Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

AGZYŇY BEKLEMEGIŇ WE REMEZANYŇ FAZYLETI BARADA

Hadyslar>>Agzyňy beklemegiň we Remezanyň fazyleti barada

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Remezan orazasyndan soň iň sogaply oraza Muharrem aýynda tutulýan orazadyr. Parz namazlaryndan soň iň sogaply namaz gije okalýan namazdyr»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim remezan aýynyň mübärek aýdygyna ynanyp we peşgeşini diňe Alladan almagy umyt edip tarawa namazyny okasa, onuň öňki eden günäleri geçiler»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Mübärek gijedigine ynanyp we Allahdan yalkanmagyny diläp Gadyr gijesini tagat-ybadat bilen geçiren kişiniň öňki eden günäleri geçiler»

***

Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Pygamber serwerimizden (s.a.w.): «Gadyr gijesiniň haýsy gijedigini bilsem, şol gije nähili dileg edeýin?» diýip soradym. Şonda ol maňa: «Allahym! Sen bagyşlaýjysyň! Sen bagyşlamagy gowy görýärsiň! Meni bagyşla! (Allahümme inneke afuwwun tuhybbul afwe feafu anni)» diýip dileg etmegi maslahat berdi»

***

Sehl ibn Sagtdan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Jennetiň «Reýýan» atly gapysy bardyr. Kyýamat güni şol gapydan diňe oraza tutanlar girer. Olardan başga hiç kim şol gapydan goýberilmez. «Oraza tutanlar nirede?» diýip ses eşidiler we olar ýerlerinde turup şol gapa tarap ugrarlar. Bu gapyndan olardan başga hiç kim asla girip bilmez. Oraza tutanlar girip bolaram welin, gapy ýapylar we soň gaýdyp şol gapydan hiç kim girip bilmez»

***

Ebu Sagyt Hudrydan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim Allatagalanyň razylygy üçin ýeke gün oraza tutsa, şol ýekeje gün orazasy üçin Allatagala ony dowzah odundan ýetmiş ýyllap daşlaşdyrar»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim mübärek aýdygyna ynanyp we Alladan ýalkanmagyny diläp remezan orazasyny tutsa, onuň öňki eden günäleri bagyşlanar»

***

Amr ibn Asyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Biziň orazamyz bilen Ehli-Kitabyň orazasynyň arasyndaky iň esasy tapawut selälik naharydyr»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Allatagala: «Meniň iň halaýan gulum agzyny açmaly bolanda haýal-ýagallyk etmeýän kişidir» diýdi»

***

Selman ibn Amirden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Agzyňyzy açanyňyzda hurma bilen açyň! Eger hurma ýok bolsa, suw bilen açyň! Suw päkdir»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Agzyňyz bekli mahaly asla hapa söz aýtmaň we hiç kim bilen dawalaşmaň! Eger kimdir-biri size paýyş söz aýtsa ýa-da şer arap ýanyňyza gelse, oňa «meniň agzym bekli» diýip jogap beriň»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Remezan orazasyndan soň iň sogaply oraza Muharrem aýynda tutulýan orazadyr. Parz namazlaryndan soň iň sogaply namaz gije okalýan namazdyr»

***

Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Remezan orazasyny doly tutup we şondan daşgary hem şewwal aýynda alty gün oraza tutan kişi bir ýyly tutuş oraza tutup geçiren ýaly bolar»

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Duşenbe we penşenbe günleri amallar Allahyň huzuryna çykarylar. Men agzym bekli mahaly amallarymyň Allahyň huzuryna çykmagyny islärdim»

***

Abdullah ibn Amr ibn Asyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Her aý üç gün agyz beklemek, tutuş bir ýyly orazaly geçirmek diýmekdir»

***

Zeýt ibn Halyt Jüheniniň (r.a.) rowaýat etmegine görä, Pygamber serwerimiz (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim oraza tutan bir adama agzaçarda iýdirip-içirse, oraza tutanyň sogaby ýaly sogaba eýe bolar. Beýle ýagdaýda oraza tutanyň sogaby asla kemelmez»

***