp başga depderlere we kitaplara nusgalar geçirilýär.
Kitabet, istinsah (göçürme) we görnüşleri
Allahyň dürli döwre degişli aýratyn kitabeti bardyr. Baş kitapdan alnan nusgalaryň sahypalary, mazmuny göçürilip, kiçi depderlerde köpeldilýär. Mysal üçin, ilaty hasaba alýan edarada her öýüň asyl kitaby bolýar. Bu asyl kitapdan her bir ynsan üçin ýanynda götersin diýip kiçi nusga bolan şahadatnama ýazylýar. Edil şonuň ýaly, her bir ynsanyň ömrüniň dowamynda etjek her bir hereketi Baş kitapdan göçürilip, maňlaý ýazgydy hökmünde boýnuna oralýar.
Istinsah her bir ynsanyň ömrüniň dowamynda etjek amallarynyň Baş kitapdan melekler tarapyndan göçürilen nusgasydyr. Kuranda:
«Şübhesiz, biz edenleriňizi hasaba alýardyk», (Jasiýe,29), aýaty muny görkezýär.
Ynsanyň boýnuna oralan kitap bilen Kiramen Kätibin diýen melekleriniň ýazan kitabynyň arasynda tapawut ýokdur. Dünýä durmuşynda ynsan iradesi güýje girýär we onuň ähli hereketi, amaly bir kitap görnüşinde ýazga geçirilýär. Şeýlelikde, ynsanyň öňüne (ahyrete) göndereni-de, yzynda (bu dünýäde) galdyrany-da ýeke-eke ýazylar, (Ýasyn 12). Ynha, bu iki kitap biri-biri bilen deňeşdirilende aralarynda hiç hili tapawut bolmaz. Melekler: «Biziň ýazanlarymyz şular, eý, Rabbimiz» diýerler. Allah
Tagala bolsa: «Men hem şulary ýazypdym» diýip jogap berer. Edil remezanda karylaryň ýatdan okaýan Kuranyny yzarlaýanlaryň şol bir zady görşi ýalydyr. Allahyň Lewhi Mahfuzdan ýazan «Maňlaý ýazgydy» bilen melekleriň ynsanyň söz, hal we hereketlerini ýazýan «Amal depderi» arasynda hiç hili tapawudyň bolmajakdygy görüljekdir. Bu bolsa ynsanyň ömür beýanyna degişli her bir zadyň öňünden Lewhi Mahfuzda ýazylandygyny görkezýär. Ýöne kader meselesiniň iň möhüm nokady bolan şu ýagdaý berk bilinmelidir: Ynsan Lewhi Mahfuzda öňünden kesgitlenip ýazylandygy üçin şeýle hereket etmeýär. Ynsan bu nusgada ýazylanlary iradesi bilen ýerine ýetirýär. Allah (j.j.) ynsanyň edenlerini ýaradýar, melekler bolsa ynsanyň edenlerini ýeke-eke hasaba alýar. Melekleriň hasaba almagynyň sebäbi ynsanyň öz eden işlerini boýun aldyrylmagy üçindir.
Wyždanda kitabet
Ruhlar äleminde, ýa-da, Mysal äleminde, ýa-da, Zerreler älemindekä bizden «Elestü bi Rabbiküm?» (Men siziň Rabbiňiz dälmidirin?), «Kalu bela» (Elbetde, biziň Rabbimizsiň), (A’raf, 172), diýip äht almak arkaly Rabbimiz tarapyndan ýazylan bu kitabyň görünmez ýazgylaryny wyždanymyzda edil ruhuň gözleri bilen görýän we duýýan ýalydyrys. Entek ynsan tohum we zerre älemine öwrülmänkä, ähli zerrelerimize buýruk berýän ruhuň öz äleminde öz gulagy bilen eşidip, öz dili bilen jogabyny bereni wyjdana ýazylan bu kitabet ruhlar äleminde ýazylan kitabetdir.
Jenin (düwünçek) üçin kitabet
Ynsan ene göwresinde galan wagty melekler tarapyndan aýratyn bir kitabet we istinsah edilýär. Melekler Baş kitapdan – Lewhi Mahfuzdan onuň paýyna düşeni – said ýa şaky... boljakdygyny ýazýarlar, (Buhary, Müslim).

3. Meşi’et (irade) taýyndan kaza we kader
Meşi’et – Allahyň erk-islegi diýmekdir. Bu Kuranda iň köp agzalýan sözlerden biridir. Meşi’et kader bilen baglanyşyklydyr. Bu baglanyşyk sebäpli hem kaderiň aýratyn bir görnüşi döreýär. Meşi’ete halk arasynda külli irade diýilýär. Allah Tagala doly kämil, külli, ezeli, hiç hili çäklendirilmedik mutlak irade eýesidir.
Barlygyň we hadysalaryň döremeginde ilahi meşi’et esasdyr. Ýokardaky ilkinji iki meselede Allahyň her bir zady ylmy planda kesgitlemegi we dürli şekillerde ýazmagy meşi’et bilen bolup geçişi ýaly, mundan soňky «halk» (ýaratmak) işi hem ýene Allahyň meşi’eti bilen baglanyşyklydyr.
Kurany Kerimde we älemde Allahyň meşi’etini anyk görýäris we duýýarys. Meşi’et bilen baglynyşykly käbir aýatlary mysal getireliň:
«Islendik bir iş barada «Men ony ertir ederin» diýme. Ýöne inşallah (Allah islese) diý. Unudan wagtyň hem Rabbiňi ýatla we şeýle aýt: «Rabbim meni has dogry ýola gönükdirer diýip tama edýärin», (Kehf, 23-24). «Allah islänini eder», (Buruç, 16).
