Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

MUSULMANYŇ DURMUŞ ÖLÇEGLERI - 1

Hadyslar>>Musulmanyň durmuş ölçegleri - 1

Abdullah ibni Mesud radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Şübhesiz, sözde we işde dogruçyllyk haýyra we beýik ýagşylyga elter. Ýagşylyk hem jennede elter. Her kim dogruçyl bolmaga, dogry sözlemäge dowam etse Allanyň ýanynda syddyk (dogruçyl) diýip ýazylar. Ýalançylyk bolsa ýoldan çykarar. Ýoldan çykanam jähenneme gider. Her kim ýalançylyga dowam etse Allanyň ýanynda ýalançy, kezzap diýip ýazylar.”

***

Ebu Said el Hudri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah (s.a.w.) şeýle diýipdir:
“Dünýä süýji, göz gamaştyryjy we özüne çekijidir. Alla ony size ulanmagyňyz üçin berer we nähili hereket etjegiňize sereder. Dünýäniň sizi aldatmasyna rugsat bermäň. Aýallaryň başyňyzy aýlamaklaryndan ägä boluň. Sebäbi, Ysraýylogullarynyň arasyndaky ilkinji pitne aýallar sebäpli çykandyr.”

***

Omar ibnul-Hattab radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, “Resulullanyň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir:
“Eger-de siz Allaha çynyňyz bilen ynanyp töwekgel eden bolsadyňyz, Allah, guşlary doýurşy ýaly sizedem yrsgal bererdi. Guşlar ir bilen gursaklary boş bolup çyksalaram, agşam doly gursaklar bilen dolanýarlar.”

***

Ebu Amr (ýa-da Ebu Amre) Süfýan ibni Abdullah radyýallahu anh şeýle diýipdir:
-Ýa Resulallah! Maňa Yslamy şeýle bir öwret, mundan soň ony Senden başga birine soramaga mätäç bolmaýyn, - diýdim.
-“Allaha ynandym” diý, soňam dos-dogry bol! – buýrdy.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“(Işleriňizde) orta ýoly tapyň, dos-dogry boluň. Şuny biliň, araňyzdan hiç kim amaly bilen halas bolup bilmez.”
Şeýle diýdiler:
-Senem halas bolup bilmersiňmi, eý Allanyň ilçisi?
-“(Hawa) menem halas bolup bilmerin. Eger Alla merhemeti we keremi bilen bagyşlasa, ol başga mesele.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anh şeýle diýipdir:
Resulullahyň (s.a.w) ýanyna bir adam gelip şeýle diýdi:
-Eý Allanyň ilçisi! Haýsy sadakanyň sogaby has ulydyr?
Pygamber sallallahu aleýhi we sellemem şeýle diýdi:
-Güýçli, kuwwatly wagtyň, sagdyn wagtyň, içiňde husytlyk bar wagty, garyp bolaryn diýip alada edýän wagtyň, has hem baý bolaryn diýip arzuwlap oturan wagtyň beren sadakaň sogaby has ulydyr. (Bu işi) öljek bolup ýatyrkaň “pylana şunça”, “pylanadam şunça” diýjek wagtyňa çenli goýma. Onsuzam ol mal-mülk mirasdüşerleriňki, onuňky, munuňky bolandyr.

***

Enes radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellemiň Rebbinden rowaýat eden bir mukaddes hadysynda Allatagalla şeýle buýrupdyr:
“Gulum maňa bir garyş ýakynlaşan wagty, men oňa bir arşyn ýakynlaşaryn. Gulum maňa bir arşyn ýakynlaşan wagty, men oňa bir gulaç ýakynlaşaryn. Ol maňa ýörap gelse, men oňa ylgap bararyn.”

***

Ibni Abbas radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Şeýle iki nygmat bar welin, adamlaryň aglabasy ol nygmatlary ulanmakda aldandylar, ulanylşy ýaly ulanyp bilmediler: saglyk we boş wagt.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Dowzahyň daş-töweregi nebsiň halaýan zatlary bilen dolydyr; Jennet bolsa nebsiň halamaýan zatlary bilen gurşalandyr.”

***

Ibni Mesud radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Jennet size aýakgabyňyzyň bagjygyndan has ýakyndyr; jähennemem şeýle.”

***

Ebu Abdullah (ýa-da Ebu Abdyrrahman) Sewban radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, “Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşitdim” diýipdir:
-“Köp sežde etmäge gaýrat et. Sebäbi, seniň Alla üçin eden bir seždäň üçin Alla seni bir dereje beýgelder we bir ýalňyşyňy pozar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr:
“Alla kimdir birine altmyş ýyllyk ömür beren bolsa, şol kişiniň (etmişleri üçin) bahanasy bolmaz.”

