Page 150 - Kurany Kerim Meali
P. 150

158. (Eýsem) olar (imana gelmek üçin),
                perişdeleriň  gelmegine,  ýa-da  seniň
                Perwerdigäriň  (azabynyň)  gelmegine,
                ýa-da  seniň  Perwerdigäriň  (kyýamat)
                alamatlarynyň    käbiriniň   gelmegine
                garaşýarlarmyka?  Seniň  Perwerdigäriň
                alamatlarynyň  käbiriniň  gelen  güni  öň
                iman  getirmedik  ýa-da  iman  getiren
                bolsa-da  (sogaply  işleri  etmän),  haýyr
                gazanmadyk  kişilere  (ol  günki)  imany
                (hiç  hili)  peýda  bermez.  Sen  (olara):
                «Garaşyň‚  biz  hem  garaşýarys»  diýip
                aýt.


                159.  Dinlerini  (ýoýup),  dürli  toparlara
                (akymlara)  bölünenler  bilen  seniň  hiç
                hili zadyň (baglanyşygyň) ýokdur. Olara
                (jeza bermek işi Alla (galandyr). Soň Ol
                (Alla) olaryň eden işlerini özlerine doly
                habar berer.

                160.  Kim  (Allanyň  ýanyna)  haýyr  iş
                bilen gelse‚ oňa (eden işiniň) on essesi
                bardyr.  Kim  erbetlik  bilen  gelse‚  diňe
                eden erbetligine barabar jeza görer. Olara
                (hiç hili) nähaklyk edilmez.


                161.  (Eý,  Muhammet!)  Aýt:  «Takyk,        Perwerdigärikä,  (eýsem)  men  Ondan
                meniň Perwerdigärim meni dogry ýola,         başga  Perwerdigär  gözläýinmi?  Her
                hanyf bolan (haka ýönelen) Ybraýymyň         kimiň gazan zady diňe özüne degişlidir.
                milletine (dinine) ýetirdi. Ol (Ybraýym)     Hiç  bir  günäkär  başga  biriniň  ýüküni
                Alla  şärik  goşanlardan  (hiç  haçan)       (günäsini) götermez (çekmez). Soňunda
                bolmandy».                                   (hemmäňiz) Perwerdigäriňiziň huzuryna

                                                             jemlenersiňiz. Bes, Ol (Alla) size düşen
                162. Aýt: «Takyk, meniň okan namazym‚        çaprazlygyňyzy (hakykatyny) doly habar
                (haj  we  gurbanlyk  ýaly)  ybadatlarym‚     berer.
                ýaşaýşym‚        ölümim       älemleriň
                Perwerdigäri bolan Alla üçindir.             165.  Sizi  ýer  ýüzünde  halypalary
                                                             (oruntutarlary)  edip  ýaradan,  synag
                163.  Onuň  (hiç  hili)  şärigi  ýokdur.     etmek üçin size nygmat berip‚ size biri-
                Maňa  diňe  bu  (yhlas)  emir  edildi.  Oňa   biriňizden  üstün  derejeler  beren  hem
                (bu  ymmatdan)  ilkinji  musulman  bolan     Oldur. Takyk, seniň Perwerdigäriň azaby
                mendirin».                                   tiz  amala  aşýandyr.  Takyk,  Ol  (Alla)
                                                             Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr.
                164.  Aýt:  «Ol  (Alla)  hemme  zadyň


                                                                                                 151
   145   146   147   148   149   150   151   152   153   154   155