Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

EGIN-EŞIK BARADA

Hadyslar>>Egin-eşik barada

Semüre radyýallahu anhadan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ak reňkdäki egin-eşik geýiň. Sebäbi, ak reňk has arassa we has göze ýakymlydyr. Ölüleriňizi hem ak kepene dolaň.”

***

Esma binti Ýezid el Ensariýe radyýallahu anha şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň köýneginiň ýeňi bilegine çenlidi.

***

Ibni Omar radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kyýamat gününde, Allatagalla tekepbirlenip, ulumsylyk bilen lybasynyň, eşiginiň etegini ýerde süýreýäp ýöreýän kişiniň ýüzüne seretmez”. Muny eşiden Ebu Bekir:
-Ýa Resulallah! Käwagt üns bermedik wagtym, meniňem etegim ýerde süýrelýär, - diýdi.
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi:
-“Şübhesiz, sen muny tekepbirlenmek üçin edeňok”.

***

Ebu Said el Hudri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir musulman gowy geýinjek bolsa, eginbaş etegi injiklerini örtmelidir. Lybasynyň topuklaryna çenli uzyn bolmasynda günä ýokdyr. Topuklaryndan aşaky bölegi bolsa otdadyr. Alla, ulumsylyk bilen eşiginiň etegini ýerde süýreýän kişiniň ýüzüne seretmez.”

***

Muaz ibni Enes radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kim ýagdaýy bolubam kiçigöwünlilik edip gymmat bahalay, lýuks egin-eşik geýmese, Alla kyýamat güni ol kişini ýaradylanlaryň iň başynda huzuryna çagyrar we ony imän ähliniň geýjek lybaslaryndan islänini geýdirer.”

***

Amr ibni Şugayb kakasyndan, olam atasy radyýallahu anhdan rowaýat etmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Şübhesiz, Alla, beren nygmatlarynyň eserini, netijesini guluň üstünde görmekden hoşal bolar.”

***

Hezreti Aly radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellemi gördüm; sag eline ýüpegi, çep elinedem altyny alyp:
“Şübhesiz, şul iki zat ymmatymyň erkekleri üçin haram edilendir” diýdi.

***

Ebul Melih, kakasy Usama ibni Umeýr radyýallahu anhdan rowaýat etmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem ýyrtyjy haýwanlaryň derilerini ulanmagy gadan etdi.

***

Ebu Said el Hudri radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem täze egin-eşik geýen wagty, (selle, köýnek, don ýaly geýen zadynyň adyny agzap) şeýle doga edýärdi:
“Allahümme lekel-hamdü ente kesewtehniý, es-elüke haýrahü we haýra mä sunia lehü, we euzü bike min şerrihi we şerri mä sunia lehü: (Allahym! Hamd saňa mahsusdyr. Muny maňa Sen geýdirdiň. Senden ony haýyrly etmegiňi we edilşine laýyklykda ulanmagyň haýyryny nesip etmegiňi dileýärin. Şerinden we ýaradylyş maksadyndan başga ulanmagyň şerindenem saňa sygynýaryn)”.

***