Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

ALLANYŇ MERHEMEDI BARADA

Hadyslar>>Allanyň merhemedi barada

Omar ibni Hattab radyýallahu anh şeýle diýdi:
(Bir gezeginde) Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna bir topar gul getirildi. Aralarynda (çagasyny ýitireni üçin) çagasyny küýsäp gabat gelen her çagany gujaklap, göwsüne basyp emdirýän bir aýalam bardy. Resulullah sallallahu aleýhi we sellem daş-töweregindäkilere:
-“Heý, şu aýal öz çagasyny oda taşlap ýakarmy?” – diýip sorady.
-Ýok, hiç haçan beýtmez! – diýdik.
Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi:
-“Allatagalla, şul aýalyň çagasyna bolan mährinden has merhemetlidir.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, “men Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşitdim” diýdi:
“Alla rahmetini, merhemetini ýüz bölege aýyrdy. Togsan dokuz bölegini öz ýanynda saklap goýdy, bir bölegini bolsa dünýä indirdi. Ana, jandarlar şol bir bölek merhemet bilen bir-birine rehim ederler. Hatda, haýwanlar öz çagalarynyň üstünden basmajak bolup aýagyny çekip galdyrarlar.”
Başga bir rowaýatda şeýle diýilýär:
“Allatagallanyň ýüz merhemeti bardyr. Bulardan birini adamlar, jynlar, haýwanlar we mör-möjekleriň arasyna indirendir. Olar şol sebäpli bir-birini söýerler we bir-birine rehim ederler. Ýabany haýwanlar şol sebäpli öz çagalaryna mahir görkezer. Alla, beýleki togsan dokuz bölegi kyýamat gününde gullaryna merhemet etmek, bagyşlamak üçin ýanynda saklap goýandyr.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem Allatagalladan bir mukaddes hadysy rowaýat edip şeýle diýdi:
-Bir gul bir günä iş edip “Allahym, günämi bagyşla” diýende, Alla Tebärek we Tagalla:
-“Gulum bir günä iş etdi we günäsini bagyşlajak ýa-da şol sebäpli özüni hasaba çekjek Rebbiň bardygyny bildi” diýer.
Soň, gul täzeden günä işläp “Rebbim, günämi bagyşla!” diýdi. Alla Tebärek we Tagalla:
-“ Gulum bir günä iş etdi we günäsini bagyşlajak ýa-da şol sebäpli özüni hasaba çekjek Rebbiň bardygyny bildi” diýer.
Soň, gul täzeden günä işläp “Rebbim, günämi bagyşla!” diýdi. Alla Tebärek we Tagalla:
-“ Gulum bir günä iş etdi we günäsini bagyşlajak ýa-da şol sebäpli özüni hasaba çekjek Rebbiň bardygyny bildi. Men gulumy bagyşladym, mundan soň islänini etsin” diýer.

***

Müslümiň Ebu Musa radyýallahu anhdan başga bir rowaýatyna görä, Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kyýamat gününde käbir musulmanlar daglar ýaly (uly, köp) günäler bilen gelerler, Alladam olary bagyşlar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Eger mömin Allanyň azabynyň nähili gorkunçdygyny bilsedi, jennet üçin umydygär bolmazdy. Kapyram Allanyň merhemetiniň nä dereje ulydygyny bilsedi, onda hiç haçan jennede girme umydyny ýitirmezdi.”
(Ýagny her bir musulman gorky bilen umyt arasynda ýaşamalydyr. Allanyň merhemeti bolşy ýaly azabam bardyr.)

***