Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

GADAGANLYKLAR BARADA - 2

Hadyslar>>Gadaganlyklar barada - 2

Ebû Saîd radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Bir erkek kişi,basga bir erkek kişiniň uýat ýerine seretmesin, bir aýal maşgala-da başga bir aýal maşgalanyň uýat ýerine seretmesin. Bir erkek adam başga bir erkek adam bilen bilelikde bir ýorganyň içinde ýatmasyn. Bir zenan maşgala-da başga bir zenan bilen bir ýapynjanyň aşagynda ýatmasyn."

***

İbni Abbas radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Siziň hiç haýsyňyz gapdalynda mähremi (atasy, dogany, ya-da äri) bolmadyk zenan maşgala bilen ikiçäk galmasyn."

***

Ebû Hureýre radyýallahu anh şeýle diýdi: Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem zenan ýaly geýnen erkek kişä we erkek adam ýaly geýnen aýal maşgala lagnat etdi, länetledi (Allanyň rähmetinden daş bolsunlar, azabyna ýakyn bolsunlar manysyndaky bet-doga).

***

Yene-de Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilen bir hadysa görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Dowzahylaryň entäk maňa dünýäde gabat gelmedik iki topary bar: Şolaryň biri, sygyryň guýrugyna meňzeş gamçylar bilen adamlary urup-ýençýän topar, beýlekisem, egin-eşikli bolsalaram ýalaňaç ýaly görünýän we beýleki zenanlaram özlerine çalymdaş geýinmäge itekleýän,mejbur edýän, başlary (saç stilleri bolmagy mümkin) düýäniň örküjine meňzeýän aýal-gyzlar.Ynha şu aýal-gyzlar jennete girip bilmejekdikleriniň ýanynda, onuň şeýle uzak aralyklardan duýlan hoşboý ysynam alyp bilmezler."

***

Jâbir radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilen bir hadysa görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Nahary çep eliňiz bilen iýmäň. Çünki şeýtan naharlananda çep eli bilen iýýär!"

***

İbni Omar radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem, aýal-gyzlardan saçlaryna saç goşduranlaryna we goşanlaryna,bedenlerine tatiurowka çekdirenlerine we çekenlerine lagnat etdi, länetledi (Allanyň rähmetinden daş bolsunlar, azabyna ýakyn bolsunlar manysyndaky bet-doga).

***

İbni Omar radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilen bir hadysa görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Ukyňyz gelip ýatmak islän mahalyňyz, öýüňiziň içindäki ody, ýanyp duran ýagdaýda goýmaň!"

***

Ömer İbni'l–Hattâb anhdan alnyp rowaýat edilen bir hadysa görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: "Ýogalanda yzyndan edilen ses (we yzynda aýdylan gynanç aýdymy) sebäpli öli gabrynda azaba duçar ediler."

***

Safiýýe Binti Ebû Ubeýd, Nebî sallallahu aleýhi we sellemiň päk aýallarynyň birinden alan hadysynda Pygamber sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini aýdýar: "Kimde kim, ogurlyk ya-da ýitik malyň ýerini aýdyp berýän palça (ya-da şoňa meňzeşlere) bir zat sorap, onuň aýdanynam tassyklasa, şol adamyň kyrk günläp kylan namazlarynyň hiç birisi kabul bolmaz."

***

Amr İbni Şuaýbyň kakasynyň arada durmagy bilen atasyndan alyp rowaýat etmegine görä Resulalla sallallahu aleýhi we sellem, metjitde söwda-satyk etmäni, ýiten zatlary sorap-idemäni, we goşgy okamany gadagan edipdir.

***

Ebû Umâme İýâs İbni Sa'lebe el–Hârisî radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilen bir hadysa görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy:
-"Yalanda ant içip bir musalmanyň hakyny iýen adama Alla Tagalla dowzahy wajyp edip, behişdi hem haram kylar" diýeninde, bir adam:
-“Eger ol hak ähmiýetsiz bir zat bolsa-da ýene şeýle bolýarmy eý Allanyň Resuly?”diýip sorady.
Pygamberimiz:
"Miswak ağajynyň baldagynyň bir bölegi bolsa-da şeýle bolýar" buýrdy.

***

Ebû Katâde radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Söwda-satykda köp ant içip awy yalamakdan gaça duruň. Ant içmek harytlaryň aňsat satylmasyna kömek eder; ýöne yz ýanyndanam işiňi gaýtaryp, lapykeç eder."

***

Zeyd İbni Hâlid el–Juhenî radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Horoza sögünmäň. Çünki, ol sizi namaza turuzýar."

***

Ebû Zer radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Kim-de kim bir kişä “eý kapyr” diýip seslense ya-da “ eý Allanyň duşmany” diýip ýüzlense, eger ýuzlenilen adam hem beýle däl bolsa, onda şol aýdylan sözler aýdanyň özüne gaýdyp barar."

***

Jâbir İbni Abdullah radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: " Siziň araňyzda iň halaýanlarym we kyýamat gününde maňa iň ýakyn ýerde durjaklaryňyz gözel ahlakly we ýagşy häsiýetli bolanlaryňyzdyr. Owadan gepleýär diýdirjek bolup uzagyndan gürleýänleriňiz, aýdýanlaryny halatjak bolup agzyny doldurup gepleýänleriňiz we köpbilmişlik taslajak bolup kitap ýyrtyp birzatlar öwrenýänleriňiz bolsa iň halamaýanlarym we kyýamat gününde menden iň daş boljaklaryňyzdyr."

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle maslahat berdi: "Haýsydyr biriňiz doga-dileg edende: Isleseň meni bagyşla; isleseň maňa merhemet et, diýmesin.Dileglerini, isleg-arzuwlaryny çynlakaý, düşnükli we çürt-kesik görnüşde dilesin. Sebäbi Alla Tagallany gyssap bir iş etdirip biljek hiçhili güýç-kuwwat ýok."