***

Jabir ibni Abdullah radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Her bir gul ölen wagtyndaky halyna (amalyna) görä direldiler”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Iman ýetmiş (ýa-da altmyş) näçe bölekdir. Iň beýigi “Alladan başga hudaý ýokdyr” diýmek; iň pesi bolsa, päsgel berýän bir zady ýoldan aýyrmakdyr. Utanç, haýa hem imanyň bir bölegidir.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-“Bir wagtlar bir adam ýolda gidýän wagty örän suwsady. Bir guýy tapyp içine indi; suw alyp daşyna çykdy. Daşyna çykanda, suwsuzlykdan ýaňa dili sallanyp giden we çyg topragy ýalap oturan iti gördi. Şol adam öz-özüne “bu item men ýaly suwsandyr” diýip guýa täzeden indi, köwşüni suw bilen doldurdy-da, köwşüni agzy bilen dişläp ýokary çykdy we ite suw berdi. Onuň eden bu hereketinden Alla hoşal boldy we ony bagyşlady. ”
Sahabalar:
-Eý Allanyň Resuly! Bize haýwanlar sebäpli hem sogap barmy? – diýip soradylar. Resuly Ekrem:
-“Her jandar sebäpli (sogap) bardyr.” buýrdy.

***

Äşe radyýallahu anhanyň habar berşine görä, bir aýal bilen oturan wagtlary, Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem giripdir we:
-“Bu aýal kim?” diýip sorapdyr. Äşe enemiz:
-Bu pylanydyr, diýenden soň, onuň köp namaz okaýandygyny aýdypdyr. Resuly Ekrem:
-“Bu zatlary sanap aýtmagy bes et. Güýjüňiziň ýetäýjek möçberinde ybadat etmegiňiz size ýeter. Alla kasam bolsun, siz bizar bolup ýadamasaňyz, Alla hem bizar bolup ýadamaz.” buýrdy.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Diň aňsatlykdyr. Dini ozjak bolan, ondan (ýagny dinden) ýeňler. Onda, orta ýolda boluň, iň gowusyny etjek boluň, şeýtseňiz sizi buşlaýaryn; günüň başlangyjyndan, soňundan we bir bölek hem gijeden peýdalanyň. ”

***

Enes radyýallahu anh şeýle diýdi:
Nebi sallallahu aleýhi we sellem metjide girdi. Iki diregiň arasynda çekilen ýüpi görüp:
-“Bu näme?”-diýip sorady. Sahabalar:
-Bu, Zeýnep binti Jahşyň ýüpi. Namazda aýakda durup ýadan wagty şol ýüpe ýapyşýar, - diýdiler. Pygamberimiz:
-“Ony şu wagdyň özünde çözüň. Sizden biri dynç we islegli wagty nepil namazyny okasyn, ýadaw we mejalsyz wagty bolsa ýatsyn.”

***

Ebu Nejih Irbaz ibni Sariýe radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem bize örän täsir eden öwüt-nesihat berdi. Ol öwüt sebäpli ýürekler titredi, gözler ýaşardy. Biz:
-Eý Allanyň Resuly! Bu nesihat hoşlaşýan adamyň nesihatyna meňzeýär. Bize bir maslahat ber. – diýdik. Pygamberimiz:
-“Size, Alla uly hormat goýup sylamagyňyzy, başyňyzda sizi dolandyrýan Habeşli gul hem bolsa oňa tabyn bolup boýun egmegiňizi maslahat berýän. Menden soň sag-aman galyp, uzyn durmuş ýaşajaklar köp agzalalyklar görerler. Şol döwür meniň sünnetimi we dogry ýolda bolan halypalaryň sünnetini gujaklaň. Şol sünnetlere berk ýapyşyň. Soň çykaryljak bidgatlardan gaça duruň. Sebäbi, her bir bidgat ýoldan çykmak diýmekdir.” buýrdy.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-“Islemeýänlerden başga, ymmatymyň ählisi jennede girer.”
-Eý Allanyň ilçisi, jennede girmegi kim islemez? – diýildi. Pygamberimiz (s.a.w):
-“Maňa tabyn bolanlar jennede girer, maňa garşy gelýänler bolsa jennedi islemeýändikleridir” buýrdy.

***

Ebu Abdullah Numan ibni Beşir radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ýa (namazda) saplaryňyzy, hatarlaryňyzy düzedersiňiz, ýa-da Allatagalla siziň araňyza duşmaçylyk we ýürekleriňize agzalalyk goýar welin bir-biriňizden ýüz öwürersiňiz. ”

***

Ibni Mesud radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Nähak ýere öldürilen her bir kişiniň ganyndan bir paý, Adam pygamberiň birinji ogluna aýrylar. Sebäbi, ol adam öldürme işini ilki başladandyr.”

***

Bedir söweşine gatnaşan we ensardan bolan Ebu Mesud Ukbe ibni Amr radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir ýagşylygy başladan kişä şol ýagşylygy eden (her bir kişiniň ) peşgeşi, sogaby ýaly sogap bardyr. ”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Adamlary dogry ýola çagyran kişä, özüne uýanlaryň sogaby ýaly sogap berler. Oňa uýanlaryň sogaplaryndanam hiç zat kemelmez. Başgalaryny ýaman işe çagyran kişä hem özüne uýanlaryň günäsi ýaly günä berler. Olayň günälerinden hem hiç zat kemelmez.”

***