Page 322 - Kurany Kerim Meali
P. 322

21-nji süre: «Enbiýa»
                            («Pygamberler»)

                «Enbiýa» süresi Mekgede inen sürelerden bolup,
                ol  112  aýatdan  ybaratdyr.  Sürede  17  pygamber
                barada  giňişleýin  gürrüň  gozgalýandygy  üçin,
                oňa «Enbiýa» diýlip at berlipdir.

                  Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-
                       şepagatly) Allanyň ady bilen


                1. Ynsanlaryň hasap wagtlary golaýlaşdy,
                olar  bolsa  (mundan)  bihabar,  (Hakdan)
                ýüz öwürýärler.


                2.  Olar  özleriniň  Perwerdigärinden
                özlerine  gelen  her  bir  täze  duýduryşy
                hem diňe ýaňsa alyp diňleýärler.

                3.  Ýürekleri  perwaýsyzdyr.  Zulum
                edenler  ýaşyryn  söhbetlerinde:  «Bu
                (Muhammet)  özüňiz  ýaly  adam  dälmi
                eýsem? Siz gözüňiz bilen görüp durkaňyz,
                jada eýerýärsiňizmi?» diýdiler.


                4.    (Şonda    Muhammet):      «Meniň       iberen pygamberlerimiz gerçeklerdi (sen
                Perwerdigärim  asmanda  we  ýerde            ýaly  ynsandy).  Eger  muny  bilmeýän
                aýdylan  sözi  bilýändir.  Ol  (ähli  zady)   bolsaňyz,  bilýänlerden  (öňki  inderilen
                eşidýändir we bilýändir» diýdi.              ylahy  kitaplardan  habarly  adamlardan)
                                                             soraň!
                5.  Olar  şonda:  «Bular  (onuň  aýdýan
                zatlary)  bolgusyz  düýşlerdir»,  «Ýok,      8. Biz olary (pygamberleri) zat iýmeýän
                belki-de, ony özünden toslandyr», «Ýa-       bir  jeset  edip  ýaratmadyk,  olar  ölmez-
                da ol şahyrdyr», «Goý, ol öňki iberilen      ýitmez hem däldirler.
                pygamberler  ýaly  bize  alamat  (gudrat)
                getirsin» diýdiler.                          9. Soň biz olara beren wadamyzy ýerine
                                                             ýetirip,  olary  we  öz  islänlerimizi  halas
                6.  Biziň  olardan  öňki  heläk  eden  oba-  etdik, hetden aşanlary bolsa heläk etdik.
                şäherlerimiziň  halkynyň  hiç  haýsy
                iman  getirmändi.  Heý-de,  şular  iman      10.  Takyk,  Biz  size  içinde  öwüt-
                getirermi?!                                  nesihatymyz  bar  bolan  kitap  inderdik,
                                                             heý, akylyňyzy ulanmaýarsyňyzmy?
                7. Biziň senden öň hem wahyý inderip
                                                                                                 323
   317   318   319   320   321   322   323   324   325   326   327