Page 362 - Kurany Kerim Meali
P. 362

21.  Bize  gowuşmagy  umyt  etmeýänler:
                «Bize  bir  perişde  iberilsedi  ýa-
                da      Perwerdigärimizi      görsedik»
                diýdiler.  Olar,  şeýdip,  öz  ýanlaryndan
                ulumsyradylar we örän azdylar.


                22.  Olaryň  perişdeleri  görjek  günlerini
                (ýatlaň),  şol  günde  günäkärlere  hiç  hili
                hoş  habar  bolmz  we  (perişdeler  olara):
                «(Size hoş habar eşitmek) gadagandyr»
                diýerler.


                23.  Biz  olaryň  (kapyrlaryň)  işlän  her
                bir amalyny serpilen tozana döndereris,
                (ýagny  haky  kabul  etmedik  adamyň
                ýagşylyklary ýele sowrular).


                24. Ol gün jennetileriň galjak ýerleri has
                haýyrlydyr we dynç aljak ýerleri iň gowy
                ýerdir.


                25. Ol gün asman bulutlar bilen ýarylar
                we perişdeler topar-topar bolup inderiler.

                26.  Ol  gün  hakyky  hökümdarlyk             30. Pygamber bolsa: «Eý, Perwerdigärim!
                Rahmana  (Alla)  degişlidir  we  kapyrlar     Takyk,  meniň  kowumym  bu  Kurany
                üçin örän agyr gün bolar.                     (hökümleri bilen amal edilmän) taşlanan
                                                              (bir kitap) hökmünde goýdular» diýer.
                27. Ol gün zulum eden öz barmaklaryny
                dişläp:  «Käşgä,  pygamberiň  ýoluna          31. Şeýdip, biz pygamberleriň her birine
                girsedim.                                     günäkärlerden  bolan  duşmanlar  berdik.
                                                              Şonuň  üçin  dogry  ýola  gönükdiriji  we
                28.  Maňa  haýp  bolsun!  Käşgä,  pylan       ýardamçy  hökmünde  Perwerdigäriň
                kişileri dost edinmesedim.                    ýeterlikdir.


                29.  Maňa  ýatlatma  (Kuran)  geleninden      32.   Ýene-de     kapyrlar:   «Kuranyň
                soň,  ol  (Alladan  özge  tutulan  dostlar)   hemmesi  oňa  (pygambere)  bir  gezekde
                meni  mundan  daşlaşdyrdy.  Şeýtan            inderilsedi»  diýdiler.  Biz  muny  seniň
                ynsany (ýarpy ýolunda taşlap), masgara        ýüregiňe doly ýerleşdirmek üçin (bölek-
                eder» diýer.                                  bölek) inderdik we ony saňa birin-birin
                                                              okadyk.


                                                                                                 363
   357   358   359   360   361   362   363   364   365   366   367