Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

MUSULMANYŇ DURMUŞ ÖLÇEGLERI - 4

Hadyslar>>Musulmanyň durmuş ölçegleri - 4

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Zowklary, lezzetleri pyçak ýaly kesýän ölümi köp ýatlaň!”

***

Bureýde radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Mazarlary zyýarat etmegi gadagan edipdim. Indi bolsa zyýarat edip bilersiňiz.”
Başga bir rowaýatda şeýle diýilýär:
“Mazarlary zyýarat etmek isleýän baryp biler. Sebäbi gabyrlar bize ahyreti ýatladýar.”

***

Müslümde Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Hiç biriňiz ölümi islemesin. Ölüm öz-özünden gelmezden hem öleýin diýip dileg etmesin. Adam ölenden soň hiç hili ýagşylyk edip bilmez. Möminiň ýaşamagy ýagşylyklaryny köpelder.”

***

Numan ibni Beşir radyýallahu anhuma “Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşitdim” diýdi:
“Halal zatlar bellidir, haram zatlaram bellidir. Bu ikisiniň arasynda, adamlaryň köpüsi tarapyndan halal ýa haramdygy bilinmeýän şübheli zatlar bardyr.
Şübheli zatlardan gaça duranlar dinini we namysyny gorarlar. Şübheli zatlardan goranmaýanlar bolsa gitdigiçe harama girerler. Edil, goýun sürüsini başga birine degişli bolan ekin meýdanyň daş-töwereginde otlatýan çopanyň şol meýdana girme howpunyň bolşy ýaly.
Üns beriň! Her patyşanyň girmegi gadagan eden meýdany bardyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, Allanyň gadagan meýdany hem haram eden zatlarydyr.
Şuny gowy belläň, adamyň bedeninde kiçi bir et bölegi bar. Eger şol et bölegi gowy bolsa, bedeniň ähli ýeri gowy bolar. Eger ol zaýalansa, bedeniň ähli ýeri zaýalanar. Ana şol et bölegi kalpdyr, ýürekdir.”

***

Atyýýe ibni Urwe es-Sagdy radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Allanyň bir guly “günä girerin” gorkusy bilen, edilmegi gadagan bolmadyk käbir zatlardan daş durmasa, muttakiler (takwa bolanlar) derejesine çykyp bilmez.”

***

Yýaz ibni Hymar radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Allatagalla maňa: Şeýle bir kiçigöwünli boluň, hiç kim hiç kime gomparmasyn, hiç kim hiç kime zulum etmesin, - diýdi”.

***

Abdullah ibni Mesud radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ýüreginde zerre ýaly ulumsylyk bolan jennede girip bilmez.”
Sahabalardan biri:
-Her bir adam egin-eşik we aýakgabynyň gelşikli bolmagyny islär, diýende. Resulullah:
-“Alla gözeldir, gözeli söýer. Ulumsylyk bolsa haky kabul etmezlik we adamlary äsgermezlikdir” diýdi.

***

Ebu Derda radyýallahu anhyň habar bermegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kyýamat güni möminiň terezisinde gowy ahlakdan has agyr zat bolmaz. Alla, gelşiksiz hereketler edýän we erbet söz aýdýan ähli kişini ýigrener we olary söýmez.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we selleme:
-Adamlary jennede iň köp akitjek zat näme? – diýip soraldy.
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
-“Alla bolan hormat (takwa) we gowy ahlak” – diýip jogap berdi.
-Adamlary jähenneme iň köp äkitjek zat nämekä? – diýip soralandadam:
-“Agyz we jynsy organ” – diýip jogap berdi.

***

Äşe radyýallahu anha “Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini diňledim” diýdi:
“Bir mömin, gowy, owadan ahlagy bilen gündizleri agzyny bekleýän, gijelerinedem namaz okaýan adamyň derejesine ýetip biler.”

***

Ebu Umama el Bahyly radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir dawada hakly bolubam jedelleşip çekeleşmeýän adama jennediň kenaryndan bir köşk beriljekdigine men kepildirin. Oýun edibem ýalan aýtmaýan adama jennediň ortasyndan bir köşk beriljekdigine men kepildirin. Gowy häsiýetli, ahlakly birinede jennediň iň beýik ýerinden bir köşk beriljekdigine men kepildirin.”

***

Enes radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Aňsatlaşdyryň, kynlaşdyrmaň! Buşlaň, gorkuzmaň!”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, bir adam Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna gelip:
-Maňa öwüt ber, - diýdi. Olam:
-“Gaharlanma!” dýip buýrdy.
Ol adam islegini birnäçe gezek gaýtalady. Pygamberimizem (s.a.w) her gezeginde “Gaharlanma!” diýip jogap berdi.

***

Ebu Zer radyýallahu anh şeýle diýdi:
-Ýa Resulallah! Meni bir ýere häkim edip belläý! – diýdim.
Eli bilen egnime urup şeýle diýdi:
-“Ebu Zer! Sen bir ejiz adam. Talap edýän wezipäň bolsa amanatdyr. Aslynda bu wezipe, bu amanada laýyk bolup, etmeli işleri edenden başgasy üçin, kyýamat güni masgaralyk we pyşmanlykdyr.”

***

Ebu Musa el Eşgary radyýallahu anh şeýle diýdi:
Agamyň ogullaryndan ikisi bilen Pygamber sallallahu aleýhi we sellemiň huzuryna girdim. Olardan biri:
-Ýa Resulallah! Allanyň saňa dolandyrmak üçin beren wezipelerinden birine bizi häkim edip bellesene! – diýdi. Beýlekisäm meňzeş zatlary diýdi.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy:
-“Walla, biz isläni ýa-da wezipe üçin hars urýany dolandyryjy edip bellämizok.”

***