«Ýerleriň we gökleriň mülki we olardan bolan barça zat Allahyňkydyr. Ol islänini ýaradar», (Maide, 17).
«Aýt: «Eý, mülküň eýesi Allahym, Sen isläniňe mülk-baýlyk berersiň. Isläniňden mülki alarsyň. Isläniňi aziz, isläniňi bolsa zelil edersiň», (Äli Imran, 26).
«Islänine azap, islänine merhemet eder», (Ankebut, 21).
«Ol islänini azdyrar, islänini hidaýete ýetirer», (Nahl, 93).
«Allah islemese, siz isläp bilmersiňiz», (Ynsan, 30; Tekwir, 29).
Görşümiz ýaly, meşi’et ynsan durmuşyny hemmetaraplaýyn gurşandyr. Allahyň meşi’et we iradesi barda-da bar, ýokda-da. Ýagny, Allahyň ýok bolmagyny isläni ýok, bar bolmagyny isläni bar bolýar, (Ýasin, 82).

4. Halk – ýaradylyş taýyndan kaza we kader
Allah Tagala Ylmy Ilahisi bilen Lewhi Mahfuzda ýazýan her bir zadyny meşi’eti bilen isläp, gudraty bilen ýaradýar. Ýagny, kaderiň birinji we ikinji mertebesi Allahyň ezeli ylmyna degişlidir. Üçünji mertebesi Onuň iradesi we meşi’eti bilen, dördünji mertebesi gudraty bilen baglanyşyklydyr.
Allah Tagalanyň kader, ýaratmak we emr etmek baradaky iradesi iki görnüşdedir
a) Tekwini irade. Muňa «Emri kewni», ýa-da, «Jebri hilkat» hem diýilýär. Allah Tagalanyň älemdäki kader we ýaratmak görnüşinde tejelli eden ilahi emri we iradesidir. Muňa ynsan iradesiniň hiç hili täsiri ýokdur. Tekwini irade umumydyr. Allah mülküň eýesidir. Mülk eýesi mülkünde islänini eder. Ol Faili Muhtardyr. Ýagny, näme islese, şony eder, (Äli Imran, 40) we hiç kim Ondan hasap soramaz, (Hud, 107). Ýöne Allah mutlak manyda Adyldyr we Hakimdir. Gullar özlerine zulum eder, emma Allah olara hiç haçan zulum etmez, (Nisa, 40; Ýunus 44; Kehf 49).
Allahyň älemdäki jebri emrinde we ýaratmagynda ençeme hikmet, maksat we peýda bardyr. Olar ynsanyň islegine däl-de, tutuşlygyna Allah Tagalanyň iradesine bagly bolan hadysalardyr. Meselem, dünýäniň aýlanmagy bize bagly bolmasa-da, biziň bähbidimizedir. Günüň barlygy hem şonuň ýalydyr. Bedenimiziň işleýşine hem dahylymyz azdyr. Şeýle hem reňki, jynsy, milleti, ene-atasy we ş.m.-lerde ynsanyň ygtyýary ýokdur. Ynsanyň bulardan närazy bolmaga hukugy ýokdur. Eger: «Men näme üçin gyz bolup doguldym? Näme üçin şikesli ýaradyldym?» diýip kaderinden şikaýat etse, bu kaderden närazylyk bolar. Bu bolsa, Allahyň rahmetini kemsitmekdir. Muny eden rahmetden mahrum galar.
b) Teşri’i irade. Muňa «Emri şer’i» ýa-da «Dini irade» hem diýilýär.
Dini iradede emr we ýaratmak ynsanyň iradesi nazara alynyp edilýär. Allahyň ynsanyň iradesini nazara alnyp ýaradýan bu amallaryna we hadysalara ygtyýary amallar diýilýär. Meselem, namaz okamak, oraza tutmak, içgi içmek, zyna etmek we ş.m.
Ynsan ýagşy ýa-da ýaman, hidaýet (hak ýol) ýa-da zalalat (azaşmak), iman ýa-da küfür ýollaryndan islänini saýlamakda erkindir. Allah Tagala ygtyýary amallarda gulunyň jüz’i iradesini özüniň külli iradesiniň tejellisine ýönekeý bir şert hökmünde kabul edipdir. Gul jüz’i iradesi bilen haýyr we şerden nämäni islese, Allah Tagala külli iradesi bilen şony ýaradýar. Emma jogapkärçilik guluň özüne degişlidir. Bu halk arasyndaky «Niýetiň-päliň ýoldaşyň bolsun» diýen sözlere kybapdyr.
Netijede, meşi’et we ýaratmak iki kadere-de, iki emre-de degişlidir. Ýagny, Allahyň älemde bolup geçýän hadysalary ýaratmagy-da, ynsanyň iradesini nazara alyp, emr eden hadysalaryny ýaratmagy-da meşi’eti bilen isleýär we ýaradýar. Ýöne ikinjisinde, ýaradan amallarynyň käbirinden razy bolsa-da, käbirinden närazydyr. Meselem, Ol namazy emr edýär, bu emriň berjaý edilmegini ýaratmak isleýär. Gul öz iradesi bilen muny berjaý etmek islän wagty hoşallyk bilen ol amaly ýaradýar. Ýöne küfür we günäni halamaýar, emma ynsan öz iradesi bilen şoňa meýl edende, Allah razy bolmasa-da, meşi’eti bilen ony isleýär we gudraty bilen ýaradýar.

