Page 142 - Kurany Kerim Meali
P. 142

111.  Eger  Biz  olara  (isleýişleri  ýaly)
                perişdeleri  (pygamber  edip)  indersedik,
                ölüler hem (direlip) olar bilen gepleşsedi
                we  hemme  zady  aç-açan  öňlerinde
                jemlesedik, şonda-da Allanyň isläninden
                başgalary  (bir  bahana  tapyp)  iman
                getirmezdiler.  Ýöne  olaryň  köpüsi
                (iman  getirmegiň  Allanyň  ygtyýaryna
                baglydygyna) düşünmeýärler.

                112. Ine, şeýdip, Biz her bir pygambere
                ynsan  we  jyn  şeýtanlaryny  duşman
                etdik.  Olar  aldamak  üçin  biri-birlerine
                bezelen (ýalan) sözleri ýetirýärler. Eger
                Perwerdigäriň islesedi‚ muny hem edip
                bilmezdiler. Sen olary öz toslan ýalanlary
                bilen ýalňyz goý!                            115. Seniň Perwerdigäriň sözi dogrulyk
                                                             we adalat taýdan kämildir. Onuň sözlerini
                113.  (Olar)  ahyrete  ynanmaýanlaryň        üýtgedip biljek (hiç kim) ýokdur. Ol (ähli
                ýürekleri  oňa  (bezelen  ýalan  sözlere)    zady) eşidýändir, bilýändir.
                meýil edip, ondan lezzet almaklary üçin
                hem-de gazanýan zatlaryny (günälerini)       116.  Eger  sen  ýerdäkileriň  köpüsine
                gazanmaga (işlemäge) dowam etmekleri         tabyn bolsaň‚ olar seni Allanyň ýolundan
                üçin (bezelen ýalan sözleri aýdýarlar)!      azaşdyrarlar. Olar gümandan başga zada
                                                             uýmazlar. Olar diňe ýalan sözlärler.
                114.  (Eý,  Muhammet!)  Aýt:  «Men
                Alladan  başga  emin  gözlärinmi?  Size      117. Takyk, seniň Ol Perwerdigäriň Öz
                kitaby  giňişleýin  (beýan)  edip  inderen   ýolundan  azaşany  örän  gowy  bilýändir.
                Oldur».  Takyk,  özlerine  (öň)  kitap       Ol  dogry  ýoldakylary  hem  örän  gowy
                berenlerimiz  (ähli-kitabyň  alymlary)       bilýändir.
                hem onuň (Kuranyň) seniň Perwerdigäriň
                tarapyndan  inderilendigini  bilýändirler.   118. Eger siz Onuň (Allanyň) aýatlaryna
                Bes,  sen  (Kuranyň  hakdygyna)  şübhe       ynanýan  bolsaňyz‚  (damagy  çalnanda)
                edijilerden bolma!                           Allanyň ady aýdylan (mallaryň etinden)

                                                             iýiň!

                                                                                                 143
   137   138   139   140   141   142   143   144   145   146   147