Page 213 - Kurany Kerim Meali
P. 213

36. Olaryň köpüsi gümandan başga zada
                                                       eýermeýärler.  Gümanyň  bolsa  hakyň
                                                       ýanynda hiç bir ähmiýeti ýokdur. Takyk,
                                                       Alla siziň edýän işleriňizi bilýändir.


                                                       37.  Bu  Kuran Alladan  başga  (hiç  kim)
                                                       tarapyndan  oýlanyp  tapylan  zat  däldir.
                                                       Elbetde,  (ol)  özünden  öňkini  (Zebur,
                                                       Töwrat,  Injil  ýaly  ylahy  kitaplaryň
                                                       hakdygyny)  tassyklaýan  we  älemleriň
                                                       Perwerdigäri  tarapyndan  (inderilenligi
                                                       barada) özünde hiç hili şübhe bolmadyk
                                                       kitabyň düşündirişidir.

                                                       38.  Ýogsa-da  olar  ony  (Kurany:
                                                       («Pygamber  oýlap  tapdy»  diýýärlermi?
                                                       (Eý,  Muhammet!)  Aýt:  «Eger-de  siz
                                                       dogry (sözli) kişiler bolsaňyz, oňa meňzeş
                                                       bir  süräni  getiriň  hem-de  (munuň  üçin)
                                                       Alladan  gaýry  güýjüňiz  ýetýän  kişileri
                                                       (kömege) çagyryň!

                                                       39.  Ýok,  olar  ylmyna  (manysyna)  aň
                                                       ýetirip bilmedik, entek özlerine ýorgudy
                                                       hem  gelmedik  zada  (Kurana)  ýalan
                                                       diýdiler.  Olardan  owalky  kişiler  hem

          34.  (Eý,  Muhammet!)  Aýt:  «(Alla)         şeýdip, (ynanman) ýalan diýipdiler. Hany
          şärik goşýanlaryňyzyň arasynda (birini)      bir  nazar  eýle!  Zalymlaryň  soňy  nähili
                                                       boldy?!
          owalbaşdan  ýaradyp,  soň  ony  (ölenden
          soň direldip) gaýtadan getirýäni barmy?!».   40.  Olaryň  käbiri  (Kurana)  ynanýar,
          (Eý, Muhammet!) Aýt: «Alla owalbaşdan        käbiri  hem  ynanmaýar.  Perwerdigäriňiz
          ýaradyp, soň ony (ölenden soň direldip)      bozgak kişileri örän gowy bilýändir.
          gaýtadan  getirýär.  Eýsem-de,  siz  nädip
          (dogry ýoldan) azaşdyrylýarsyňyz?!           41.  (Eý,  Muhammet!)  Eger  saňa  ýalan

                                                       (aýdýarsyň) diýseler, (olara) aýt: «Meniň
          35.  (Eý,  Muhammet!)  Aýt:  «Siziň          edýän işim maňa degişli, siziň edýän işiňiz
          şärikleriňiziň   arasynda   hak    ýola      size degişli. Meniň edýän zatlarymdan siz
          gönükdiriji  barmy?!  (Eý,  Muhammet!)       soralmarsyňyz,  siziň  edýän  işiňizdenem
          Aýt: «Alla hak (ýola) gönükdirer!». Şuňa     men soralmaryn».
          görä, hak (ýola) ýetirýäne tabyn bolmak
          has  dogrusymy  ýa-da  (dogry  ýola)         42.  Olaryň  arasynda  saňa  gulak
          ýetirmeýän,  gaýtam  (özi  dogry  ýola)      gabardýanlary    hem    bardyr.   Eger,
          ýetirmäge  (mätäç)  bolanmy?!  (Eý, Alla     akyllaryny  ulanmaýan  bolsalar,  sen
          şärik  goşanlar!)  Size  näme  bolýar?  Siz
          neneňsi höküm çykarýarsyňyz?!                kerlere nädip eşitdirip biljek?!

                                                                                        214
   208   209   210   211   212   213   214   215   216   217   218