Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

ÝATMAK WE OTURMAK BARADA

Hadyslar>>Ýatmak we oturmak barada

Bera ibni Azin radyýallahu anhuma şeýle diýdi:
-Resulullah sallallahu aleýhi we sellem maňa:
“Ýatjak wagtyň namaz täredi ýaly täret al, soňam sag tarapyňa ýat we şu dogany oka. Goý, bu doga iň soňky sözleriň bolsun!” buýrdy.

***

Äşe radyýallahu anha şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem gijelerine on bir rekagat namaz okaýardy. Daň ýeri agarandadam gysgaça iki rekagat namaz okap, müezzin (azan aýdýançy) gelip azan aýdýança sag gapdalyna ýaplanyp ýatýardy.

***

Huzeýfe radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem gije ýatjak wagty elini ýaňagynyň aşagyna goýup şul dogany okaýardy:
“Allahümme bismike emutü we ahýa: (Allahym! Seniň adyň bilen ölerin, senin adyň bilen direlerin.)”
Oýanan wagtam şul dogany aýdýardy:
“Elhamdülillahilleziý ahýana min bagdy mä emätenä we ilýhin-nüşur: (Bizi öldürenden soň direlden Alla hamd bolsun. Direltmek diňe Oňa mahsusdyr. )”

***

Ýaiş ibni Tyhfa el Gifary radyýallahu anhuma, kakam maňa aýdypdy, diýip rowaýat dýär:
Bir gezeginde men metjitde ýüzin ýatydym. Biri meni aýagy bilen dürtüp şeýle diýdi:
-”Bu ýatyş, Allanyň gaharyna sebäp bolýan ýatyş şeklidir.”
Seretsem, ol adam Resulullah sallallahu aleýhi we sellem eken.

***

Ebu Hureýre adyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Kimdir biri bir mejlisde, märekede oturup Allatagallanyň adyny ýatlamasa, Alla garşy bir kemçilik eder, günä işlär. Kimdir biri ýatanda Allatagallany ýatlamasa, zikir etmese ýene kemçilik eder, günä işlär.”

***

Ibni Omar radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-”Hiç kim oturan birini turuzup onuň ýerine oturmasyn. Emma, araňyzy açyp halkany giňeldip bilersiňiz.”

***

Amr ibni Şugaýb, kakasynyň üsti bilen atasy Abdullah ibni Amr ibni As radyýallahu anhdan rowaýat etmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
-“Rugsatlary bolmazdan iki adamyň arasynda oturmak halal däldir”.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir jemagatyň oturan märekesinde Alla ýatlanmasa, agzalmasa we Pygambere salawat aýdylmasa, bu mejlis olar üçin pyşmanlyk bolar. Alla islese olara azap eder, islese bagyşlar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Zaman ýakynlaşanda möminiň düýşi ýalan bolmaz. Möminiň düýşi pygamberligiň kyrk alty böleginden bir bölekdir.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Men düýşünde gören, oýa wagty hem görer (ýa-da meni oýa wagty gören ýalydyr). Sebäbi, şeýtan maňa meňzeýän daşky görnüşe, şekle girip bilmez.”

***