Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

MUSULMANYŇ DURMUŞ ÖLÇEGLERI - 3

Hadyslar>>Musulmanyň durmuş ölçegleri - 3

Ebu Hureýre radyýallahu anh şeýle diýdi:
Bir adam Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna gelip:
-Iň köp ýagşylygy kime etmeli? – diýip sorady.
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
-“Ejeňe!” diýdi.
Adam:
-Ondan soň kime? – diýip sorady.
-“Ejeňe!” buýrdy.
Adam ýene-de:
-Ondan soň kime? – diýip sorady.
-“Ejeňe!” diýdi.
Adam ýene-de:
-Soň kime? – diýip sorady.
Resuly Ekrem sallallahu aleýhi we sellem:
-“Kakaňa!” – diýip jogap berdi.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ene-atasy ýa-da olardan biri ýanynda garrabam jennede girip bilmeýän kişi perişan bolsun, perişan bolsun, perişan bolsun!”

***

Enes radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle dýipdir:
“Yrsgalynyň köpelmegini, ömrüniň uzamagyny isleýän, garyndaşlary bilen gatnaşyp olara goldaw bersin.”

***

Bera ibni Azib radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Pygamber aleýhissalam şeýle buýrupdyr:
“Daýza eje ýalydyr.”

***

Ebu Bekre Nüfeý ibni Haris radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
-“Uly günäleriň iň agyryny size aýdaýynmy?” – diýip üç gezek sorady.
Bizem:
-Hawa, eý Allanyň Reusly. – diýdik.
Resuly Ekrem:
-“Alla şärik goşmak we ene-ata boýun egmezlik” buýrandan soň, ýaplanyp oturan ýerinden dikelip oturdy-da “Gowy diňläň, birem ýalan aýtmak we ýalan ýere şaýatlyk etmekdir” buýrdy. Bu sözi durman gaýtalady. Mundan has beter gynanmasyn diýip käşgä bes etsedi diýip arzuwladyk.

***

Abdullah ibni Amr ibni As radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Pygamber aleýhissalam şeýle buýrupdyr:
“Uly günäler şulardyr: Alla şärik goşmak, ene-ata boýun egmezlik, nähak ýere adam öldürmek we ýalan ýere ant içmek.”

***

Abdullah ibni Amr ibni As radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-“Bir kişiniň öz ene-atasyna sögünmegi uly günädir.”
Sahabalar:
-Ýa Resulallah! Heý, bir kişi öz ene-atasyna sögünermi? – diýenlerinde:
-“Hawa. Ol biriniň kakasyna sögüner, garşydakam onuň kakasyna sögüner. Biriniň ejesine sögüner, olam onuň ejesine sögüner” buýrdy.

***

Ebu Muhammet Jübeýr ibni Mutgym radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Garyndaşy bilen gatnaşygyny kesen kişi jennede girip bilmez.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kimdir biri, bir hassanyň ýagdaýyny soramak üçin ýanyna gitse ýa-da Alla üçin söýýän birisini görmäge gitse, oňa bir perişde şeýle diýer:
-Buşluk! Gowy ýolagçylyk etdiň. Özüň üçin jennetde ýaşajak ýer taýynladyň! ”

***

Jabir ibni Abdullah radyýallahu anh şeýle diýdi:
Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna bir çarwadar geldi-de:
-Eý Allanyň Resuly! Adamyň jennede ýa-da jähenneme girmegine sebäp boljak iki zat näme? – diýip sorady.
Pygamber sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi:
-“Alla şärik goşman ölen jennede girer, Alla şärik goşup ölenem jähenneme gider.”

***

Ebu Said el Hudri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Öli, tabydyň içine goýlup adamlar ony eginlerine alanlarynda, eger gowy kişi bolsa “Meni çalt äkidiň, meni çalt äkidiň!” diýer. Eger erbet kişi bolsa “Eýwaý! Bu tabydy nirä äkidip barýaňyz?” diýer. Ol meýdiň sesini adamdan başga hemme zat eşider. Eger adam bu sesi eşiden bolsady çaşardy.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ýaşaýşy sizden pes bolanlara serediň; sizden has gowy ýaşaýanlara seretmäň. Allanyň size beren nygmatlaryny äsgermezlik etmezlik üçin bu has dogry hereketdir.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Pygamber sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Altyna, kümüşe, mata we dona (egin-eşige) gul bolanlar heläk bolandyr. Eger olara isleýän zatlary berilse hoşal bolarlar, berilmese halamazlar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Dünýä möminiň zyndany, kapyryň bolsa jennedidir.”

***

Sehl ibni Sagd es-Saidi radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Eger dünýäniň Allanyň ýanynda çybynyň ganady ýaly gadyr-gymmady bolsady, Alla hiç bir kapyra bu dünýäde bir ýuwdum suwam içirmezdi.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Garyplar, jennede baýlardan bäş ýüz ýyl öň girerler.”