***

Ebû Hüreyre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: " Äri ýanyndaka, bir aýal maşgalanyň äriniň rugsatyny alman nafile oraza (parz bolan remezan orazasyndan başga orazalar) tutmagy halal däl. Aýal maşgala ärinden birugsat öyüne hiç kimsäni salyp bilmez."

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Haýsydyr biriňiz ymamdan öňürti kellesini (ruku ýa-da seždeden) galdyran mahaly, Alla Tagallanyň onuň kellesini eşegiň kellesine öwürmesinden, ýa-da ýüzüni eşegiň ýüzüne öwürmesinden gorkanokmyka?"

***

Äşe radyýallahu anhâ: ”Resûlulla sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşitdim” diýdi: "Nahar taýarka, we uly,kiçi täret kişini gyssap durka kylnan namazyň gymmaty ýok."

***

Enes radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Namazdakaňyz sağa- sola bakynmakdan gaça duruň. Çünki namazdakaň eýläk-beýläk garanyp oturmak kişiniň (kyýamatda) heläkçilige duçar bolmasyna sebäp bolar. Eger eýläk-beýläk seretmän durup bilmeýän bolsaňyz, muny nafile namazlarda etseňizem, hiç bolmasa parz namazlarda etmäň."

***

Ebû Juheym Abdullah İbni Hâris İbni Symme el–Ensârî radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resulalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Namaz kylyp duranyň öňüni kesip geçýän kişi näçe mukdarda günä iş edýändigini bilsedi, kyrk (gün, aý, ýyl) şunça wagt ýerinde durmagy onuň üçin haýyrly, bähbitli bolardy."

***

Ebû Hureýreden we Äşe radyýallahu anhümâdan alnyp rowaýat edilen hadysa görä Nebî sallallahu aleýhi we sellem, oraza tutulanda agyz açylýan wagtynda agzy açman, ony beýleki günüň orazasy bilen sepleşdirmäni gadagan etdi.

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilen bir hadysda Resûlulla sallallahu aleýhi we sellem:
– "Üstuňize Allanyn länetini getirip biljek iki zatdan daş duruň" buýrdy. Sahâbe–i kirâm bolsa:
– Allanyň länetine duçar edip biljek şol iki zat nämekä? diýip soradylar. Pygamber Efendimiz bolsa:
– "Adamlaryň gatnaýan ýerlerine we kölegesinde oturýan ýerlerine täret bozmak(uly ýa-da kiçi tualeti etmek)" diýdi.

***

Müslimden rowaýat edilen başga bir hadysda bolsa Resûlulla sallallahu aleýhi we sellem:
– "Ey Beşir! Şundan başga-da oğluň barmy?" diýip sorady. Beşir bolsa:
– “Hawa bar” diýdi. Pygamberimiz:
– "Şuňa bereniň ýaly beýleki ogullaryňa-da berdiňmi?" buýrdy. Beşir:
– Ýok, bermedim-dä,diýdi. Pygamberimiz:
– "Onda meni bu ýagdaýa şaýat tutma; sebäbi men zulumyň hiç bir görnüşine şaýat bolup bilemok " diýdi.(Bu hadysda maşgaladaky çagalaryň biriniň beýlekilerinden has gowy görlüp, oňa köp zat berilmeginiň adalatsyzlykdygynyna üns çekilýär.)

***

Ebû Mûsâ el–Eş'arî radyýallahu anh şeýle diýdi:
Nebî sallallahu aleýhi we sellem, bir adamyň bir kişini gereginden aşa öwüp oturanyny eşdip şeýle diýdi:
" Ol pahyryň işini gaýtardyňyz.“ (Kimdir-birini aşa öwmegiň oňa peýda däl-de ummasyz zyýan berýänliginiň gürrüňi edilýär.)

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy:
"Ynsanyň heläk bolmagyna sebäp bolýan şu ýedi zatdan ägä bolup daş duruň.” Sahâbalar:
– Eý Allanyň Resuly! Bu gürrüňi edilen ýedi zat nämekä? diýip soradylar. Resûl–i Ekrem şeýle dowam etdi:
"Alla-Tagalla şirk goşmak(Alladan başga-da hudaýlaryň, taňrylaryn barlygyna ynanmak ýa-da bar ýaly hereket etmek), sihr etmek ya-da dogalamak,(Haram zatlary we ýollary ulanyp bir bendäniň heläkçilige uçramagy niýet edilip edilen jady-erbet doga), – hak edip öldürilenleriň daşynda – Alla tarapyndan öldürilmegi haram kılnan bir ynsanyň janyna kast etmek, göterim iýmek (prosentine pul berip gazanç etmek, süýthorluk), yetimiň malyny iýmek, düşmana hüjüm edilen mahaly söweşden gaçmak, öýli-işikli we hiç zat bilen işi bolmadyk ar-namysly,utanç-haýaly musulman aýal maşgala zyna töhmetini atyp aýyplamak."

***

Huzeýfe radyýallahu anh şeýle diýdi:
Bigüman (bu hakykat diýmek) Nebî sallallahu aleýhi we sellem bize ýüpek we atlazdan (näzik we ýakymly matalar) dikilen egin-eşikleri geýmäni, altyn we kümüşden ýasalan gaplarda iýip-içmäni gadagan edip şeýle diýdi:
"Bular bu dünýäda kapyrlaryňky, âhyretde bolsa siziňki bolar."

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resul-y Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Atalaryňyzy inkär edip, olardan ýüz öwürmäň. Kimdir biri öz kakasyny taşlap, başga birine kaka diýse, gadyrbilmezlik etdigi bolar.”

***