Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

HAMD WE ŞÜKÜR BARADA

Hadyslar>>Hamd we şükür barada

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resuly Ekreme (sallallahu aleýhi we sellem) Ysra gijesinde, birinde şerap, beýlekisinde süýt bolan iki gap getirilipdir. Gaplara seredip içi süýtli gaby alypdyr.
Jebraýyl perişde şeýle diýipdir:
“Seni adamyň ýaradylyş maksadyna laýyk bolana, gabat gelýäne ugrukdyran Allaha hamd bolsun. Eger içi şerap doly gaby alan bolsadyň, ymmatyň ýoldan çykardy.”

***

Ýene Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Allaha hamd edip (elhamdülillah diýip) başlanmadyk her möhüm iş bereketsiz bolar. ”

***

Ebu Musa el Eşari radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir guluň çagasy aradan çykanda Allatagalla perişdelerine:
-Gulumyň çagasyny elinden aldyňyz, şeýlemi? – diýip sorar. Olaram:
-Hawa, diýip jogap bererler. Allatagalla:
-“Gulumuň köňül miwesini gopardyňyzmy?” diýip sorar. Perişdeler:
-Hawa, diýip jogap bererler. Allatagalla ýene-de:
-“Şol wagt gulum näme diýdi?” diýip sorar. Perişdeler:
-Saňa hamd etdi we “inna lilläh we inne ileýhi rajigun: Biz Alladan geldik, Alla döneris” diýdi, - diýip jogap bererler.
Allatagalla şeýle buýrar:
-“Gulum üçin jennetde bir köşk guruň we ony hamd köşgi diýip atlandyryň.””

***

Enes ibni Mälik radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Allatagalla, guluň bir zat iýip-içeninden soň hamd etse, şükür etse hoşal bolar. ”