Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

KURANY KERIMI OKAMAGYŇ FAZYLETI BARADA

Hadyslar>>Kurany Kerimi okamagyň fazyleti barada

Ebu Umama (r.a.): «Men Allah Resulynyň (s.a.w.): «Kuran okaň! Sebäbi Kuran kyýamat gününde öz okyjylaryna şepagatçy boljakdyr» diýendigini hut onuň özünden eşitdim» diýipdir.

***

Newwas ibn Seman (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allah Resulynyň (s.a.w.): «Kyýamat gününde Kurany we dünýede Kuran ýoluna eýerip ýaşan kişileri magşar meýdanyna çykararlar. Şol pursatda Kuranyň adyndan «Bakara» we «Äli-Imran» süreleri çykyş eder. Olaryň ikisi-de öz okyjylaryny aklajak bolup uly alada galarlar» diýendigini eşitdim.

***

Osman ibn Affanyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Siziň araňyzdan iň haýyrlyňyz Kurany öwrenen hem öwreden kişidir».

***

Äşeden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kurany kada laýyk dürs hem owadan okaýan kişi wahy getirýän beýik mertebeli perişdeler bile bir ýerde bolar. Kurany sakynybam bolsa özüne zor salyp okamaga çalyşýan kişä iki esse sogap bardyr».

***

Abdullah ibn Omaryň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Diňe iki kişä gözügidijilik etmek bolar: Birinjisi, Kuran ylmyna berilen we gije-gündiz Kuran bilen meşgul bolan kişä. Ikinjisi bolsa, baýlyk berlip, baýlygyny gije-gündiz Alla ýolunda sarp edýän kişä».

***

Abdullah ibn Mesudyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kim Kurany-Kerimden ýekeje harp okasa, şol okan harpy üçin ýagşylyk eden ýaly sogap gazanar. Her bir edilen ýagşylyk üçin on sogap bardyr. Men «Elif lam mim» ýekeje harpa deňdir diýemok. Ýok «elifiň» özi bir harp, «lamyň» özi bir harp, «mimiň» özi bir harpdyr».

***

Abdullah ibn Omaryň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kuran karysyny aýagy duşalgy düýäniň eýesine meňzetmek bolar. Eger kişi öz düýesini gözegçilik astynda saklasa, onda ony asla elden gidermez. Eger gözden salsa welin, düýesi gaçyp gider».

***

Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Men Allah Resulynyň (s.a.w.): «Allatagala owadan sesli pygamberiň Kurany owaz bilen labyzly okaýşyndan hoşal bolşy ýaly, başga hiç bir zatdan hoşal bolýan däldir» diýendigini eşitdim».

***

Abdullah ibn Mesudyň (r.a.) adyndan şeýle rowaýat edilýär: «Allah Resuly (s.a.w.): «Maňa Kuran okap ber!» diýdi. Menem oňa: «Ýa Resulallah! Kuran saňa indi ahyry. Seniň öňüňde men nädip Kuran okaýyn?» diýdim. Allah Resuly (s.a.w.): «Men başga biriniň Kuran okaýşyny diňlemegi biçak gowy görýärin» diýip jogap berdi. Şeýlelikde men «Nisa» süresini okamaga durdum. «Her ymmatdan özlerine şaýat boljak bir pygamber getirenimizde we seni hem olara şaýat hökmünde getiren wagtymyz, olaryň haly niçik bolar?» diýen manydaky 41-nji aýata ýetenimde, Allah Resuly (s.a.w.): «Häzirlikçe bolar» diýdi. Başymy galdyryp, Allah Resulynyň (s.a.w.) ýüzüne seretdim. Onuň (s.a.w.) gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülýärdi.

***

Ebu Saýyt Hudrynyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) «Kulhuallahu ahad» süresi barada şeýle diýipdir: «Janymy gudratly elinde saklaýan Allahdan ant içýärin. Bu süre Kuranyň üçden birine barabardyr».

***

Ýene bir rowaýatda aýdylmagyna göre, Allah Resuly (s.a.w.) sahabalaryna ýüzlenip: «Siz bir gijede Kuranyň üçden birini okap bilersiňizmi?» diýipdir. Sahabalar muny başaryp bilmejekdiklerine göz ýetirip: «Haýsymyzyň oňa güýji ýetsin, ýa Resulallah?» diýipdirler. Şonda Allah Resuly (s.a.w.): « «Kulhuallahy ahad. Allahus-Samed» Kuranyň üçden birine barabardyr» diýipdir.

***

Ebu Hüreýreden (r.a.) rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kuranda otuz aýatdan ybarat bolan bir süre bar. Şol süre bir adama şepagat etdi. Şeýlelikde o bendäniň günäsi geçildi. Şol süre «Tebarekellezi biýedilil-mülk» süresidir».

***

Ebu Mesut Bedriniň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimde-kim agşam «Bakara» süresiniň soňky iki aýatyny okasa, şolar oňa ýeterlik bolar».

***

Abdullah ibn Apbasyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, bir gezek Jebraýyl alaýhyssalam Pygamberimiziň (s.a.w.) ýanyna gelip oturan mahaly, Allah Resuly ýokardan işigiň jygyldysyna çalymdaş ses eşidipdir. Şonda Ol (s.a.w.) başyny galdyryp ýokaryk seredipdir. Jebraýyl: «Ol Ýer ýüzüne inen perişdedir. Ol henize deňiç Ýere inmändi» diýipdir. Ýere inen şol perişde Pygamberimize (s.a.w.) salam beripdir-de şeýle diýipdir: «Buşluk! Saňa senden öň hiç kime berilmedik iki sany nur berildi. Birinjisi «Fatiha» süresi, ikinjisi «Bakara» süresiniň soňky iki aýaty. Bu sürelerden okan her harpyň üçin sogap gazanarsyň, ýalkanarsyň!»

***