Kaza we kader bilen baglanyşykly meseleler

Jüz’i irade ýa-da juz’i ygtyýar
Jüz’i irade – bir zady dilemek, islemek, meýl etmek görnüşindäki Allahyň ynsana beren sypatydyr. Allah (j.j.) ynsana yhsan eden bu iradesi esasynda olary arzuw-isleglerinde, pikir we garaýyşlarynda, hal-hereketlerinde erkin edipdir.
Jüz’i irade göz, gulak, burun ýaly, daşky görnüş berilmedik, ýöne hakykatda bar bolan meýl duýgusydyr. Jüz’i iradäniň aslynda hiç hili güýji ýokdur. Ol ýönekeý bir sebäpdir, şertdir. Meselem, uly bir köşgi ýagtyltmak üçin, ol ýere elektrik togunyň çekilmegi gerekdir. Elektrik çyralarynyň ýanmagy üçin bolsa, barmagyň düwmäni basmagy gerekdir. Eger ol barmak düwmä degmese, şol kämil elektrik sistemasy köşki ýagtylandyrmaz. Jüz’i irade hem şol düwmä basan ýalydyr. Imana meýli we islegi bolan ynsan kalp köşgüniň çyralaryny ýakmak üçin şol düwmä basyp, Allahyň meşi’eti bilen ähli çyralary ýakýar. Şeýlelikde, ol aýdyňlyk ülkesi bolan jennete tarap gidýär.

Diýmek, Allahyň meşi’eti jüz’i iradä baglydyr. Ynsan «kaderiň gurbany», «gahba pelegiň pidasy» däldir. Ýöne barlygyny inkär etmezlik bilen birlikde, irade her bir zada özüni dahylly edip, eýe çykmaly däldir. Çünki, ýönekeý bir şert bolan ynsan iradesi bilen iň ýokary beýik netijeleriň arasynda uly baglanyşyk ýokdur. Her bir zady ýaradýan kiçijik, ýönekeý sebäplere uly netijeler gazandyrýan bir Zat bardyr. Ol ähli zada häkimdir. Irade, ygtyýarymyz bolsa-da, älem derejesinde bolup geçýän hadysalaryň öňünde bize düşen paý milliondan birden hem azdyr.

Jüz’i iradäniň barlygynyň delilleri
a) Eden erbetliginiň azaryny ynsana wyždany duýdurar. Ynsan eden etmişleri üçin köplenç puşman edýär, ejir çekýär. Hatda ejiz adamlaryň şol sebäpli janyna kast eden wagty hem bolýar. Ynsan erk-iradeden we islegden mahrum bolup, edenini jebri kaderiň hor etmegi bilen edýän bolsa, onda näme üçin onuň wyždany azap çekýär, günäleriň azaryny duýup gözýaş dökýär, istigfar edýär? Näme üçin ynsan biriniň göwnüne degende ondan ötünç soraýar? Bularyň ählisi ynsanyň edenlerini öz iradesi bilen edýändigini görkezýär.
b) Söz, hal we hereketlerimizde hemmämiz erkindiris. Islän wagtymyz islendik hereketi edip bilýäris. Ýagşy ýa-da ýaman bir işi etmekde hiç kim bize zorluk görkezmeýär. Hiç birimiz robot ýaly däldiris. Bularyň ählisi ynsana bagyş edilen erk-iradäniň bardygyny görkezýär.
c) Deňeşdirmek, ölçemek, baha bermek, saýlamak, karara gelmek – bularyň ählisi iradäniň bardygyna delildir. Çünki ynsanyň durmuşyna seredilse, onuň şemalyň ugruna galgap duran bir ýaprak ýaly däldigine göz ýetireris. Ynsan her bir hereketini ölçäp-biçip etmäge ygtyýarlydyr.
d) Ynsan eden bir günäsi, ýa-da jenaýaty sebäpli, hukuk organlarynyň öňünde «Nädeýin, erk-iradäm ýok» diýip bilmez. Diýse-de kabul edilmez. Eger şeýtmek bolýan bolsa, hökümedem, sudam, polisiýa-da... bolmazdy.
e) Mejnun ýa-da akylyndan azaşanlar öz hereketlerine jogapkär däldir. Çünki olaryň iradeleri özlerinde däldir. Akylyň we kalbyň, düşünjäniň we iradäniň gymmatyny bilmezlik, eýsem dälilik dälmidir?
f) Haýwanlarda aň, erk we irade ýokdur. Olar «sewki-ilahi» bilen hereket edýärler. Meselem, ary Allahyň ugrukdyrmagy we beren ylhamy, ýagny, sewki ilahi bilen (bu instinkt däldir), öýjüklerini hemişe altyburçluk şekilinde ýasaýar. Çünki, olar erk-iradeli däldir, ne-de başga bir şekil oýlap tapmaga-da ejizdir.

Haýyr we şer
Haýry we şeri ýaradan Allahdyr. Haýyr Kuranyň we sünnetiň emr eden ýa-da maslahat beren, amal edilende sogap bolýan, arassa wyždanyň lezzet duýup, akyly-selimiň begenýän söz, hal we hereketdir. Şer bolsa, Kuranyň we sünnetiň gadagan edip, amal edilmeginde günä we azap bolan, arassa wyždanyň we akyly-selimiň erbet görýän iman ähliniň halamaýan, erbet söz, hal we hereketlerdir.
