Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

TÄRET, AZAN WE NAMAZYŇ FAZYLETI BARADA

Hadyslar>>Täret, azan we namazyň fazyleti barada

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allah Resulynyň (s.a.w.): «Meniň ymmatym kyýamat gününde täretli bolmagyň alamaty hökmünde ýüzleri nurly, eldir aýaklary lowurdap duran ýagdaýda mizan başyna çagyrylar. Kim ýüzüniň nuruny artdyryp bilýän bolsa, artdyrsyn» diýendigini eşitdim».

***

Osman ibn Affanyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim birkemsiz täret alsa, onuň dyrnaklarynyň aşagyndakylara deňiç ähli günäleri bedeninden arassalanyp aýrylar».

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Eger adamlar azan aýtmakda we namazda birinji hatarda durmakda nähili uly sogaplaryň bardygyny bilsediler, onda şolara eýe bolmak üçin bije çekmekden başga çäre tapmasalar, bije çekerdiler. Eger olar namaz giren badyna irgözinden metjide barmakda nähili uly sogaplaryň bardygyny bilsediler, onda metjide namaz wagty girmezden öň barjak bolup biri-birileri bilen ýaryşardylar. Eger olar ýassy we ertir namazyny jemagat bolup okamakda nähili uly sogaplaryň bardygyny bilsediler, onda emedekläp ýa-da süýrenibem bolsa, şol namazlara barardylar».

***

Jabyr ibn Abdullahyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim azan sesini eşiden wagty: «Allahumme Rabbe häzihid-dagwetit-tämmeti, wessalätil-kaimeti, äti Muhammedenil-wesilete wel-fazylete web-ashu makamem mahmudenillezi weatteh» (Eý, azan sözleri arkaly hasyl bolan ajaýyp çagyryşyň we okaljak namazyň Rebbi bolan Allahym! Muhammede jennetiň «Wesile» derejesini nesip et. Oňa «Fazilet» mertebesini ber. Wada berişiň ýaly, ony «Makamy-mahmud» mertebesine çykar!) diýse, kyýamat gününde meniň şepagatym oňa wajyp bolar».

***

Enes bin Mälikden (r.a.) rowaýat edilmegine göre, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Azan bilen kamatyň aralygynda edilen dileg kabul bolar».

***

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allah Resulynyň (s.a.w.): «Hany siz aýdyň, biriňiziň gapyňyzyň öňünden bir akar ýap geçýän bolsa, olam günde şol ýapda bäş wagtyna ýuwunsa, onda onuň bedeninde kir galarmy? Muňa näme diýersiňiz?» »diýendigini eşitdim. Sahabalar: «Onuň bedeninde kir galmaz» diýip jogap berdiler. Soňra Allah Resuly (s.a.w.): «Bäş wagt namazam, ine, şonuň ýalydyr. Allatagala şolar bilen günäleri ýuwar arassalar» diýdi.

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Uly günälerden saklanylan ýagdaýynda, bäş wagt namaz bilen iki juma namazy, olaryň aralygynda edilden kiçi günäleri ýuwýar».

***

Osman ibn Affan (r.a.) şeýle diýipdir: Allah Resulyny (s.a.w.): «Musulman kişi namaz wagty giren badyna birkemsiz täret alsa, soňra durky bilen berlip (huşug ýagdaýynda) hem-de rukuglaryny doly berjaý edip namaz okamaga dursa, uly günälerden saklanmak şerti bilen, şol okan namazy onuň kiçi günälerini ýuwar. Bu elmydama şeýledir» diýendigini eşitdim.

***

Ebu Musadan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kim günüň iki sergin wagty okalýan namazy (ertir we ikindi namazyny) okasa, jennete girer».

***

Ebu Züheyr Umare ibn Ruweýbe (r.a.) şeýle diýipdir: «Allah Resulynyň (s.a.w.): «Gün dogmazdan hem-de batmazdan öň namaz okan kişi dowzaha girmez» diýendigini eşitdim. Allah Resuly (s.a.w.) beýle diýmek bilen ertir we ikini namazyny göz öňünde tutupdyr.

***

Büreýdeden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir:
«Ikindi namazyny terk eden kişiniň amaly biderek bolar»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim jemagat bilen namaz okamak üçin ertirden agşama çenli metjide gatnasa, her gezek gidip-geleninde Allatagala oňa jennetde näzi-nygmatlar taýýarlar»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim öýünde oňat arassalanyp, parz namazyny okamak üçin metjide gitse, äden her bir ädimi üçin Allatagala onuň bir günäsini kemelder we ony bir dereje beýgelder»

***

Abdullah ibn Omardan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Jemagat bolup okalan namaz ýekelikde okalan namazdan ýigrimi ýedi esse sogaplydyr»

***

Osman ibn Affan (r.a.) şeýle diýipdir: «Allah Resulynyň (s.a.w.): «Ýassy namazyny jemagat bolup okan kişi gijäniň ýaryna çenli namaz okan ýaly bolar. Ertir namazyny jemagat bolup okan kişi bolsa, şol gijäni tutuş namaz okap geçiren ýaly bolar» diýip aýdanyny eşitdim»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Eger adamlar ýassy we ertir namazlaryny jemagat bolup okamagyň nähili sogaplydygyny bilsediler, onda emedekläp hem bolsa metjide giderdiler»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Mynapyklara namazlaryň arasynda ertir we ýassy namazlaryndan has agyr düşýäni ýokdur. Eger adamlar bu namazlary okamagyň nähili sogaplydygyny bilsediler, onda olar emedekläp hem bolsa metjide barardylar»

