Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

DOGA-DILEG BARADA

Hadyslar>>Doga-dileg barada bölümi

Enes radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resul-y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem köplenç doga-dileg edende şeýle ederdi:
“Allâhumme âtinâ fi’d–dünýâ hasene we fi’l–âhyreti hasene we kynâ azâbe’n–nâr: Eý Allam! Bize şu dünýäde gowulyk, ýagşylyk ber, ahyretde hem gowulyk ýagşylyk ber. We bizi dowzahyň odundan, ataşyndan gorap, aman sakla.

***

İbni Mes’ûd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûl–y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle doga-dileg edýän ekeni:
“Allâhumme innî es’eluke’l–hudâ we’t–tukâ we’l–afâfe we’l–gynâ: Ey Allam! Senden hidaýet (dogry yola ugrukdyrmagyňy), takwâ (Senden bolmalysy yaly gorkup günälerden gaça durmagy), iffet (namysly bolmagy we jynsy temalarda ahlakly kimselerden bolmagy) we köňül baýlygyny dileýärin.”

***

Muslimiň Târyk İbni Eşýem radyýallahu anh’dan rowaýat edişine görä Taryk Pygamber sallallahu aleýhi we sellemi diňläp otyrka bir adam gelip şeýle sowal edipdir:
- Eý Allahyň Resuly! Rebbimden haýsydyr bir zat dilejek wagtym nadip diläýin?
Resul-y Ekrem (Keremlileriň iň keremlisi) şeýle jogap berdi:
– “Allâhummağfyr lî werhamnî ve âfynî werzuknî: Ey Allam, meni bagyşla, maňa rehim et, maňa seniň razy boljagyň işleri etdir we maňa haýyrly yrsgal ber, diýip sora. Bu sözler seniň hem dünýäňe hem ahyrediňe zerur bolan zatlaryň mazmunydyr”

***

Hezreti Aly radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem maňa:
-“Allâhummehdinî we seddidnî: Allahym! Meni dogry ýola gönükdir we şol ýolda meni üstünlige ýetir!” diýmegimi aýtdy.

***

Enes radyallahu anh’dan alynyp rowaýat edilişine görä Resûl–y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle doga-dileg edipdir: “Allâhumme innî eûzu bike mine’l–ajzi we’l–keseli we’l–jübni we’l–heremi we’l–buhl, we eûzu bike min azâbi’l–kabr, we eûzu bike min fitneti’l–mahýâ we’l–memât: Allahym! Ejizlikden,ýaltalykdan, gorkaklykdan, garrap kömege mätäç yagdaýa düşmekden we gysgançlykdan saňa sygynýaryn. Görüň azabyndan saňa sygynýaryn. Ýaşaýşyň we ölümiň pitnesinden saňa sygynýaryn.”

***

Ebû Bekir es–Syddyýk radyýallahu anh Resûlalla sallallahu aleyhi we selleme:
–Maňa namazymda okarym ýaly bir doga öwredäýiň diýdi. Ol hem şeýle buýrdy:
– “Allâhümme innî zalemtu nefsî zulmen kesîran ve lâ yagfiru’z–zünûbe illâ ente, fagfir–lî magfireten min indik, we’rhamnî inneke ente’l–gafûru’r–rahyým: Eý Allam! Men özüme gaty köp zalymlyk etdim. Senden başga günäleri bagyşlaýanam yok. Öz gatyňdan tükeniksiz bir bagyşlanma bilen meni bagyşla. Maňa rehim et. Çunki gafur (tükenmez bagyşlamasy ) we rahym (gullaryna rehmi bol) bolan diňe sensiň, diy.”

***

Äşe radyallahu anhadan alnyp rowaýat edilşine görä Resûl–y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem doga-dilegini şu sözler bilen edýär eken: “Allâhümme innî eûzu bike min fitneti’n–nâri ve azâbi’n–nâr we min şerri’l–gynâ we’l–fakr: Allahym! Jähennem pitnesinden, dowzah azâbından, baýlygyň we garyplygyň şerinden saňa sygynýan.”

***

Şekel İbni Humeýd radyýallahu anh şeýle diýdi:
– Yâ Resûlalla! Maňa bir doga öwredäý! Diýdim. Şeý diýemsoň ol maňa:
– “Allâhumme innî eûzu bike min şerri sem‘î we min şerri basarî we min şerri lisânî we min şerri kalbî we min şerri meniýýî: Allahym! Gulagymyň şerinden, gözümiň şerinden, dilimiň şerinden, kalbymyň şerinden we jynsy organymyň şerinden saňa sygynýan, diy” buýrdy.