Älemde hem haýyr, hem şer bardyr. Hem husun (ýagşylyk), hem kubuh (erbet) bardyr. Haýyr we husun, şer we kubuh Allaha degişlidir, munda hiç hili şübhe ýokdur. Her hal, şeri kesp etmek gabahatdyr. Ýöne şeri ýaratmak şer däldir. Her hal Allahyň şere razylygy ýokdur. Allah Tagala şeri guluň islänligi, ýa-da synag, ýa-da deňeşdirmek üçin ýaradypdyr. Ýaradylyşda haýyr esasdyr. Şer bolsa, esasy maksat däl-de, jüz’idir, ýagny, şer haýyr üçin bir ölçegdir. Şer ynsanyň hatasynyň netijesinde döreýär. Meselem, ýagşyň ýagmagynda müňlerçe haýyr bardyr. Ýalta daýhan hasylyny wagtynda ýygnaman ýagyş sebäpli zyýan çekse-de, ol: «Ýagşyň ýaradylmagy rahmet däl-de şer» diýip bilmez.
«Kim zerre mysgal haýyr iş etse, onuň gaýtargysyny görer. Kim zerre mysgal şer iş etse, onuň jezasyny görer», (Zil-zal, 7-8). Şeýle hem:
«Haýsyňyzyň ýagşy amal etjekdigiňizi synamak üçin ölümi we durmuşy ýaradan Oldur», (Mülk, 2) aýaty ýokarda aýdanlarymyzyň tassyklaýjysydyr.

Hidaýet (dogry ýol) we zalalat (azaşmak)
Hidaýete ýetirýän we zalalata uçradýan Allah Tagaladyr. Hidaýeti we zalalaty isleýän we sebäp bolýan bolsa bendesidir.
Hidaýet – dogry ýol, nebileriň giden istikamatly (göni) ýoludyr. Hidaýet – ynsanyň jüz’i iradesini ulanmagy netijesinde onuň kalbynda Allahyň ýakýan nurudyr. Zalalat bolsa, azaşanlaryň ýoludyr. Dogry ýoldan azaşmak – esasy ýoldan çykmak diýmekdir. Hidaýet Allah Tagalanyň Hädiý adynyň, zalalat bolsa Mudyl adynyň tejellisidir.
«Allahyň hidaýete ýetirenini hiç kim azaşdyryp bilmez, azaşdyranyny bolsa, hiç kim hidaýete ýetirip bilmez» (Zumer,37; Ra’d,33).
«(Eý, habybym Muhammet, Sen halaýan kişiňi hidaýete ýetirip bilmersiň. Ýöne Allah islänini hidaýete ýetirer. Kimiň hidaýete ýetjekdigi Oňa aýandyr», (Kasas, 56).
«Allah kimi azaşdyrsa, soňra oňa ýol görkezen tapylmaz. Olar azgynlykdan çabalanar», (A’raf, 186).
Şeýle aýatlardan «Hidaýet we zalalatda ynsanyň dahyly ýokdur, hidaýet jebridir» diýen ýalňyş many çykarmak dogry däldir. Çünki, Kurany Kerimdäki aýatlar doly seljerilse, onda hidaýet we zalalatyň sebäplerinden söz açylýar.
Allah dürli wesile iberip, ynsany hidaýete ýetirýär. Pygamberler ynsanyň hidaýetine wesile bolşy ýaly, iberilen kitaplar hem edil şonuň ýaly, hidaýete wesiledir. Teblig eden ynsanyň eden tebligi we irşady (wagzy) hem wesiledir. Allah Tagala şunuň ýaly dürli wesile iberýär. Ýöne bu wesileler hiç kimiň zor bilen boýnuna dakylmaýar. Şonuň üçinem hatda pygamberiň maşgalasyndan bolan käbir ynsan hem hidaýete ýetmändir. Muňa garamazdan, Fyragunyň köşgünde onuň aýaly Asiýe hidaýete ýetipdir.
Elbetde, bularyň hemmesinde ynsanyň iradesi esasydyr. Allah (j.j.) hidaýete eltýän ähli wesiläni döredýär. Ýöne hidaýeti ýaratmagy ynsanyň iradesine bagly edipdir.
Allah Tagala dürli wesile arkaly, ynsany hidaýete çagyrýar. Ýöne hidaýet etmek onuň göni meşi’etine baglydyr. Islänini hidaýete ýetirýär, islänini azaşdyrýar. Ýagny, ynsan Allahyň çakylygyna boýun egip, hidaýet wesilelerinden peýdalansa, Allah-da meşi’eti we iradesi bilen tejelli edýär we ony hidaýete ýetirýär.
Hidaýetde iki mertebe bardyr. Birinji mertebe Allah (j.j.) diňe wesileler üsti bilen ynsany hidaýete ýetirýär. Ikinji mertebe bolsa, ynsanyň göwnünde hidaýet nurunyň Allah tarapyn döremegidir. Bu Allah Tagalanyň lutuf we yhsanydyr. Alymlar muňa «Jebri lutfi» diýipdir.
Diýmek, hem hidaýet, hem delalet Allahyň ýaratmagy bilen bolup geçýär. Bu hakykaty şu hadysy şerif aç-açan açyp görkezýär. «Men teblig we dagwat ediji hökmünde iberildim, hidaýete ýetirmekde meniň hiç hili dahylly ýerim ýokdur. Şeýtan hem batyly bezäp, sizi azdyrmak üçin iberilendir. Onuň hem azaşdyrmakda hiç hili dahyly ýokdur», («Kenzül-Ummal»).
Hawa, Lewhi Mahfuzda guluň jüz’i iradesi hasaba alnyp, said ýa-da şaky boljaklygy ýazylýar. Ynsan iradesi bilen talap edýär, soňra Allah Tagala talap edilen zady ýaradýar. Guluň iradesi hidaýetine ýa-da zalalatyna ýönekeý şert we sebäpdir.

