Page 477 - Kurany Kerim Meali
P. 477
kitapdyr.
Düşündiriş: Bu aýatda agzalýan «Fussylet»
(«Doly beýan edilen») sözüniň manysy aşakdaky
görnüşlerde düşündirilýär: 1. Kuranyň hökümleri,
kyssalary, nesihatlary aç-açan mälim edilen. 2.
Süreleriň başlanýan ýerleri we gutarýan ýerleri
beýan edilen. 3. Wadalar, kyssalar, hökümler,
mysallar aýratynlykda beýan edilen.
4. Bu kitap (jenneti) buşlaýjy we
(dowzahy) duýduryjy kitapdyr. Emma
olaryň (kapyrlaryň) köpüsi (mundan)
ýüz öwürdiler. Indi olar (hak söze) gulak
asmazlar.
5. Olar: «Seniň bizi çagyrýan zatlaryňa
ýüreklerimiz ýapyk, gulaklarymyzda
bolsa agyrlyk bar. Biziň we siziň aramyza
perde çekildi. Şoňa görä sen (islän)
zadyňy et, biz hem (islän) zadymyzy
edýäris» diýdiler.
6. (Olara) aýt: «Men hem siziň ýaly
bir ynsan. Maňa hudaýyňyzyň ýeke-
täk (Alladygy) habar berilýär. Indi Oňa
ýüzleniň hem-de Ondan günäňiziň
geçilmegini diläň!». (Alla) şärik
goşanlaryň hallary harap bolsun!
7. Olar zekat bermeýärler. Ahyreti inkär
edýänler hem şolardyr.
8. Takyk, iman getirip, ýagşy işleri
41-nji süre: «Fussylet» edenler üçin (jennet içre) tükeniksiz
(«Doly beýan edilen») ýagşylyklar bardyr.
9. Olara aýt: «Takyk, siz ýeri iki
«Fussylet» süresi Mekgede inen sürelerden günde ýaradany inkär edip, Oňa şärik
bolup, ol 54 aýatdan ybaratdyr. Süräniň ady goşýarsyňyzmy?» Ol (Alla) älemleriň
3-nji aýatda agzalýan «Doly beýan edilen» Perwerdigäridir.
manysyny aňladýan «Fussylet» sözünden gelip 10. Alla ýerde berk, äpet daglary
çykýar. Sürede pygamberleriň ymmatlaryny hak
ýola çagyrandyklary, Kurany Kerimiň Allanyň ýerleşdirdi. Ol ýerde (daglarda) bereketi
sözüdigi we Allanyň birligi barada aýdylýar. hasyl etdi we (ýene-de) Ol, takyk, dört
günüň içinde (iki gün ýeri ýaratdy, iki gün
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim- hem ýeriň berk durmagy üçin gazyklar
şepagatly) Allanyň ady bilen bolan daglary ýaratdy) ýerde isleýänler
üçin deň hatarda nygmatlar taýýar etdi.
1. Ha, Mim. 11. Soň duman bolup duran asmana
2. (Bu) Kuran (Rahman (Mähriban) (tarap) ýöneldi. Oňa (asmana) we ýer
we Rahym (Rehim-şepagatly) Alla (togalagyna: «Öz islegiňiz bilen ýa-da
(tarapyndan) inderilendir. mejbury (ýagdaýda) geliň» diýdi. Ikisi
3. Bilyän kowum üçin aýatlary arapça hem: «Öz islegimiz bilen (Saňa tabyn
okalmak arkaly doly beýan edilen bolup) geldik» diýdiler.
478