***

Ebû Hureýre radyýallahu anh Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemiň şeyle doga edendigini aýtdy:
“Allâhumme innî eûzu bike mine’l–jûi feinnehû bi’se’d–dajî‘, we eûzu bike mine’l–hyýâneti feinnehâ bi’seti’l–bitâne:
Allam! Açlyktan saňa sygynýaryn; ol adamy gysymynyň içine alan şeýle erbet bir haldyr,ýagdaýdyr. Amanada (başgasyna degişli bolup yzyna tabşyrylmasy hökmany bolan gymmatlyklar) hyýanat etmekdenem saňa sygynýaryn; ol şeýle bir erbet hüý-häsiýetdir, tebigatdyr.”

***

Hezreti Aly radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä ylalaşyk baglanşylan bir gul onuň ýanyna gelip:
– Bergimi töläp biljek ýagdaýym ýok, maňa kömek edäý, diýdi. Ol hem:
– Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemiň maňa öwreden bir dogasyny men hem saňa öwredeýinmi ? Şony okamaga dowam eden ýagdaýyňda üsdüňde dag ýaly bergi hem bolsa Alla Tagalla ony saňa tölemäge kömek eder. Şeýle doga-dileg et diýdi:
“Allâhummekfinî bi–halâlike an harâmik, ve agninî bi–fazlike ammen siwâk: Allahym! Maňa halal yrsgal nesip edip haramlardanam gora! Fazlyň bilenem meni senden başgasyna mätäç eyleme!”

***

Şehr İbni Hawşeb şeýle diýdi:
Ümmü Seleme radyýallahu anhâ:
– Ey möminleriň enesi! Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem seniň ýanyňda bolan wagtlarynda iň köp haýsy dogany okardy? Diýip soradym. Ol hem şeýle dýdi:
– Köplenç “Yâ mukallibe’l–kulûb! Sebbit kalbî alâ dînik: Ey kalplary (ýürekleri) haldan hala salan Alla! Meniň kalbymam diniňden aýyrma!” diyip doga edýärdi.

***

İbn Mes‘ûd radýyallahu anh şeýle diýdi:
Resûlalla sallallahu aleyhi we sellemiň dogalaryndan biri şeýledi:
“Allâhumme innî es’eluke mûjibâti rahmetike we azâime magfiretike we’s–selâmete min külli ismin we’l–ganîmete min külli birrin we’l–fewze bi’l–jenneti we’n–nejâte mine’n–nâr: Allam! Seniň rahmetiňe ýetirjek, bağyşlamagyňy üpjin etjek işleri etmegi, her tüýsli günäden gaça durmagy,ähli ýagşylyklary ýerine ýetirmegi, jennete gowşup jähennemden halas bolmagy nesip etmegiňi nyýaz edyarin (dileýärin).”

***

Ebu’d–Derdâ radyýallahu anh Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemi şu zatlary aýdyp durka diňländigini aýtdy: “Bir musulman, ýanynda bolmadyk bir din dogany üçin doga-dileg etse, melekler oňa “Dilän zatlaryň saňa hem berilsin” diýip doga ederler.”

***

Usâme İbni Zeýd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleyhi we sellem şeyle buýrdy: “Özüne ýagşylyk edilen biri ýagşylyk edene, jezâkellâhu haýran: Allah seni haýyr bilen serpaýlandyrsyn, diýse, oňa iň gowy görnüşde sag bolsun aýtdygy bolar.”

***

Jâbir radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleyhi we sellem şeyle buýrdy: “Özüňize betdoga (erbet doga-dileg) etmäň; çagalaryňyza betdoga etmäň; mallaryňyzada betdoga etmäň. Dileg-dogalaryň kabul edilýän wagtyna gabat geläýse Alla betdogaňyzy kabul edip goýberer.”

***

Ebû Hureýre radyýallahu anh’dan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleyhi we sellem şeyle diýdi: “ Guluň Rebbine iň ýakyn bolýan haly sejde halydyr.Ine şol sebäpdenem sejdede köp doga-dileg etjek boluň!”

***

Müslimiň ýenede bir rowaýaty şeýledir:
– “Bir gul günä bolan, ýa-da garyndaşy bilen öýke-kine etmesine sebäp boljak zatlardan birini dilemese, ýada howlukmasa doga-dilegleri kabul bolar.”
– Eý Allahyň Resuly! Howlukmak name diýmek? Diyip soralanda şeýle diýdi:
– “Näçe gezekler doga-dileg etsemem Rebbimiň dogalarymy kabul edenini görmedim diýer. Doga-dilegleriniň derrew kabul edilmänligi sebäpli bizar bolup doga-dileg etmäni bes eder.”

***

Ebû Umâme radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resûlalla sallallahu aleýhi we selleme:
– Haýsy doga has köp kabul edilýär, - diýip soradylar.
– “Gijäniň soňky sagatlarynda we parz namazlaryň yz ýanyndan edilen doga-dilegler” diýdi.

***