Tewekkül – (töwekgel bolmak)
Tewekkül sözi – ynanmak, daýanmak, işi başga birine tabşyrmak diýen manylary berýär. Istilah manysy – bir maksada ýetmek üçin maddy-magnewi ähli sebäbi we şerti ýerine ýetirip, ähli çäre görlenden soň, netijäniň haýyrly-bereketli bolmagyny Allaha ynanyp, Oňa tabşyrmakdyr.
Tewekkül Allah Tagalanyň hikmetli iradesine boýun bolmak takdyrymyza razy bolmakdyr. Tewekkül Allah Tagalanyň bize zulum etmejekdigine, zyýana goýmajakdygyna, eden ybadat we amallarymyzyň gaýtargysyz galmajakdygyna, uçran belalarymyzdan we musybatlarymyzdan gorajakdygyna doly ynanmakdyr.
Tewekkül – Allah Tagalanyň külli iradesine gyşarnyksyz boýun bolmak, çäksiz gudratyna doly ynanmak, giň rahmetine bil baglamakdyr. Tewekkülüň manysy aşakdaky aýatlarda doly düşündirilýär:
«Azm edeniňde derrew Allaha tewekkül et», (Äli Imran, 159).
«Eger Allaha iman eden bolsaňyz, hakykatdanam Oňa doly boýun bolan bolsaňyz, indi, Oňa ynanyp tewekkül ediň», (Ýunus, 84).
Bu aýatlara görä, tewekküliň bolmagynda iman, teslim (boýun bolmak), azm, gaýrat, sabyr we çydamlylyk uly ähmiýete eýedir. Tewekkül – kaza razy, kadere teslim bolmakdyr. Tewekkül – sebäpleri düýbünden ret etmek däldir. Gaýta, sebäpleri gudratyň bir perdesi saýyp, olary doly berjaý etmekdir. Ýöne işlemän oturyp, Allaha tewekkül bolmak dürs däldir. Meselem, bugdaý hasylyny ýygnamak üçin hökman ýeri sürüp, ekmeli, gerek bolsa suwarmaly, dökünlemeli, dermanlamalydyr. Bulary berjaý edeniňden soň netijäni Allaha tabşyrmaly.
Hezreti Omar bilen baglanyşykly şu hadysa tewekküliň ajaýyp nusgasydyr.
Hezreti Omar Allah Tagala göwnejaý ybadat edip bilmeýändigine gynanyp, hemişe aglap, istygfar eder eken. Akybeti barada hemişe endişe eder eken. Bir gün sahabalardan biri:
– Eý, Omar, näme üçin beýle endişe edip, özüňi gynaýarsyň? Sen jennet buşlugyny alanlardan dälmi näme? – diýip soraýar. Hezreti Omar:
– Hawa, men jennet buşlugyny aldym. Ýöne, Allah Tagalanyň wadasy şerte tabyndyr. Aýt, eger Omar namaz-ybadatyny taşlasa, Ol Adyl we Hakim bolan Allah (j.j.) Omary jennetine salarmy? – diýip jogap berýär.
Allah Özüne tewekkül eden bendäniň welisi, kepili, wekili bolmagy öz üstüne alýar. «Allaha tewekkül edene Allah ýeterlikdir», (Talak, 3).
«Sen Allaha tewekkül et, Allah wekil hökmünde ýeterlikdir», (Ahzab, 3).
«Allaha ynanyp, Oňa daýanan kişi, şübhesiz, syraty mustakyma hidaýet ediler», (Äli Imran, 101).

Ryzk
Beýik Rabbimiziň bir ady Rezzak, ýagny, ryzk berijidir. Daş-töweregimize seredenimizde, Rabbimiziň Rezzak adynyň tejellisini her bir janly-jandarda aç-açan görüp bileris.
Allah Tagala her bir barlyga ryzk bereniň Özüdigini Kurany Kerimde şeýle beýan edýär:
«Ýeriň ýüzünde ýöreýän, ryzkyny gazanyp bilmeýän ençeme janly-jandaryň we siziň ryzkyňyzy Allah berýär», (Ankebut, 60).
«Eger Ol size beren ryzkyny kesjek bolsa, size kim ryzk berip biler», (Mülk, 21).
Durmuşyň esasy maksadyny ryzkyň yzynda ylgamak hasaplap, ertiriň endişesine gümra bolmak Rezzak bolan Beýik Rabbimizden gaflatda galmakdyr. Bu bolsa uly zyýandyr. Ynsanyň maksady ryzkyň yzynda ylgap, Ýaradyjysyndan bihabar galmak däldir. Allah Tagala ynsanyň ýaradylyş maksadyny Kurany Kerimde aç-açan beýan edip, jyny we ynsany diňe Özüni tanap, Özüne ybadat etmekligi buýrýar. Ryzk bilen baglanyşykly aýatlara seredilende şu many gelip çykýar: Siz gulluk üçin ýaradylansyňyz. Allahyň ýaradanlaryny doýurmak size degişli däldir. Şonuň üçin, özüňiziň we maşgalaňyzyň ryzkyny gazanmak bahanasy bilen ybadaty terk etmäň. Emrlerime görä ryzk üçin işlemegiňiz hem özboluşly ybadatdyr. Ýagny, ynsanyň asyl wezipesi özüne dirilik berene, ryzklandyrana gulluk etmekdir. Allaha ybadat etmek bolsa nebis we şeýtana garşy göreşmekdir.