***

Jabyr ibn Abdullahyň (r.a.) şeýle diýipdir: «Allah Resulynyň (s.a.w.): «Namazy terk eden kişi bilen şirkiň arasynda hiç bir aradaşlyk galmaýar» diýip aýdanyny eşitdim. (Şirk – Allaha şärik goşmak)

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kyýamat gününde kişiden hasaby soraljak amallaryň ilkinjisi namazdyr. Eger namazy düzüw bolsa, hemme zat ugruna bolar we utuş gazanar. Eger-de parzlary kem bolsa, onda beýik Perwerdigär: «Bendämiň nepil namazlary barmy, serediň?» diýip buýrar. Şeýlelikde parzlardaky kemçilikleriň üsti nepil namazlary bilen doldurylar. Soňra beýleki amallaryň hem hasaby edil şular ýaly ýagdaýda dowam eder»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Eger adamlar azan aýtmakda we namazda birinji hatarda durmakda nähili uly sogaplaryň bardygyny bilsediler, onda şolara eýe bolmak üçin bije çekmekden başga çäre tapmasalar, bije çekerdiler»

***

Abdullah ibn Omardan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Yslam bäş zadyň üstüne bina bolandyr. Şol bäş zat: Allatagaladan başga hudaýyň ýokdugyna we Muhammediň (s.a.w.) Allatagalanyň resulydygyna şaýatlyk etmekdir. Namaz okamakdyr. Zekat bermekdir. Haja gitmekdir. Remezan aýynyň orazasyny tutmakdyr»

***

Abdullah ibn Mugaffaldan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly: «Her okalan azan bilen kamatyň arasynda bir namaz bar. Her okalan azan bilen kamatyň arasynda bir namaz bar. Her okalan azan bilen kamatyň arasynda bir namaz bar» diýeninden soňra üçünjisinde: «Okamak isleýän üçin» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.

***

Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: Allah Resuly (s.a.w.) öýle namazynyň parzyndan öň okalýan dört rekat namazy we ertir namazynyň parzyndan öň okalýan iki rekat namazy asla terk etmezdi.

***

Äşeden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Ertir namazynyň iki rekat sünneti dünýäden we dünýädäki zatlaryň ählisinden has haýyrlydyr»

***

Abdullah ibn Saýybyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) Gün dik depeden agandan soň, öýle namazynyň hem parzyndan öň dört rekat sünnet namazyny okardy-da şeýle diýerdi: «Şu wagt gök gapylarynyň açylýan wagtydyr. Şeýle haýyrly wagtda Allatagalanyň huzuryna ýagşy amallarymyň çykmagyny dileýärin»

***

Abdullah ibn Omardan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ikindi namazynyň parzyndan öň dört rekat sünnet namazyny kylan kişä Allatagala rehmetini yhsan etsin»

***

Zeýt ibn Sabytdan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Pygamberimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Eý adamlar! Öýüňizde namaz okaň! Sebäbi parz namazlaryndan galan namazlaryň arasynda öýde okalan namaz ýaly has sogaply namaz ýokdur»

***

Abdullah ibn Omardan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Pygamber serwerimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Namazyňyzyň bir bölegini öýüňizde okaň! Öýüňizi mazara öwürmäň!»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) şeýle diýipdir: « Dostum Resul aleýhyssalam maňa her aý üç gün agyz beklemegi, iki rekat guşluk (duha) namazyny okamagy we ýatmazdan öň witr namazyny okamagy maslahat berdi»

***

Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Pygamber serwerimiz (s.a.w.) gija turup aýaklary çişýänçä namaz okardy. Men muny görüp: «Eý Allahyň Resuly! Seniň öňki-soňky ähli günäleriň bagyşlandy ahyry. Näme üçin beýdip özüňe zor salýarsyň?» diýdim. Şonda Ol (s.a.w.) maňa: «Allaha şükür edýän gul bolmaýynmy?» diýip jogap berdi»

***

Abdullah ibn Selamyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda, Pygamber serwerimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Eý adamlar! Biri-biriňize salam beriň! Biri-biriňize hödür-kerem ediň! Her kim gije ýatyrka turup namaz okaň! Bu aýdylanlary berjaý etseňiz salamatlyk bilen jennete girersiňiz!»

***

Äşeden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Eger namaz okap durkaňyz irkiljek bolsaňyz, onda namazy goýup birsellem irkilip alyň. Sebäbi oýaly-ukuly namaz okasaňyz, birdenkä ýalňyşyp Allatagaldan bagyşlanmagy dilemegiň ýerine öz-özüňize gargaýmaň!»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Ymmatyma (adamlara) kyn düşer öýtmedik bolsadym, onda olara her namazda myswak bilen dişlerini arassalamagy buýrardym»

***

Ebu Eýýup Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir adam Allah Resulyndan (s.a.w.): «Meni jennete alyp barjak amal bar bolsa, aýt?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w) oňa: «Allatagala ybadat edip, oňa hiç bir zady şärik goşma! Namazyňy oka, zekatyňy ber we dogan-garyndaşlaryňa goldaw ber!» diýip jogap berdi»

***