Page 194 - Kurany Kerim Meali
P. 194

41.  (Eý‚  möminler!)  Siz  aňsat  ýa-da
                kyn  (mümkinçiligiňiz  az  ýa-da  köp)
                ýagdaýda, nähili bolsaňyz-da, hemmäňiz
                bilelikde  söweşe  çykyň!  Alla  ýolunda
                mal-mülkleriňiz  we  janlaryňyz  bilen
                söweşiň! Biler bolsaňyz‚ bu siziň üçin iň
                haýyrlysydyr.

                42. Eger (gidiljek söweşde) aňsatlyk bilen
                olja  aljakdyklaryny  bilsediler‚  ýol  hem
                ýakyn bolsady‚ olar (ikiýüzlüler) hökman
                saňa  eýerip  yzyňdan  gelerdiler.  Ýöne
                muşakgatly ýol olara örän daş göründi.
                Muňa garamazdan, olar: «Eger güýjümiz
                ýetsedi‚  hökman  siziň  bilen  bilelikde
                söweşe  çykardyk»  diýip  (ýalan)  kasam
                hem ederler. Olar bu ýalançylyklary bilen    getirmeýänler‚  kalplary  şübheden  doly‚
                diňe  özlerini  heläk  ederler.  Çünki  Alla   agyp-dönüp ýörenlerdir.
                olaryň ýalançydyklaryny anyk bilýändir.
                                                             46.  Eger  olar  dogrudan  hem  söweşe

                43. Alla seniň günäňi geçsin (geçdi)! Ýöne   çykmak  islesediler‚  elbetde‚  munuň
                dogry  sözlüler  (hakyky  musulmanlar)       üçin  taýýarlyk  görerdiler.  Alla  olaryň
                bilen mynapyklary aýyl-saýyl etmezden‚       göwünli-göwünsizdigini  görüp‚  olara
                nädip olara rugsat berdiň?                   päsgel berdi we olara: «Öýde oturanlaryň
                                                             ýanynda oturyň!» diýildi.

                44. Allany  we  ahyret  gününi  (imanlary
                bilen)  tassyklanlar  mal-mülkleri  we       47. Olar siziň bilen söweşe çykaýsa-da,
                janlary bilen söweşe goşulmajak bolup,       zyýan  etmekden  başga  bir  peýdalary
                senden  rugsat  soramazlar.  Alla  ol        bolmazdy.    Sizi   duzaga    düşürmek
                takwalary örän gowy bilýändir.               maksady     bilen   araňyza    sokulyp‚
                                                             arabozarlyk  ederdiler.  Araňyzda  olara
                                                             gulak  asanlar  hem  tapylardy.  Alla
                45.  Söweşe  goşulmazlyga  senden
                rugsat soraýanlar Alla we ahyrete iman       zalymlary örän gowy bilýändir.


                                                                                                 195
   189   190   191   192   193   194   195   196   197   198   199