Page 264 - Kurany Kerim Meali
P. 264
31. Diňe Iblis (sežde etmedi. Ol) sežde
edenler bilen bolmagy kabul etmedi.
32. (Şonda Alla): «Eý, Iblis, näme üçin sen
sežde edenler bilen bile bolmaýarsyň?»
diýdi.
33. (Iblis): «Men guran, durup garalan,
şekil berlen palçykdan ýaradan ynsanyňa
sežde etmerin» diýdi.
34. (Alla): «Ol ýerden (jennetden we
perişdeleriň arasyndan) çyk! Takyk, sen
kowuldyň.
35. Takyk, tä jeza (kyýamat) gününe çenli
saňa nälet bolar» diýdi.
36. (Iblis): «Eý, Perwerdigärim, onda
maňa (ynsanlaryň) direldiljek gününe çenli
möhlet ber!» diýdi.
37, 38. (Alla): «Sen mälim (kyýamat)
gününe çenli möhlet berlenlerdensiň» diýdi.
39. (Iblis): «Perwerdigärim, meni azdyranyň
sebäpli, elbetde, olara ýerdäki (günä işleri)
gözel edip görkezerin hem-de hökman
olaryň ählisini azdyraryn.
40. Diňe olardan yhlasly bendeleriňi 46. (Takwalara) «Oňa salamatlyk bilen
(azdyryp bilmerin)» diýdi. aman-esen halda giriň!» (diýler).
41. (Alla): «Ine, Maňa (gelýän) dogry ýol 47. Biz (jennetde) olaryň köňüllerindäki
şudur. kinäni sogrup çykardyk. (Olar) dogan-
gardaş bolup, tagtlaryň üstünde ýüzbe-ýüz
42. Takyk, saňa Meniň yhlasly bendelerimiň (oturarlar).
üstünden hökmürowanlyk etmek ýokdur.
Diňe azgynlardan saňa tabyn bolan kişilere 48. Olara ol ýerde (jennetde hiç-hili)
(hökmürowanlyk edip azdyryp bilersiň). argynlyk ilteşmez hem-de olar ol ýerden
çykarylmazlar.
43. Takyk, dowzah olaryň (azaşanlaryň)
ählisine wada berlen ýerdir. 49. (Eý, Muhammet!) Sen bendelerime
habar ber, takyk Men Bagyşlaýjydyryn,
44. Onuň (dowzahyň) ýedi gapysy bardyr. Rehim-şepagatlydyryn.
Her gapy üçin olardan (günälerine görä)
bölünen bir topar bardyr» diýdi. 50. Azabym bolsa örän yza beriji azapdyr.
45. Takyk, takwalar jennetlerde, çeşme 51. Olara Ybraýymyň myhmanyndan
başlarynda bolarlar. (perişdelerden) habar ber!
265

