Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

TOWA-ISTIGFAR BARADA

Hadyslar>>Towa-istigfar barada

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: Allah Resulynyň (s.a.w.): «Wallahy, men günde ýetmiş gezekden köp Allatagaladan günälerimi geçmegini sorap ýalbarýaryn, toba edýärin» diýip aýdanyny eşitdim.

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Janymy gudratly elinde saklaýan Allahdan ant içýärin. Eger siz hiç hili günä iş etmän ýaşaýan bolsadyňyz, onda Alla sizi ýok ederdi. Siziň ýeriňize bolsa, günä işlere baş goşanyndan soň toba edip, Allahdan bagyşlanmagyny dileýän halk getirerdi we olary bagyşlardy».

***

Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle gürrüň beripdir: «Biz sanadyk welin, Allah Resuly (s.a.w.) bir oturanda ýüz gezek: «Rabbigfir li we tüb aleýýe inneke entet-tewwäbur-rahi:m» (Allahym! Meni bagyşla we Seniň öňüňde edýän tobamy kabul et! Elbetde Sen tobalary kabul edijisiiň. Elbetde Sen merhemet edijisiň!) diýip gaýtalady.

***

Abdullah ibn Apbasdan (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kim doga we istigfar bilen meşgul bolsa, Allatagala oňa her kynçylykdan baş alyp çykmagyň, her gussadan saplanmagyň ýoluny görkezer. Oňa garaşmaýan ýerinden ryskyny berer».

***

Abdullah ibn Mesudyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde kim: «Estagfirullah ellezi lä ilähe illä hu. El-Haýýel-Kaýýume we etu:bu ileýh» (Özünden başga hudaý bolmadyk, baky diri bolan, islendik bir zadyň barlyga eýe bolmagy diňe onuň saýasynda amala aşýan, bütin älem-jahany dolandyrýan Allatagaladan günälerimi geçmegini diläp toba edýärin) diýip ýalbarsa, söweşden gaçanam bolsa, günäleri geçiler».

***

Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: « Allah Resuly (s.a.w.) ömrüniň soňky pursatlarynda «Subhanallahi we bihamdihi, estagfirullahe we etubu ileýh» (Men Allatagalany onuň beýik ylahy mertebesine ýaraşmaýan nogsan sypatlardan päkdigini tassyklap, Oňa hamdy-sena edýärin. Allatagaladan meniň günälerimi geçmegini soraýaryn we eden işlerime toba edýärin) dogasyny köp gaýtalardy.

***

Enes ibn Mäligiň (r.a.) «Allah Resulyndan (s.a.w.) eşitdim» diýip rowaýat etmegine görä, Allatagala şeýle diýipdir: «Eý adamogly! Sen maňa yzygiderli doga-dileg etseň we günäňi geçjegime bolan umydyňdan el çekmeseň, nähili uly günä iş edenem bolsaň, ululygyna seretmezden günäňi geçerin. Eý adamogly! Eden günä işleriň ululygy asmana baryp ýetýänem bolsa, eger menden günäňi geçmegimi sorap ýalbarsaň, günäňi geçerin. Eý adamogly! Eger Ýerýüzüne barabar uly günä işlere baş goşup meniň huzuryma gelseň, ýöne Maňa hiç zady şärik goşmadyk bolsaň, elbetde Menem saňa Ýerýüzüne barabar uly merhemet bilen gujak açaryn».

***