Ryzk iki görnüşdedir: biri zerury ryzkdyr. Bu Allah Tagalanyň kepilligindedir. Ynsan bolsun, haýwan bolsun, Allahyň iberen ryzkynyň bir bölegi ätiýaç üçin olaryň bedenlerine ýag görnüşinde ýygnanýandyr. Hatda her bir öýjüge iberen ryzkynyň bir bölegi edil şol öýjügiň bir burçunda ätiýaç üçin ýygnanýar. Bedene daşyndan azyk gelmese, ony ulanýar. Bu ryzk beden üçin kyrk günläp azyk bolup biler. Hatda käbir tejribe geçirilen adamlar açlykda kyrk günden hem köp (60-80) ýaşapdyr. Diýmek, aç galany üçin kyrk günden öň öleniň ölümi ryzkdan kesilmekden däl-de, iýmek adatyny terk etmegi sebäpli dörän kesellerdendir.
Ikinjisi bolsa, ömrüni dowam etdirmek üçin takdyr edilen ryzkdyr. Ynsanyň gazanjak ryzky we ondan iýjek mukdary öňünden takdyr edilendir. Ynsan näçe baý bolsa bolsun, gazanan ryzkyndan Allahyň iýmegini takdyr eden mukdaryndan artygyny iýip bilmez. Bu ryzk Allahyň kepilliginde däldir. Ynsan ony işlemek, zähmet çekmek arkaly gazanyp biler. Käwagt bolsa, Allahyň yhsany hökmünde bagş edilýär. Ýagny, hemişe köp işleýän, köp zähmet çekýän köp gazanar diýen netije ýalňyşdyr. Berip-bermezlik Allah
Tagalanyň iradesine baglydyr. Allahyň islänine az, islänine köp berýändigi Kurany Kerimde şeýle beýan edilýär: «Allah isläniniň ryzkyny giňelder, islänini bolsa daraldar», (Ra’d, 26).
Başga bir aýatda: «Allah ryzk hökmünde beren zatlarynda biriňizi beýlekiňizden üstün kylandyr», (Nahl, 71).
Allah Tagala ryzk meselesinde hem kaza kader ýaly, öz iradesini ýönekeý bir şert edýändir. Şonuň üçin ryzky gazanmagyň iki görnüşi bardyr – halal we haram ryzk.
Bu dünýä synag meýdany bolandygy üçin, ynsan halal we haram ryzk gazanmakda erkindir. Allah Tagala halal we haramy anyk bildirendir. Ýöne halal ryzk gazanmagy, haramdan daş bolmagy emr edipdir. Allah Tagala halaldan razy, haramdan bolsa razy däldir. Şeýle hem kyýamat güni ynsanyň ryzkyny halal ýa-da haram gazanandygy barada, gazanan ryzkynyň nirä harçlandygy hakda hasap soraljakdyr.
Bagtyýar ynsan sagadata we lezzete sebäp bolan tygşytlylygy we kanagatly bolmagy, halal zähmeti özboluşly ybadat ýaly görer. Ryzk üçin işlemegi amaly doga hasaplar. Zähmeti üçin berlen ryzka şükür edip, ony ilahi yhsan diýip kabul eder. Berilmedik wagtynda hem şükür we kanagat eder. Berilmeýändigi üçin närazy bolmaz. Şeýlelikde, durmuşyny sagadat içinde geçirer. Başgalaryň elindäkä göz gyzdyrman, özi üçin takdyr edilen ryzka kanagat eder.
Betbagt adam bolsa, şikaýata, zyýana we eleme sebäp bolýan ysryp, hyrs bilen birlikde halal zähmeti taşlap, harama ýüz urar. Hak-hukuga seretmän, zalymlyk bilen başganyň hakyna el uzadar. Şonda-da doýmaz. Näçe köp gazansa, az görer, şikaýat eder, baý hem bolsa, güzap içinde ýaşar.

Ajal
Ažal sözi – öňünden kesgitlenen wagt we möhlet diýen manyny berýär. Istilah manysy – ynsan durmuşy we beýleki janly-jandarlar üçin kesgitlenen ömür, şeýle hem bu ömrüň soňy, ýagny, ölüm diýmekdir. Ömrüň dowamlylygy Allah (j.j.) tarapyndan kesgitlenendir. Kurany Kerimde bu mesele şeýle düşündirilýär:
«Ol şeýle bir Halykdyr, sizi palçykdan ýaratdy, soňra size ajal takdyr etdi», (En’am, 2).
Her bir şahsda bolşy ýaly, jemgyýetiň hem öz ajaly bardyr. Ajal ýeke-täk bolup, Allahyň kaderi we kazasy bilen kesgitlenýär. Ynsany dirilden, ryzklandyrýan we öldürjek Allah Tagaladygy üçin, ajaly hem kesgitleýän Oldur. «Size ölümi takdyr eden bizdiris», (Waky’a, 60) aýaty muny tassyklaýar.
Kurany Kerimiň aýatlaryndan düşünilişine görä, ajal wagtyndan ne öňe süýşer, ne-de gijä galar.
«Her ymmatyň öz ajaly bardyr. Ajaly gelende ol ne bir pursat gijä galar, ne-de bir pursat öňürder», (A’raf, 34; Ýunus, 49).
Ajal gizlindir. Allah Tagala gadyr gijesini remezan aýynyň içinde, doga-dilegiň kabul sagadyny juma gününde, kyýamat gününi älemiň ömrüniň içinde gizlin saklaýşy ýaly, ajaly hem ynsan ömründe gizläpdir. Şübhesiz, munuň ençeme hikmeti bardyr. Eger ynsan öljek wagtyny bilýän bolsa, onuň rahat ýaşajakdygy barada söz hem açyp bolmaz. Atuw jezasy berlenleriň ýagdaýy munuň iň açyk subutnamasydyr.
