Page 217 - Kurany Kerim Meali
P. 217

73. Şonda ony (Nuhuň pygamberligini)
                                                      inkär etdiler. Biz ony hem-de onuň bilen
                                                      bile gämide bolan kişileri halas etdik we
                                                      olary  (heläk  bolanlaryň  mak-mülküne,
                                                      ýerine) mirasdüşer etdik. Aýatlarymyzy
                                                      ýalan hasaplanlary bolsa gark etdik.


                                                      74.  Soň  onuň  (Nuhuň)  yzysüre  (niçe)
                                                      pygamberleri  öz  kowumlaryna  iberdik.
                                                      (Pygamberler)  olara  aýdyň  mugjyzalar
                                                      bilen geldiler. Olar ozal ýalan hasaplan
                                                      zatlaryna  ýene-de  iman  getirmediler.
                                                      Biz  hetden  aşýanlaryň  ýüreklerini,  ine,
                                                      şeýdip, möhürläp goýýarys.

                                                      75.  Soň  olaryň  yzyndan  Fyrgawna  we
                                                      onuň  emeldarlaryna  mugjyzalarymyz
                                                      bilen  Musany  we  Haruny  iberdik.  Olar
                                                      tekepbirlik  etdiler  we  günäkär  kowum
                                                      boldular.

          71.  (Eý,  Muhammet!)  Olara  Nuhuň         76.  Olara  biziň  huzurymyzdan  hakykat
          habaryny  oka  (ýetir).  Ol  kowumyna:      (mugjyza) gelende: (olar) «Şübhesiz, bu
          «Eger  meniň  (araňyzda)  bolmagym  we      hakyky jadygöýlikdir» diýdiler.
          Allanyň  aýatlaryny  ýatlatmagym  size
          agyr degýän bolsa, (şuny unutmaň, men       77. Musa: «Siz özüňize gelen hakykata
          owalbaşdan)  ýalňyz Alla  bil  bagladym.    (jadygöýlik)  diýýärsiňizmi?!  Eýsem,
          Şoňa  görä,  siz,  şärikleriňiz  bilen      jadymy şu?! (Elbetde) jadygöýler halas
          jemlenip,  (etjek)  işiňiz  (barada  karara   bolmazlar» diýdi.
          geliň!  Ýöne)  soň  siziň  (bu)  işiňizde
          gümürtiklik  bolmasyn.  Soň  bolsa  men     78.  Olar:  «(Eý,  Musa,  sen)  bize  ata-
          baradaky hökümiňizi beriň, garaşmaň!        babalarymyzyň  ýörän  ýolundan  ýüz

                                                      öwürtmek we ýer ýüzündäki beýikligiň
          72. Eger (dogry ýoldan) ýüz öwürseňiz       (soltanlygyň)  ikiňize  galmagy  üçin
          (öwrüň). Çünki men sizden hiç bir hak       geldiňmi?     Biz    siziň    ikiňize-de
          soramadym. Meniň hakymy ýalňyz Alla         ynanmaýarys» diýdiler.
          berer. Maňa musulmanlardan bolmagym
          emir edildi» diýipdi.



                                                                                        218
   212   213   214   215   216   217   218   219   220   221   222