Page 502 - Kurany Kerim Meali
P. 502

33.  (Şonuň  üçin)  olara  eden  (ähli)
                erbetlikleri  aýan  boldy  we  olaryň
                ýaňsylaýan  zatlarynyň  (azaby)  olary
                (doly) gurşap aldy.
                34.  (Olara):  «Siziň  şu  güne  duşmagy
                unudyşyňyz  ýaly,  Biz  hem  bu  gün
                sizi  unutdyk.  Siziň  tünegiňiz  otdur
                (dowzahdyr).  Siziň  hiç  hili  kömekçiňiz
                ýokdur» diýildi.
                35. Munuň (sebäbi), takyk, siz Allanyň
                aýatlaryny     (äsgermezçilik     edip)
                ýaňsyladyňyz  we  dünýä  ýaşaýşy  sizi
                aldady.  Bes,  bu  gün  olar  ol  ýerden
                (dowzahdan)     çykarylmazlar,   olaryň
                tobalary (ötünçleri) hem kabul edilmez.
                36. Bes, ähli hamdy-senalar asmanlaryň
                Perwerdigäri,  ýeriň  Perwerdigäri  we
                älemleriň  Perwerdigäri  (bolan)  Alla
                mahsusdyr!
                37. Asmanlarda we ýerde beýiklik diňe
                Alla  mahsusdyr.  Ol  (Alla)  Gudraty
                güýçlüdir, hikmet eýesidir.


                  46-njy süre: «Ahkaf» («Gum depeleri»)

                «Ahkaf»  süresi  pygamberimiziň  Mekgede
                ýaşan döwrüniň ahyrlarynda inip, ol 35 aýatdan
                ybaratdyr.  «Ahkaf»  sözi  «Gum  depeleri»
                diýmegi  aňladýar.  Bu  söz  süräniň  21-nji
                aýatynda agzalýar. «Ahkaf» süresi «Hawamim»
                süreler toparynyň iň soňky süresidir. Bu sürede
                Mekgedäki hak dine garşy çykanlaryň ad halky   4. (Eý, Muhammet! Alla şärik goşýanlara):
                ýaly  heläk  ediljekdikleri  barada  duýdurylyp,   «Siz Alladan başga çagyrýan zatlaryňyz
                Muhammet    aleýhissalamyň   pygamberligini   (barada) habar beriň! Olar ýerden nämäni
                kabul  etmelidikleri  habar  berilýär.  Süräniň   ýaratdylar, görkeziň maňa? Ýa-da olaryň
                ahyrynda  bolsa  Kurany  Kerimi  diňläp,  dogry   asmanlarda şärigi barmy? Eger dogruçyl
                ýola giren jynlaryň beýleki jynlara hak dini habar   bolsaňyz, mundan (Kurandan) öň (gelen)
                bermek  üçin  gidendikleri  beýan  edilip,  kejirlik   bir  kitap  ýa-da  ylymdan  bir  galyndy
                edýän kapyrlara ybrat almaklygy ündelýär.    getiriň (göreliň)!» diýip aýt.
                                                             Düşündiriş: Bu ýerde öňki kitapdan maksat Alla
                   Rahman (Mähriban) we Rahym (Rehim-        tarapyndan iberilen ylahy kitaplardyr. Ylymdan
                       şepagatly) Allanyň ady bilen          bir  galyndy  bolsa  öňki  pygamberleriň  öwreden
                                                             taglymatlarynyň  galyndylarydyr.  Ol  kitaplarda
                1. Ha, Mim.                                  Alla şärik goşmaklyk inkär edilýär.
                2. (Bu) kitabyň inderilmegi Gudraty güýçli,
                hikmet eýesi Alla (tarapyndandyr).           5.  Özüniň  (dilegine),  tä  kyýamat
                3.  Biz  asmanlary,  ýeri  we  olaryň        gününe  çenli  jogap  berip  bilmejek
                arasyndaky  zatlary  (boş  ýere  däl-de),    hem-de  özlerinden  (edilýän)  dilegden
                hak (we hikmet) bilen we belli bir wagta     bihabar (bolanlara ybadat edip) Alladan
                (çenli)  ýaratdyk.  (Emma)  kapyrlar         başgasyny çagyrýan kişiden has azaşan
                (özlerine)  duýdurylan  zatdan  (kyýamat     (başga) kim (bolup biler)?
                gününden) ýüz öwürýärler.

                                                                                                 503
   497   498   499   500   501   502   503   504   505   506   507