«Ajal gelen wagty Allah hiç kim üçin ony gijikdirmez», (Münafykun, 11).
Ajalyň sebäplere bagly bolmagynyň hem ençeme hikmeti bardyr. Birinjiden, ajal sebäpli göni Allahdan närazy bolunmaýar. Sebäpler Azrail üçin hem bir perde bolup, ynsan tarapyndan ondan hem şikaýat edilmeýär. Ýöne imany pes, ýa-da, Allahdan gapyl adamlaryň esasy sebäplere aldanyp: «keselhana äkidilen bolsa ölmezdi», «ýola çykmadyk bolsa, ölmezdi», «heniz öýlenip hem ýetişmän öldi» diýen ýaly sözleri aýtmagy dürs däldir. Bu kaderi tankytlamak, Allahdan närazy bolmakdyr. Öz düşeginde ölen hem, ýol hadysasy sebäpli ýogalan hem ajaly ýeteni üçin ölendir. Çünki, ajal – wagtyň gutarmagy,ömrüň soňlamagy diýmekdir.
Allah Tagala bu älemde her netijäni hikmeti bilen bir sebäbe baglapdyr. Meselem, kader bir adamyň atylyp ölmegine höküm etse, jebriýe mezhebindäki ýaly: «Atylmadyk bolsa-da ölerdi» diýip ynsany kaderiň öňünde çäresiz hala getirmek, mugtezile mezhebindäki ýaly: «Eger atylmadyk bolsa ölmezdi» diýip, sebäbe esasy orun bermek ýaly ýalňyş netijeler çykarmaly däldir. Ähli Sünnet alymlary kaderiň sebäp bilen netijä bir bütewlikde seredýändigini we sebäpleriň ýok ýerinde netije barada hiç zat aýdyp bolmajakdygyny öňe sürýärler. Ýagny, eger atylmadyk bolsa, näme boljakdygy barada anyk bir zat aýtmak mümkin däldir. Allah Tagala bu hadysanyň şeýle bolup geçjekdigini öňünden bilýär, şol sebäpli kaderde onuň ölümini biriniň atmagyna goýýar.
Bu ýagdaý Kurany Kerimde şeýle düşündirilýär:
«Eger Allah ynsany eden zulumy sebäpli jezalandyrjak bolsady, ýer ýüzünde ýekeje diri hem galmazdy. Ýöne Allah olaryň jezasyny takdyr edilen ajalyna çenli gijikdirýär. Ajaly gelende ony sähel salym hem gijä goýmaýar, öňe-de süýşürmeýär», (Nahl, 61).
Käbir kişi: «Sadaka belany dep eder we ömri uzaldar» ýaly hadyslara daýanyp, ajalyň gelmeli wagtynyň üýtgäp biljekdigini öňe sürýär. Bu meselede şuňa üns bermelidir. Sadakanyň ömri nähili uzaldýandygyna akylymyz çatmasa-da, ahyrky netijede ynsanyň başy ölümlidir. Bu ýagdaý ezeli ylmyň eýesi Allaha maglumdyr. Şonuň üçin, ynsanyň öljek wagty we ömrüniň möhleti Allah tarapyndan takdyr edilip, asla üýtgemeýär. Meselem, bir kişiniň beren sadakasy sebäpli ömri iki ýyl uzasa, bu adamyň ajaly mu’allak diýilýän şerte baglylykda sadakany berse altmyş ýyl, bermese elli sekiz ýyl bolsun diýeliň. Allah Tagala şol şahsyň ol sadakany berjekdigini bileni üçin oňa altmyş ýyl ömri takdyr edýär. Netijede bolsa, ajalyň wagty üýtgemeýär.
Pygamberimiziň şu mazmundaky hadyslarynda mü’minleri haýra höweslendirmek, we aralaryndaky söýgi baglaryny sadaka bilen berkitmek manysy bardyr. Sadakanyň belany dep etmegi bolsa, Allah Tagalanyň peşgeşidir, lutfy we yhsanydyr.
Kelam ylmynyň meşhur alymy Taftazani «Şerhi Akaýyd» atly eserinde bu meseläni şeýle düşündirýär:
«Ömrüň uzamagy diýmek – ömrüň bereketlenmegidir. Ahyrete haýyr we hasenat üçin berlen baýlyk bolan ömrüň uzamagy, bu baýlyk bilen has köp peýda gazanmak manysyny berýär. Şonuň üçin ömrüň möhletinde üýtgeme bolmasa-da, sadaka arkaly sogabynyň artmagy, ömrüň uzamagy diýmekdir».
Ömrüň uzamagynyň başga bir manysy bolsa, ynsan ölenden soň onuň haýyr-hasenat depderiniň ýapylmaýanlygydyr. Mälim bolşy ýaly, sadaka mal bilen berlişi ýaly, ylym bilen hem berilýär. Adamzat üçin peýdaly eserler ýazan bir alymyň sogap depderi ölümi bilen ýapylmaz. Bu hem ömrüň özboluşly uzamagydyr.

Allahyň kaza we ata kanuny
Kaza – Allah Tagalanyň kaderde bellän zadyny wagty gelende, iradesi bilen ýaratmagydyr.
Ata – Allah Tagalanyň gullaryna lutfy, keremidir. Bu söz arapçada bagyş etmek manysynyny berýär.
