Page 434 - Kurany Kerim Meali
P. 434

49.  (Eý,  Muhammet!  Sen)  olara  aýt:
                «Hakykat geldi we mundan soň batyl ne
                bir zady ýüze çykaryp biler, ne-de yzyna
                gaýtaryp biler».

                50.  (Eý,  Muhammet!  Sen)  olara  aýt:
                «Eger  ýoldan  çyksam,  öz  zyýanyma
                ýoldan çykaryn. Emma eger dogry ýoly
                tapsam, bu maňa Perwerdigärimiň wahyý
                eden zady (Kurany) sebäplidir. Takyk, Ol
                (ähli zady) eşidýändir, (bize) ýakyndyr».

                51. (Eý, Muhammet!) Sen olary gorkup
                aljyran wagtlary bir görsediň! Olara indi
                hiç  hili  çykalga  ýokdur  we  olar  ýakyn
                ýerde tutulandyrlar.

                52. Olar (boljak iş bolandan soň): «Oňa
                ynandyk» diýdiler. Indi olar daş ýerden
                (dünýädäki durmuş geçip gidenden soň)
                nädip imana ýetsinler?


                53.  Aslynda  bolsa,  olar  öň  hakykaty
                inkär edipdiler we uzak ýerden gaýyby
                (gürrüňleri  bilmek  üçin)  çaklamalary
                hödürleýärdiler.

                54.  Indi  mundan  öň  ýaranlaryna  hem
                edilişi  ýaly,  olaryň  özleri  bilen  arzuw
                edýän zatlarynyň arasyna böwet çekildi.
                Takyk,  olar  gaýgylandyryjy  şübhäniň
                astyndadyrlar.                               Ol  ýaratmagyny  isleýşi  ýaly  artdyrar.
                                                             Takyk, Allanyň ähli zada güýji ýetýändir.


                                                             2.  Alla  ynsanlara,  haýsy-da  bolsa,  bir
                                                             rahmet gapysyny açsa, oňa hiç kim böwet
                                                             bolup  bilmez.  Allanyň  tutan  (saklan)
                     35-nji süre: «Fatyr» («Dörediji»)
                                                             zadyny, ondan soň boşadyp bilen bolmaz.

                «Fatyr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,   Ol Gudraty güýçlüdir, hikmet eýesidir.
                ol 45 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň ady ilkinji
                aýatda agzalýan «Dörediji» manysyny aňladýan   3.  Eý,  adamlar!  Allanyň  size  beren
                «Fatyr» sözünden gelip çykýar.               nygmatlaryny  ýada  salyň!  Alladan
                                                             başga  size  asmandan  we  ýerden  rysgal
                   Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-        berip  biljek  ýaradyjy  barmy?  Ondan
                       şepagatly) Allanyň ady bilen
                                                             başga (ybadata laýyk) hudaý ýokdur. Bu
                1.  Ähli  hamdy-sena  asmanlary  we  ýeri    ýagdaýda  näme  üçin  (küpüre)  gaýdyp
                ýokdan dörediji, iki, üç we dört ganatly     gelýärsiňiz?
                perişdeleri  ilçiler  eden Alla  mahsusdyr.

                                                                                                 435
   429   430   431   432   433   434   435   436   437   438   439