Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

KYÝAMAT GÜNI BARADA

Hadyslar>>Kyýamat güni barada

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
Hiç şeksiz, Allatagalla kyýamat gününde:
“Hany, nirede meniň ryzam, razylygym üçin bir-birini söýenler? Meň kölegämden başga kölegäniň bolmadyk bu günde olary arşymyň kölegesinde kölegeletjek” diýer.

***

Ibni Mesud radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Hasap gününde jähennem getiriler. Jähennemiň ýetmiş müň jylawy, her bir jylawy çekýänem ýetmiş müň perişdesi bardyr.”

***

Numan ibni Beşir radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşitdim diýdi:
“Şübhesiz, kyýamat gününde, dowzahylaryň arasynda azaby iň ýeňil boljak, aýaklarynyň aşagynda iki köz goýlup, şondan ýaňa beýni gaýnajak kişidir. Gaýtam ol, hiç kimiň öz çekýän azabyndan beter azap çekýändir öýtmez. Aslynda bolsa, ol jähennemiň iň ýeňil azabyny çekýändir.”

***

Enes radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem öň hiç eşitmedik nesihatymyzy etdi we şeýle diýdi:
“Eger-de meniň bilýän zatlarymy bilsediňiz, az gülüp köp aglardyňyz”. Bu sözlerden soň Resulullahyň sahabalary ýüzlerini ýapyp agladylar.
Müslümiň rowaýaty bolsa şeýledir:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem sahabalaryň ýagdaýlary barada bir habar alandan soň şeýle diýdi:
-“Jennet bilen jähennem gözlerimiň öňünde aç-açan maňa görkezildi. Haýyr we şer babatda şu güne meňzeş gün görmedim. Eger-de meniň bilýän zatlarymy bilsediňiz, az gülüp köp aglardyňyz.”
Resulullahyň sahabalary üçin mundan has agyr gün bolmandy. Başlaryny örtüp köp agladylar.

***

Ady ibni Hatym radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Rebbiňiz arada hiç bir terjimeçi bolmazdan her biriňiz bilen gürleşjekdir. Kişi sagyna seredip, öňünden ugradan gowy işlerini görer; çepine seredibem döwründe eden erbet işlerini görer. Öňüne sereder, öňünde diňe jähennemi görer. Ýarym hurma bilen bolsadam jähennemden goranjak boluň.”

***

Ebu Berze Nadle ibni Ubeýd el Eslemi radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Hiç bir gul, kyýamat gününde, ömrüni nirede sarp edendigi, ylmy bilen nämeler edendigi, mal-mülküni nirede gazanyp nirede harjandygy, bedenini nirede köneldendigi soralman ýerinden bytnap bilmez.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kyýamat gününde adamlar şeýle bir derlärler, olaryň derleri ýeriň ýetmiş arşyn çuňlugyna çenli ýeter. Der olaryň agzyna jylaw dakan ýaly gulaklaryna çenli ýeter.”

***

Äşe radyýallahu anha, Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşitdim diýdi:
-“Adamlar kyýamat gününde aýakgapsyz, ýalaňaç we sünnetsiz bolup Allanyň huzurynda jemlenerler.”
Men:
-Ýa Resulallah! Aýallar we erkekler bile bolan wagty, bir-birine seretmezlermi? – diýip soradym. Pygamberimiz şeýle diýdi:
-“Äşe! Ýagdaý şeýle bir gorkunç bolar welin, bu olaryň kellellerinedem gelmez.”

***