Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

MUSULMANYŇ DURMUŞ ÖLÇEGLERI - 2

Hadyslar>>Musulmanyň durmuş ölçegleri - 2

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Münapygyň (musulman ýaly görnüp, aslynda bolsa musulman bolmadyk) üç alamaty bardyr: gürlän wagty ýalan aýdar, söz berende sözünden däner, özüne bir zat amanat edilen wagty hyýanat eder.”
Başga bir rowaýatda: “Oraza tutsadam, namaz kylsadam we özüni mömindirin öýtsedem” buýrulýar.

***

Jabir radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Zulumdan, birine zulum etmekden gaça duruň. Sebäbi, zulum kyýamat gününde zalym üçin gap-gara garaňkylyk bolar. Husytlykdan hem gaça duruň. Sebäbi, husytlyk sizden öňki ymmatlary heläk edendir, olara nähak ýere bir-biriniň ganyny dökdürdi, haramlaryny halal saýmaga iterdi.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kimdir biriniň üstünde din doganynyň namysyna ýa-da mal-mülküne degişli zulum bar bolsa, altyn we kümüş tapdyrmaýan kyýamat güni gelmänkä şol kişi bilen halallaşsyn, razylaşsyn. Ýogsam, öz eden salyh amallary, sogaplary bar bolsa, eden zulmunyň möçberinde sogaplary alnar, (hak eýesine berler). Eger ýagşylyklary ýok bolsa, zulum eden doganynyň günäleri alnar we onuň boýnuna goýular.”

***

Abdullah ibni Amr ibni As radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Musulman, dilinden we elinden musulmanlaryň zyýan görmeýän adamydyr. Muhajyr (hyjrat eden) bolsa, Allanyň gadagan eden zatlaryndan gaça durýandyr.”

***

Ebu Hureýre radyýallanu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
-“Müflis (bankroda düşen, ähli zadyny ýitiren) kim, bilýäňizmi?” diýip sorady. Sahabalar:
-Biz-ä müflis diýip puly we mal-mülki bolmadyga aýdýas, - diýdiler. Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy:
-“Şübhesiz, ymmatymyň müflisi, kyýamat gününde namaz, oraza we zekat sogaby bilen gelibem, şuňa sögeni üçin, muňa “zyna etdi” diýip töhmet atany üçin, şunuň mal-mülküni iýip, munyň ganyny dökeni üçin, şuny urany üçin ýagşylyk sogaplary şuňa-muňa berilen, we üstündäki gul haklary gutarman sogaplary gutarsa, hak eýeleriniň günäleri özüne ýüklenip soňam dowzaha taşlanan kişidir.”

***

Ebu Musa el Eşgary radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir mömin bilen beýleki möminiň ýagdaýy, bir bölegi beýleki bölegi bilen berk ýapyşyp duran bina ýalydyr.”
Hezreti Pygamber muny düşündürmek üçin iki eliniň barmaklaryny bir-biriniň arasyna geçirip berkidip görkezdi.

***

Numan ibni Beşir radyýallahu anhumadan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-“Möminler, musulmanlar bir-birini söýmekde, bir-birine gynanmakda we bir-birini goramakda bir bedene meňzärler. Bedeniň bir organy kesellese, beýleki organlaram şol sebäpli ukusyz galarlar we gyzgynlary galar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Araňyzdan biri adamlara namaz kyldyran wagty, namazy ýeňil, gysga kyldyrsyn. Sebäbi, olaryň arasynda güýçsiz, hassa we garrylar bardyr. Ýeke namaz kylan wagtyňyz isleýşiňiz ýaly uzadyberiň.”

***

Jündüb ibni Abdullah radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine göra, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ertir namazyny okan adam Allanyň hemaýatyndadyr, penasyndadyr. Alla özüniň hemaýatynda bolan bir zady üçin sizden hasap soramasyn. Alla, öz hemaýatynda bolan bir zady üçin hasap soranyna jeza berer, soňam ony gös-göni dowzaha zyňar. ”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat eidlmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir musulman beýleki musulmanyň doganydyr. Oňa hyýanat etmez, ýalan aýtmaz we kömegini kesmez. Her bir musulmanyň başga bir musulmana namysy, mal-mülki we gany haramdyr. Takwa (Alladan gorkup, haramlardan gaça durup parzlary ýerine ýetirmek) ynha şu ýerdedir. Bir adama musulman doganyny äsgermän pes görmegi şer, erbetlik hökmünde ýeter.”