Lewhi Mahfuzdan başga Allah Tagalanyň Lewhi Mahw we Isbat atly kitaby bardyr. Öň düşündirişimiz ýaly, Baş Kitap bolan Lewhi Mahfuzda hiç hili üýtgemek we bozulmak bolmaz. Lewhi Mahw we Isbatda bolsa,
«Allah islän hökümini bozar, ýok eder, islänini bolsa şol durşuna galdyrar. Baş kitap onuň ýanyndadyr», (Ra’d, 39) aýatynda beýan edilişi ýaly Allahyň ata kanuny bilen takdyr edenlerinden käbirini üýtgedip, höküm etmeýän kitabydyr. Meselem, zäher içen biri ýa ölmeli, ýa-da, gutulmalydyr. Onuň ölmegi kazadyr, gutulmagy bolsa atadyr. Bu kaderde öňünden kesgitlenendir. Biri zäher içip ölse, mesele kaza etabynda bolup geçer. Eger ol öler öýdülse-de ölmese, Allah Tagalanyň atasy, ýagny, ony bagyşlamagy we ýagşylygydyr.
Allah Tagala hem şu dünýäde, hem ahyretde köplenç adalaty bilen däl-de, rahmeti we atasy bilen hereket eder.
Ata kanuny kazany bozup biler. Allah Tagalanyň atasy sebäpsiz göni lutuf, yhsan görnüşinde bolşy ýaly, guluň eden ýagşy niýet we ýagşy amallarynyň netijesinde-de bolup biler. Ol islänini islänine isledigiçe lutf eder. Islänini hidaýete, islänini bolsa, zalalata ýetirer. Şol sebäpli, biziň ähli haýyr-hasenatymyz, ýagşylyklarymyz Allah Tagalanyň lutfy, yhsany, atasy, ähli günälerimiz we erbetliklerimiz bolsa, öz gazananlarymyzdyr. Ýöne köp gezek erbetliklerimiz, günälerimiz sebäpli Allah
Tagala aýagymyzy taýdyrmaz, bizi halas eder. Bela we musybatlaryň öňüni alşy ýaly, küfür we günä iş etmegimize-de ýol bermez.

Musybatlaryň kader taýyndan hikmetleri
Ynsanyň ömrüniň dowamynda duçar bolýan bela we musybatlarynda onuň doly akyl ýetirip bilmejek ençeme hikmet bardyr. Bu barada Kurany Kerimde:
«Siziň göwnüňizden turmadyk bir zat haýyrly bolup biler. Edil şonuň ýaly siziň hoşal bolup, arzuw eden bir zadyňyz siziň üçin şer bolup biler. Dogrusyny Allah biler, emma siz bilmersiňiz», (Bakara, 216) diýilýär.
Kader netije bilen birlikde sebäpleri hem hasaba alyp, şoňa görä höküm edýär. Ynsan ýaradylyş taýyndan kadere doly manysynda düşünip bilmeýändigi üçin, daşyndan görünýän sebäplere görä many çykarýar we ýalňyşýar. Hakyky sebäpleriň arkasynda Allahyň rahmeti, adalaty we ynaýeti (kömegi) gizlenendir. Bu mesele Kurany Kerimiň Kehf suresiniň 79-82-nji aýatlarynda Musanyň (a.s.) Hyzyr bilen eden syýahatynyň kyssasy arkaly doly düşündirilýär. Şeýle hem Musa (a.s.) bir gün: «Eý, Rabbim! Maňa adalatyňy görkez» diýip doga edýär. Allah Tagala oňa «Pylan ýerdäki çeşmäniň golaýynda garaş-da o ýerde bolup geçjek wakalary synla» diýip wahý edýär. Musa ol ýere baranda, çeşmäniň başyna bir atly gelýär. Atyny suwa ýakyp, gitjek bolanda, içi altynly haltajygyny (gapjygyny) gaçyrýar. Ol giden soň bir çaga gelip altynly haltajygy alyp gidýär. Soňra çeşmäniň başyna bir kör adam gelýär. Atly haltajygyny gaçyrandygyny bilip, yzyna dolanyp gelýär. Görse, körden başga hiç kim ýok. Ol körden ýitiren haltajygyny talap edýär. Kör näçe «Men almadym» diýse-de, atly ynanman ony öldürýär. Hezreti Musa birbada zulum ýaly bolup görnen bu hadysada adalatyň nirededigini Allah Tagaladan soraýar we şeýle jogap alýar: «Atly bir wagtlar çaganyň atasynyň bir haltajyk altynyny ogurlapdy. Şeýlelikde, ogurlanan zady eýesine gaýtaryp berdim. Kör bolsa bir wagtlar atlynyň atasyny öldüripdi. Ony hem atla öldürdip, ganyny aldyrdym».
Netijede, musybatlaryň esasy hikmetlerini şeýle jemläp bileris:
1. Käbir musybatlar gullaryň geçmişdäki hatalarynyň netijesidir. Bu öňünden çäre görülmedik ýagdaýynda ynsanyň keselleýşi ýalydyr.
2. Käbir musybatlar başa geljek belalary dep eder ýa-da olaryň güýjüni peselder. Şeýle musybatlar Allahyň yhsanydyr.
3. Käbir musybatlar bolsa, umuman Allah Tagalanyň beren nygmatlarynyň gadyryny bilmegimiz hem-de ruhy kämillige ýetmegimiz üçin berilýär. Ýagny, musybatlar günäkär mü’miniň günälerine keffaret bolup, halys gullaryň bolsa derejisini beýgeldýär. Şeýlelikde, ynsanyň takdyryna razylygy, Allaha tagatynyň derejesi bilen ölçelýär.