Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

JENNET NYGMATLARY BARADA

Hadyslar>>Jennet nygmatlary barada

Jabir radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr: “Jennetiler jennetde iýip içerler, emma uly ýa-da kiçi täretleri gelmez we sümgürmezler. Diňe gowy ysly gägirerler we derlärler. Adamyň öz-özünden dem alşy ýaly, olaram öz-özlerinden Jenaby Hakky uluhyýet makamyna gelişmejek sypatlardan tenzih ederler we tekbir getirerler.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Allatagalla, “Men salyh gullarym üçin hiç bir gözüň görmedik, hiç bir gulagyň eşitmedik, hiç bir adamyň aklyna gelmedik we hyýal edip bilmedik nygmatlaryny taýýarladym” buýrdy.”
Ebu Hureýre, “isleseňiz şu aýaty okaň” diýipdir:
“Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (jennetde) gözleri nurlandyrjak niçeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir.” (Sežde süresi, 17-nji aýat)

***

Mugyre ibni Şube radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
Musa (a.s.) Rebbine:
-Jennetlikleriň iň aşakdaky derejesi nähili? - diýip sorady. Allatagalla hem şeýle buýrdy:
-Ol, jennetlikler jennete girenden soň gelen bir adamyň derejesi bolup, özüne:
-Jennete gir!- diýiler.
-Eý Rebbim! Hemme kişi ýerine ýerleşdi we aljagyny aldy, men nirä gideýin?-diýer. Oňa:
-Saňa dünýä hökümdarlarynyň biriniň mülki ýaly ýer berilse razy bolarmyň? - diýip soralar. Ol hem:
-Razydyryn eý Rebbim! - diýer. Allatagalla oňa:
-Ynha, şeýle bir mülk seniňkidir! Ýene şonça, ýene şonça, ýene şonça, ýene şonça, buýurar. Başinjide ol adam:
-Razy boldum eý Rebbim! - diýer. Allatagalla oňa:
-Ynha, şunça zat seniňkidir. Onuň on essesi hem seniňkidir. Birem näme arzuwlaýan bolsaň, gözüň nämeden hoşal bolýan bolsa hemmesi seniňkidir, diýip buýranda, adam:
-Razy boldum eý Rebbim! - diýer.
Ondaň soň Musa aleýhisselam:
-Eý Rebbim! Jennetlikleriň iň beýik derejesi nähili? - diýip sorady. Allatagalla şeýle buýrdy:
-Olar meniň saýlan gullarymdyr. Olaryň keramet nahallaryny gudrat elim bilen men dikip mühür astyna aldym. Olara taýýarlan nygmatlarymy hiç bir göz görmedi, hiç bir gulak eşitmedi, hiç kimiňem huşundan we hyýalyndan geçmedi.”

***

Ibni Mesud radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Men jähennemden iň soňky çykjagy (ýa-da jennete iň soňky girjegi) bilýän. Ol adam jähennemden emedekläp çykar. Allatagalla oňa:
-Git, jennete gir, buýrar. Adam jennete girer, emma, oňa jennet doly ýaly bolup görner. Yzyna gaýdyp Allatagalla:
-Eý Rebbim! Jennet agzyna çenli dolupdyr, diýer. Allatagalla oňa:
-Git, jennete gir, buýrar. Gelen ýerine yzyna gider, we ýene jennet oňa doly görner. Ýene bir gezek Allatagallanyň ýanyna dolanyp:
-Eý Rebbim! Ol ýer dop-doly, diýer. Allatagalla oňa ýene:
-Git, jennete gir. Ol ýerde seniň dünýä ýaly we dünýäniň on essesi ýaly ýeriň bar. - buýrar. Ol adam:
-Eý Rebbim! Sen külli älemiň hökümdary bolup meniň bilen oýun edýäňmi? (ýa-da meniň üstümden gülýäňmi?) - diýer. ”
Hadysy rowaýat eden Ibni Mesud şeýle diýdi: Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň arka dişleri görünjek derejede ýylgyranyny gördüm. Soňam şeýle buýrdy:
“Ynha, jennetlikleriň iň aşakgy derejesindäki adamyň derejesi şeýledir.”

***

Enes radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr:
“Jennetde, jennetlikleriň her hepde gidýän bazary bar. Ol ýerde, ýüzlerine we egin-eşiklerine jennet yslaryny üfleýän demirgazyk şemaly öwser we şeýlelik bilen görkleri has hem owadanlaşar. Öňküsinden has gözel we görmegeý bolup ýan ýoldaşlarynyň ýanyna gaýdyp gelen wagtlary, maşgalalary olara:
-Walla owadanlygyňyza owadanlyk goşulypdyr, diýerler.
Olaram:
-Walla ýanyňyzdan aýrylanymyz bäri sizem has owadanlaşypsyňyz, diýerler.”

***

Sehl ibni Sad radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr: “Jennetlikler, beýiklerdäki köşklere siziň asmandaky ýyldyza seredişiňiz ýaly serederler.”

***

Ebu Said we Ebu Hureýre radyýallahu anhumadan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Jennetlikler jennete giren wagtlary, biri şeýle seslener: Siz jennetde ebedi ýaşarsyňyz, hiç haçan ölmezsiňiz; hemişe sagdyn bolarsyňyz, hiç haçan kesellemezsiňiz; hemişe ýaş bolarsyňyz, hiç haçan garramazsyňyz; hemişe nygmat içinde bagtly bolup ýaşarsyňyz, hiç haçan kynçylyk görmezsiňiz we bagtsyz bolmazsyňyz.”

***

Jerir ibni Abdullah radyýallahu anh şeýle diýipdir:
Bir gije Resulullahyň ýanyndadyk. On dördünji gijäniň aýyna seredenden soň, şeýle buýrdy:
“Şu aýy hiç bir kynçylyk çekmän görşüňiz ýaly, Rebbiňizi hem arkaýyn aýan görersiňiz.”

***

Suheýb radyýallahu anhdan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy:
“Jennetlikler jennete giren mahaly Allatagalla olara:
-Size bermegimi isleýän bir zadyňyz barmy? - diýip sorar. Olaram:
-Eý Rebbimiz! Ýüzlerimizi ak etmediňimi? Bizi jennete goýup jähennemden halas etmediň mi, başga näme isläli? - diýerler.
Şol wagt Allatagalla perdäni galdyrar. Olara berilen iň gowy we iň gadyrly zat Reblerine seretmek bolar.”

***