Page 272 - Kurany Kerim Meali
P. 272
43. (Eý, Muhammet!) Biz senden öň hem
özlerine wahyý iberen adamlarymyzdan
başgasyny (pygamber edip) ibermedik.
Eger bilmeýän bolsaňyz, onda (Töwraty
we Injili) bilýänlerden soraň?
44. (Ol pygamberleri) äşgär deliller
we (ylahy) kitaplar bilen iberdik. (Eý,
Muhammet! Biz) saňa Zikiri (Kurany)
inderdik. (Muny) ynsanlara özlerine
inderilen zatlary beýan etmegi we olaryň
pikirlenmekleri üçin (inderdik).
45. Hilegärlik bilen ýamanlyklary
guraýanlar, (bir gün) Allanyň özlerini
ýeriň astyna dykmajagyna ýa-da
garaşmaýan ýerinden azabyň gelmejegine
ynamlary barmyka?
46. Ýa-da aýlanyp ýörkäler (azabyň)
olary tutmajagyna (ynamlary barmyka)?
Şonda olar (azaby) sowup bilmezler.
47. Ýa-da (azabyň) olary howp
astyndakalar tutmajagyna (ynamlary 51. Alla: «Iki hudaý tutunmaň! Çünki Ol
barmyka)? Takyk, Perwerdigäriňiz örän ýeke-täk Alladyr. Diňe Menden gorkuň!»
Mähirlidir, Rehim-şepagatlydyr. diýdi.
48. Allanyň ýaradan zadyndan (bir 52. Asmanlardaky we ýerdäki ähli
toparynyň) kölegeleriniň sagdan-çepden zat Onuňkydyr. Din (ybadat) hem
Alla sežde edip, agyp-dönüşini, (şeýdip) elmydama Onuňkydyr (diňe Oňa mahsus
olaryň boýun egişlerini görmeýärlermi? bolmalydyr). Eýsem-de, siz Alladan
başgasyndan gorkýarsyňyzmy?
49. Asmanlardaky we ýerdäki ähli
jandarlar we perişdeler tekepbirlik (men- 53. Size ýeten her nygmat Alladandyr.
menlik) etmän, Alla üçin sežde ederler. Soň size zyýan ýetende, dessine, Oňa
ýalbarýarsyňyz.
50. Olar ýokarlaryndaky
Perwerdigärinden gorkarlar we emir 54. Soň (Alla) sizden zyýany
edilen zatlary ýerine ýetirerler. sowanda, araňyzdan bir topar derrew
Perwerdigärine şärik goşýarlar.
273

