Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

TOBA BARADA

Hadyslar>>Toba barada

Toba degişli aýat we hadyslaryň umumy mazmunlaryna görä Yslam alymlary şulary aýdýarlar: Alla degişli bolup gul haky bolmaýan etmişler üçin toba etmegiň üç şerti bar.
1. Şol günäni terk etmek.
2. Eden etmişiň üçin pyşman bolmak, ökünmek.
3. Mundan soň etmezlige kararly, takatly bolmak.
Edilen günä gul haky garyşan bolsa, ýokarda agzalan üç şertden başga şulary etmeli:
1. Bu günä mäl-mülki öz adyňa geçirmek ýa-da şoňa meňzeş iş bolsa, şol emlägi eýesine gowşurmaly.
2. Zyna ýa-da töhmet bolsa, şol adamdan özüni bagyşlamasyny dilemek ýa-da şol kişä jeza berme hakyny bermek.
3. Edilen günä gybat bolsa, şol kişiden ötünç soramak.

Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň hyzmatkäri bolan Ebu Hamza Enes ibni Mälik el Ensari radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Gul toba edeni üçin Allatagallanyň duýýan hoşallygy, araňyzdan biriniň çölde ýitiren düýesini tapan wagty duýýan begenjinden has köpdir.”

***

Ebu Musa Abdullah ibni Kays el Eşgary radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebiýi Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Allatagalla, gündiz günä iş edeniň tobasyny kabul etmek üçin gije elini açar. Gije günä iş edeniň tobasyny kabul etmek üçin gündiz elini açar. Gün batan ýerinden täzeden dogýança (kyýamat gopýança) bu şeýle dowam eder.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Kim gün günbatardan dogmanka toba etse, Allatagalla şonuň tobasyny kabul eder.”

***

Ebu Said Sagd ibni Mälik ibni Sinan el Hudri radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Bir wagtlar, togsan dokuz adamy öldüren biri bar eken. Bu adam dünýädäki iň beýik alymyň kimdigini idemäge başlady. Oňa bir rahyby görkezdiler. Bu adam rahybyň ýanyna gelip:
-Men togsan dokuz adam öldürdim. Toba etsem kabul bolarmy? - diýip sorady.
Rahyp:
-Ýok, kabul bolmaz, - diýenden soň onam öldürdi. Şeýdip öldüren adamlaryň sanyny ýüze tamamlady. Soň, ýene, dünýädäki iň beýik alym kimkä diýip idemäge başlady. Oňa bir alymy maslahat berdiler. Alymyň ýanyna baryp:
-Men ýüz adamy öldürdim. Toba etsem kabul bolarmy? - diýip sorady.
Alym:
-Elbetde kabul bolar. Adam bilen tobaň arasyna kim girip biler? Sen pylany ýere git. Şol ýerde Allatagalla ybadat edýän adamlar bardyr. Senem olar bilen bile Allatagalla ybadat et. Gaýdyp öz ýurduňa dolanaýma! Sebäbi, ol ýer erbet ýerdir. - diýdi.
Adam, aýdylan ýere gitmek üçin ýolagçylyga çykdy. Ýoluň ýarysyna ýetende ajaly ýetdi. Merhemet perişdeleri bilen azap perişdeleri, herisi adamy alyp gitjek bolup, çekeleşmäge başladylar.
Merhemet perişdeleri:
-Ol adam toba edip, çyny bilen Alla ýönelip ýolagçylyga başlady, diýidler.
Azap melekleri bolsa:
-Ol adam ömründe ýekeje-de ýagşy iş etmedi, diýdiler.
Olar çekeleşip durka adam şekline giren bir perişde ýanlaryna geldi. Perişdeler ony öz aralarynda karar beriji, žýuri bellediler. Adam şekline giren perişde:
-Gelen ýeriniň aralygy bilen, gidýän ýeriniň aralygyny ölçäň. Haýsysyna has ýakyn bolsa, adam şol tarapa degişli bolsun, diýdi.
Perişdeler iki aralygam ölçediler. Gidip barýan ýerine has ýakyn eken. Şeýdibem ony merhemet perişdeleri alyp gitdi.”

***