***

Enes radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Araňyzdan kimdir biri özi üçin söýüp arzuw edýän zadyny, musulman dogany üçinem söýüp arzuw etmese çyny bilen iman eden däldir.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir gul bu dünýäde başga bir guluň aýbyny örtse, gizlese, Alla hem onuň aýbyny örter.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Işlän günälerini äşgär eden, adamlara görkezenden başga, ymmatymyň ählisi bagyşlanandyr. Kimdir biri gije erbet iş edip, Alladam ony gizläninden soň, irden turup:
“Eý pylany, men düýn gije şulary etdim” diýmegi ap-açyk günädir. Bolmasa ol adam, Rebbi onuň erbetligini gizläninden soň gijäni geçiripdäm. Emma, ol Allanyň örten zadyny açyp örýär, täze güne başlaýar.”

***

Ümmü Külsum binti Ukbe ibni Ebu Muaýt radyýallahu anha, “Resulullanyň şeýle diýenini eşitdim” diýdi:
“Adamlary ýaraşdyrmak, aralaryny düzetmek üçin gowy habar (ýa-da gowy söz) aýdýan ýalançy hasaplananok.”
Müslümiň rowaýatynda şeýle dowam edýär:
Ümmü Külsum şeýle diýdi: “Pygamberimiz aleýhissalamyň adamlaryň aýtýan ýalanlaryndan diňe üç sanysyna rugsat berenini eşitdim. Bular:
Söweşde (duşmany aldatmak üçin), iki adamy ýaraşdyrmak üçin, äriň aýalyna, aýalyňam ärine (maşgala agzybirligini goramak maksady bilen) aýdýan ýalany.”

***

Ebu Said el Hudri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Pygamber sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Jennet bilen jähennem öz aralarynda jedelleşdiler, çekeleşdiler. Jähennem:
-Mende, güýjüne göwni ýetip beýlekileriň hakyňy zor bilen alanlar we ulumsy, tekepbirler bar, - diýdi.
Jennet:
-Mende bolsa ejizler we garyplar bar, - diýdi.
Allatagalla olaryň çekeleşmesini şeýle tamamlady:
-Eý jennet! Sen meniň merhemetimsiň, islänime seniň bilen rehim ederin. Eý jähennem! Senem meniň azabymsyň, islänime seniň bilen azap ederin. Men ikiňizäm dolduraryn.”

***

Usame radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Jennediň gapysynyň öňünde durup seretdim. Içerik girenleriň aglaba bölegi garyplardy. Baýlar bolsa hasap bermek üçin garaşdyrylýardy. Jähenneme gitjegi belli bolanlara oda girmeleri emir edildi.
Jähennemiňem gapysynyň öňünde durup seretdim. Jähenneme girenleriň aglaba bölegi aýallardy.”

***

Sehl ibni Sad radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
“Men we ýetimi hemaýat eden kişi jennetde şeýle bile bolarys” buýrdy we süýem barmagy bilen orta barmagynyň arasyny çalaja açyp görkezdi.

***

Äşe radyýallahu anha şeýle diýdi:
Ýanynda iki gyz çagasy bolan bir aýal geldi-de bir zatlar isledi. Öýde bir hurmadan başga zat ýokdy. Hurmany çykardym-da aýala berdim. Özi hiç hili datman hurmany ikä bölüp çagalaryna berdi, soňam gitdi. Şo wagt Pygamber aleýhissalam ýanymyza geldi. Men bolup geçeni aýdyp beremsoň şeýle diýdi:
“Kim gyz çagalary sebäpli derde düşübem olara gowy seretse, şol çagalar ony dowzahyň odundan goraýan händek bolarlar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Hiç kim aýalyna garşy içinde kine tutmasyn. Onyň bir häsiýetini, gylygyny halamasa, başga bir häsiýetini halar. ”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir erkek aýalyny ýanyna ýatmaga çagyrybam aýaly gelmese, erkegem gijäni aýalyna öýkeli bolup geçirse, perişdeler ol aýaly ertire çenli näletlärler.”

***

Ebu Mesud el Bedri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Pygamber aleýhissalam şeýle diýipdir:
“Her kim Allanyň razylygyndan umydygär bolup maşgalasyny eklese, her bir harjan zady onuň üçin sadaka bolar.”

***

Abdullah ibni Amr ibni As radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Eklemeli adamlaryny eklemän geleňsiz, biperwaý bolmak, adama günä hökmünde ýeter.”

***

Ibni Omar we Äşe radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Jebraýyl (aleýhissalam) maňa goňşa ýagşylyk etmek barada gaýta-gaýta ündedi. Tas goňşyny goňşa mirasdüşer eder öýtdim.”

***