Page 262 - Kurany Kerim Meali
P. 262
15-nji süre: Hyjr
«Hyjr» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
ol 99 aýatdan ybaratdyr. Bu süräniň 80-84-nji
aýatlarynda hyjr halky barada habar berlendigi
üçin bu sürä «Hyjr» diýip at berlipdir. Sürede
esasan hem, pygamberlerden Adam, Lut, Şugaýyp
we Salyh aleýhissalam dagynyň kyssalary beýan
edilýär. Şeýle hem bu sürede möminlere ahyretde
bagtly ýaşaýşyň garaşýandygy, kapyrlaryň bolsa
ezýet çekjekdikleri barada habar berilýär.
Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
şepagatly) Allanyň ady bilen
1. Elif, Läm, Ra. Bular (ylahy) kitabyň
we äşgär Kuranyň aýatlarydyr.
2. Wagty gelende, inkär eden kişiler:
«Käşgä, musulman bolsadyk» diýip
arzuw ederler.
3. Goý, olara degme, iýsinler, (dünýäniň
eşretinden) peýdalansynlar, olary
arzuw-hyýallary gümra etsin. (Olar bu
etmişleriniň görgüsini), ine, tiz bilerler.
4. Biz hiç bir ýurdy (milleti) heläk
etmedik. Diňe onuň üçin mälim ýazgy
(bellenilip goýlan wagt gelenden soň
heläk etdik).
(pygamberler) iberdik.
5. Hiç bir ymmat ajalyny öňe süýşürip
hem bilmez, gijikdirip hem bilmez. 11. Olara her bir pygamber
gelende (iberilende), dessine ony
6. (Kapyrlar Muhammede): «Eý, özüne masgaralaýardylar.
Zikir (Kuran) inderilen kişi. Takyk, sen
mejnunsyň. 12. Ine, şeýdip, ony (pygamberi ýaňsylap
günäkär bolmagy) günäkärleriň kalbyna
7. Eger dogruçyllardan bolsaň, bize guýarys.
perişdeleri getir-dä?» diýdiler.
13. Owalkylaryň ýörelgesi (ters bolup,
8. Biz perişdeleri diňe hak (we hikmet) heläkçilik bilen) geçen hem bolsa,
bilen inderýäris. Şonda olara möhlet (muny bilseler-de, mekgeli kapyrlar) oňa
berilmez (heläk edilerler). (Kurana) ynanmaýarlar.
9. Takyk, Zikiri (Kurany) Biz inderdik we 14, 15. Eger Biz olara asmandan bir gapy
onuň goragçylary-da, elbetde, Bizdiris! açsak, olar hem ol ýere çyksalar (we
gudratymyzy görseler, şonda-da olar)
10. (Eý, Muhammet!) Kasam bolsun! hökman: «Gözlerimiz baglandy, belki-
Biz senden owalky toparlara hem de, biz jadylandyk» diýerler.
263

