"...Pygamberimiziň aýdan sözlerine, eden amallaryna Sünnet diýilýär. Sünnetiň üç görnüşi bardyr..."

Ylmyhal>>Yslam dininiň çeşmeleri

Yslam dininiň çeşmeleri

Yslamda dini hökümler esasy iki çeşmä daýanýar. Olar Kitap we Sünnetdir. Yslamy höküm bulardan başga asla hiç bir kanundan ýa-da esasdan çykarylmaýar. Bu iki esasy çeşmeden başga kyýas we ijma atly iki sany şeri delil hem bardyr. Bular özbaşyna bir çeşme däldir. Olar Kitap we Sünnete esaslanýandyr. Netijede, yslamy häkümleriň ählisi Kitap we Sünnetden çykarylandyr. Emma kitaplarymyzda Kitap, Sünnet, Ijma we Kyýas dört delil manysynda «Edilleýi Erbaga» «Edilleýi Şeriýýe» diýip meşhur bolupdyr. Bu dört delile Asli delil ady berilýär. Bulardan başga «feri delil» diýlip kabul edilen käbir deliller hem bardyr. Olar «Mesalihi Mürsele», Istihsan, urp-adat, şeru men kablena (Pygamberimizden öňki dinleriň hökümleri), sahabe kawli we istishab. Indi diniň asly çeşmelerini gysgaça düşündireliň.

Kitap
Kitap diýlende Kurany Kerim göz öňünde tutulýar. Kurany Kerimiň getiren hökümleriniň üç görnüşi bardyr:

a) Ygtykady (ynanç) hökümler.
Bular imanyň şertleri bilen baglanyşyklydyr. Ynanja degişli bu hökümler köplenç Mekge döwründe inýär.

b) Ahlaky hökümler.
Bular müminiň imanynyň güýçlenmegine yhlasly, takwa we fazyletli bir kişi bolmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda özüni göreldeli alyp barmagyna degişli hökümlerdir. Ybratly pygamber kyssalary, begendirýän ýa-da el çekdirýän manydaky aýatlar bu topara girýär.

c) Amaly hökümler.
Bular mükellefiň ybadat, söz, amal we aktlar (nikah, şirket gurmak, miras, kepilnama...) ýaly şahsy we sosial gatnaşyklary tertibe salýan hökümlerdir. Bu hökümler fykyh we fykyh usulynyň temasyna degişlidir. Kurandaky amaly hökümleri iki topara bölüp derňemek mümkindir:

1) Ybadat hökümleri. Kurany Kerim ähli farzlary gysga görnüşde emr edipdir. Amal ediliş usulyny öwretmegi Pygamberimize goýupdyr. Mysal üçin: namaz, oraza, zekat, haj, nezir, kasam ýaly ybadatlaryň amal ediliş görnüşi Pygamberimiziň hut özüniň amal etmegi bilen ymmatyna ýetipdir. Bir hadysy şerifde: «Men nähili namaz okaýan bolsam, siz hem şeýle okaň» (Buhary, «Sahyh»), «Haj bilen baglanyşykly menasyky (amallary) menden öwreniň» (Ahmet b. Hanbel, «Müsned») diýipdir.

2) Muamele hökümleri. Bular ybadatdan başga ähli hukugy borçlar, aktlar, günä, jeza we ş.m. hökümlerdir. Muamele hökümleriniň görnüşleri şulardyr:

Maşgala hukugy: Bu öýlenmek, talak, nafaka, welaýet (hossar), iddet (talagy berlen aýalyň ikinji gezek durmuşa çykmazdan öň garaşmaly wagty), miras, nesep (nesil) bilen baglanyşykly hökümlerdir. Bu hökümleri Kuran giňden beripdir.

Medeni hukuk: Bu hukuk – alyş-çalyş, kireýine bermek, barter, rehin (girew), kefalet, şäriklik, borçlanmak we taahhüt etmek ýaly şahslar arasyndaky maliýe gatnaşyklary tertipleşdirmegi we zadyň hak eýesini goramagy maksat edinýär.

Jeza hukugy: Bu şahsyň eden günäsine laýyk berilmeli jezadyr. Jeza hökümleri mal, jan, yrz (namys), nesep (nesil) we akyly goramagy maksat edinýär.

