Page 138 - Kurany Kerim Meali
P. 138
82. Iman getirip‚ öz imanlaryna hiç hili
zulum (şäriklik) gatyşdyrmadyklar‚ (ine),
olar (howpdan) aman bolarlar we olar
dogry ýoldadyrlar.
83. Ine, bular Ybraýyma kowumyna garşy
(durmak üçin) beren (anyk) delillerimizdir.
Biz islänimiziň derejelerini (mertebesini)
artdyrarys. Takyk, seniň Perwerdigäriň
hikmet eýesidir, (ähli zady) bilýändir.
84. Biz oňa (Ybraýyma) Yshak bilen
Ýakuby (perzent edip) berdik. Olaryň
her haýsyny dogry ýola (pygamberlige)
gönükdiripdik. Nuhy hem dogry ýola
gönükdiripdik we onuň zürýadyndan
Dawudy‚ Süleýmany‚ Eýýuby‚ Ýusuby‚
Musany hem-de Haruny (hem) dogry ýola
gönükdiripdik. Biz ýagşy işleri edýänleri,
ine, şeýdip sylaglarys.
85. Zekeriýýany‚ Ýahýany‚ Isany we
Ylýasy hem (dogry ýola gönükdiripdik).
Olaryň hemmesi-de salyh bendelerdendi. 89. Ine‚ olar Biziň özlerine kitap‚ hikmet
we pygamberlik beren (bendelerimizdir).
86. Ysmaýyly‚ Elýesagy‚ Ýunusy we Eger olar (kapyrlar) bu (aýatlarymyzy)
Luty hem (dogry ýola gönükdiripdik). inkär etseler, onda Biz inkär etmeýän bir
Olary (öz ýaşan döwürlerinde) älem- kowumy (möminleri) olara (derek) wekil
jahana (pygamberlik berip) üstün etdik. edendiris (ýagny ylahy kitaplara tabyn
boljak möminler hökman bolar).
87. Olaryň ata-babalaryndan‚
zürýatlaryndan we doganlaryndan 90. Ine, olar Allanyň dogry ýola
käbirlerini hem (töweregindäki gönükdiren kişileridir. Sen hem olaryň
ynsanlardan üstün edip) saýlap-seçdik ýoluna tabyn bol! (Eý, Muhammet!)
hem-de dogry ýola gönükdirdik. Sen (olara): «Men muňa (pygamberlik
wezipämi size ýetirendigim üçin) sizden
88. Ine‚ bu ýol Allanyň dogry ýoludyr‚ oňa hak (tölemegiňizi) soramaýaryn. Ol
(bendelerinden) islänini gönükdirer. Eger (Kuran) bütin älem-jahan üçin diňe bir
olar (Alla) şärik goşsadylar, (onda) olaryň öwütdir».
(ýeten şol derejelerine garamazdan) eden
(ähli ýagşy) amallary puç bolardy.
139