***

Ibni Abbas we Ymran Husaýn radyýallahu anhumdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Jennedi içgin, ýakyndan tanadym; ol ýerdäkileriň aglaba böleginiň garyplardygyny gördüm. Jähennemäm ýakyndan tanadym; ol ýerdäkileriň aglaba böleginiň aýallardygyny gördüm.”

***

Ibni Mesud radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kim mätäç ýagdaýa düşüp, ýagdaýyny adamalara mälim etse, hajady, mätäçligi giderilmez. Kimem hajadyny (gerek zatlaryny) Alla arz etse, Alla şol wagt ýa-da gelejekde oňa yrsgal berer diýip umyt ediler.”

***

Sewban radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
-“Kim maňa adamlardan hiç zat haýyş etmejegine söz berse, menem oňa jennedi söz berýärin” diýdi. Menem:
-Men söz berýärin, diýdim.
Rawy (hadysy rowaýat eden) şeýle diýýär: Sewban hiç kimden hiç zat haýyş edenokdy.

***

Aşä radyýallahu anhadan rowaýat edilmegine görä, Resuly Ekremiň maşgalasy bir goýun kesdi. Bir salymdan Pygamber sallallahu aleýhi we sellem:
-“Ondan (goýundan) näme galdy?” – diýip sorady. Hezreti Äşe:
-Ýeke pilçe galdy, diýip jogap berdi.
Pygamberimizem:
-“Bir pilçeden başgasy dur diýsene” buýrdy.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anh şeýle diýdi:
Biri Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna gelip:
-Men aç, diýdi.
Allanyň Resuly aýallarynyň birine habar ugradyp, iýmek üçin bir zatlar ugratmagyny isledi. Olam:
-Seni pygamber edip ugradan Alladan ant içýärin, öýde suwdan başga zat ýok, diýdi.
Hezreti Pygamber başga aýalyndan iýmek üçin bir zatlar isledi. Olam meňzeş jogaby berdi. Ondan soň Pygamberimiziň beýleki aýallaram “Seni pygamber edip ugradan Alladan ant içýärin, öýde suwdan başga zat ýok” diýip habar ugradanlaryndan soň, Resuly Ekrem sallallahu aleýhi we sellem sahabalaryna seredip:
-“Bu gije bu adamy kim myhman etjek?” – diýip sorady.
Ensardan biri:
-Men myhman ederin, eý Allanyň Resuly, diýip ol garyby aldy-da öýüne äkitdi. Öýüne baranda aýalyna:
-Öýde iýere bir zatlar barmy? – diýip sorady.
Aýaly:
-Ýok. Diňe çagalaryň iýjegi bar, diýdi.
Sahaba:
-Onda, sen çagalary güýme. Saçaga geljek bolsalar olary ýatyr. Myhmanymyz içerik girerem welin, çyrany söndür. Bizem saçakda iýýän ýaly bolaly, diýdi.
Saçagyň başyna geçdiler. Myhman garnyny doýurdy; olaram aç ýatdylar.
Irden şol sahaba Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna bardy. Ony gören Resuly Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi:
-“Bu gije myhmanyň üçin edenleriňden Alla hoşal bolupdyr.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Iki adamyň iýjek nahary üç adama, üç adamyň iýjek naharam dört adama ýeter.”

***

Ibni Omar radyýallahu anhumadan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Wesýet edere, miras goýara bir zady bolan musulmanyň, wesýedi ýanynda ýazylmadyk ýagdaýda iki gije geçirmegi dogry däldir.”
Müslümiň bir rowaýatynda: “üç gije geçirmegi” diýip aýdylýar.
Ibni Omar şeýle diýýär: “Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň bu sözüni eşdenimden soň, ýanymda wesýedim bolman bir gije hem geçirmedim.”

***

Enes radyýallahu anh şeýle diýdi:
Pygamber sallallahu aleýhi we sellem ýere käbir çyzyklar çyzdy. Soňam çyzyklary görkezip şeýle diýdi:
“Bular adamyň isleg we arzuwlarydyr, ynha, şulam onuň ajalydyr. Adam arzuw-hyýallar içinde ýaşap ýörkä, birden oňa iň ýakyn bolan ölüm çyzygy garşysyna çykar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ýedi zat gelmänkä gowy işler etjek boluň. Ýogsa siz, adama etmeli işlerini ýatdan çykartýan garyplykdan, azdyrýan baýlykdan, güýçsiz goýýan hassalykdan, ýatkeşligiňi kemeldýän garrylykdan, birden gelýän olümden, gelmeli zatlaryň iň erbedi bolan Dejjaldan, belasy has uly we has gynaýan kyýamatdan başga bir zada garaşýaňyzmy?”

***