Kaza hökümleri: Bular sudda dawalaryň derňelmeginde şaýatlyk, kasam ýaly hökümlerdir. Adamlaryň arasynda adalaty üpjün etmegi maksat edinýär.

Ýolbaşçy we raýat gatnaşyklary baradaky hökümler: Bu hökümler adalat, şura, maslahat, ýardamlaşmak we goramak ýaly esaslara daýanýar.

Döwletler hukugy: Kurany Kerim musulman däl ülkeler bilen gatnaşyklary hem tertipleşdirip, olary üç topara bölüpdir:
a) Zymmylar (musulman döwletinde ýaşaýan gaýry dindäki halklar),
b) Müstemenler (wizalylar, aman sorap gelenler),
c) Muharipler (ilçilik işgärleri).

Ykdysadyýet we maliýe hukugy: Baýyň malyndan garybyň haky, girdeji we çykdajylaryň hasaplanmagy bilen baglanyşykly hökümlerdir.

Sünnet
Pygamberimiziň aýdan sözlerine, eden amallaryna Sünnet diýilýär. Sünnetiň üç görnüşi bardyr:

a) Kawli Sünnet – Pygamberimiziň aýdan sözleri,
b) Fili Sünnet – Pygamberimiziň eden amallary,
c) Takriri Sünnet – Pygamberimiziň sahabalardan biriniň aýdan sözüni ýa-da amalyny görüp-eşidende sesini çykarman makullanlarydyr.

Bularyň hemmesine hadys diýilse-de, bu söz köplenç Pygamberimiziň kawli sünneti üçin ulanylypdyr.
Pygamberimiziň sünneti şeri delil bolan Kurandan soň iň möhüm esasdyr.

Sünnetiň Kurany Kerimiň öňünde üç wezipesi bardyr. Mübhem we müjmel bolan aýatlary düşündirýär we tefsir edýär. Umumy hökümleri tahsis (çäklendirýär) edýär. Nasih we mensuhy bildirýär. Kuranda bolmadyk täze hökümleri hem goýýar.

Hadyslar rawilerine (gürrüň berijiler) görä: mütewatir, meşhur we a:had diýen üç görnüşe bölünýär. Ahad haberiň hem sahyh, hasen we zaýyf diýen görnüşleri bardyr. Mütewatir hadys – ýalan sözlär diýip göwnüňe-de getirip bolmajak adamlar tarapyndan gürrüň berlen hadyslardyr. Meşhur hadys – Resulullahyň adyndan birnäçe kişiniň gürrüň beren, hijri ýylynyň ikinji-üçünji asyrlarynda mütewatir derejesinde kabul edilen hadyslardyr. Ahad haber bolsa, bir-iki ýa-da sanaýmaly sahaba tarapyndan gürrüň berlen, emma meşhur hadys derejesinde kabul edilmedik hadyslardyr.

Ebu Hanife ahad hadyslaryň delil bolmagy üçin rawiniň ynamdar we adalatly bolmagy bilen birlikde, yslam fykhyny bilýän we gürrüň beren hadysyna amal edýän bolmagyny şert edip goýýar. Ymam Mälik bolsa ahad hadysy medinelileriň amal edýänligine laýyklykda delil hökmünde kabul edýär.

Ijmagy ymmat
Pygamberimiz dünýeden ötenden soň, onuň ymmatyndan bolan döwürdeş müjtehidleriň dine degişli islendik meselede bir karara gelmeklerine – ittifak etmeklerine ijma diýilýär.

Şu hadyslar ijmagy ymmat meselesine delildir. «Musulmanlaryň ýagşy gören zady Allahyň öňünde hem ýagşydyr», (Ahmet b. Hanbel, Müsned), «Ymmatym zalalatda bir karara gelip, agyz birikdirmez», (Ibni Maje).

Kyýas
Haýsy hem bolsa bir mesele hakynda aýat we hadyslarda höküm bolmadyk bir meseläni Kuran we Sünnetde bolan şeri bir delile esaslanyp höküm çykarmak diýmekdir. Mysal üçin: hamryň içilmeginiň haramdygy, hem Kitapda, hem Sünnetde anyk aýdylýar. Hamryň haram edilmeginiň sebäbi serhoş edýändigi üçindir. Muňa esaslanyp serhoş edýän beýleki arak, çakyr, piwo we ş.m. içgiler hem haram edilipdir.
Kyýasy müžtehid derejesindäki din we fykyh alymlary edip biler.