Page 506 - Kurany Kerim Meali
P. 506

29.  (Eý,  Muhammet!)  Biz  Kuran
                diňlemekleri üçin seniň ýanyňa jynlardan
                bir kowumy iberipdik. Olar onuň ýanyna
                gelenlerinde  (biri-birlerine):  «Ýuwaş
                boluň!»    diýdiler.   (Kuran   okalyp)
                gutaransoň,  olar  öz  kowumlaryna
                duýdurmak (habar bermek) üçin yzlaryna
                öwrülip gitdiler.


                30.  Olar  (jynlar):  «Eý,  kowumymyz!
                Biz  Musadan  soň  inderilen,  özünden
                öňküleri tassyklaýan, hak (we hakykata)
                hem-de dogry ýola gönükdirýän bir kitap
                diňledik.

                31.    Eý,     kowumymyz!       Allanyň
                ýoluna  (çagyrýan)  bu  çakylykçynyň
                (çakylygyna)  jogap  berip  (kabul  ediň)
                we  oňa  iman  getiriň!  (Şeýtseňiz),  Alla
                (hem) siziň günäleriňizi bagyşlar we sizi
                jebir-jepaly azapdan halas eder» diýdiler.


                Düşündiriş: Bu aýatdan jynlaryň Musa pygambere
                we  beýleki  pygamberlere  inen  kitaplara  hem
                ynanandyklary  belli  bolýar.  Bu  hadysadan  soň
                jynlar topar-topar bolup pygamberimiziň ýanyna
                gelip, musulman bolýarlar.                   görkezilip:  «(Ine),  bu  (dowzah  ody)
                                                             hakykat  dälmi?»  (diýlip  soralanda),
                32.  Kim  Allanyň  (ýoluna)  çagyrýanyň      olar:  «Hawa,  Perwerdigärimiz!  Kasam
                (çakylygyna)  jogap  bermän  (kabul          bolsun!  Hak  (ekeni)»  diýerler.  (Alla)
                etmese),  ol  hiç  haçan  ýerde  (Allany)    olara:  «Inkär  edendigiňiz  üçin  (hany),
                ejizledip, (Onuň jezasyndan gaçyp sypyp)     azaby dadyň!» diýer.
                bilmez. Oňa Ondan (Alladan) başga hiç
                bir dost-ýarlar (hossar) hem ýokdur. Olar    35.  (Şonuň  üçin,  eý,  Muhammet!)  Sen
                äşgär azaşmaklygyň içindedir.                hem (Nuh, Ybraýym, Musa we Isa ýaly)
                                                             örän  tutanýerli  pygamberleriň  sabyr
                33.  Olaryň  (kapyrlaryň)  asmanlary  we     edişleri  kimin,  sabyr  et!  Olara  (azabyň
                ýeri ýaradan, ýaratmak bilen hem hiç hili    gelmegi) üçin howlukma! Olar özlerine
                ýadamaýan  Allanyň  ölüleri  direltmäge      wada  edilen  (azaby)  gören  günleri,
                güýjüniň  ýetýändigine  (heniz  hem)         (dünýäde)  gündiziň  diňe  bir  sagady
                akyllary  çatmadymy?  Hawa,  elbetde,        (salymy) galan ýaly bolarlar. (Bu olara)
                Onuň ähli zada güýji ýetýändir.              bir duýduryşdyr! Heý-de, (ýoldan çykan)
                                                             pasyklar  kowumyndan  başgasy  heläk
                34.  Ol  gün  kapyrlara  (dowzah)  ody       edilermi!


                                                                                                 507
   501   502   503   504   505   506   507   508   509   510   511