Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

NAHARLANMA EDEBI BARADA

Hadyslar>>Naharlanma edebi barada

Omar İbni Ebû Seleme radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem maňa şeýle buýrdy:
“Bismilla diý! Sağ eliň bilen iý! Hemişe öz öňüňden iý!”

***

Äşe radyýallahu anhâ Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle buýrandygyny aýtdy: “Sizden biriňiz naharlananda Bismilla bilen başlasyn.Nahara başlanda Bismilla diýmegi ýatdan çykaran ýagdaýynda, ýadyna düşen badyna “Başyndan soňuna bismilla” diýsin.”

***

Jâbir radyýallahu anh, Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemi şeýle diýip durka diňledim diýdi: “Kişi öz öýüne girende we nahara başlanda “Bismilla” diýse, şeýtan özüniň nökerlerine, “Bärde ne-hä gijeläp bilersiňiz, ne-de naharlanyp bilersiňiz” diýer. Eger ol adam öýüne girende “Bismilla” diýmese, şeýtan nökerlerine, “Gijäni geçirer ýaly ýer tapdyňyz” diýer. Eger ol kişi naharlanmaga başlanynda “Bismilla” diýmese, şeýtan öz kömekçilerine “Hem ýatar ýaly ýer tapdyňyz, hem garbanara zat tapdyňyz” diýer.”

***

Muâz İbni Enes radyýallahu anhdan rowaýat edilen hadysa görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Bir adam nahar iýip bolandan soň: ”Maňa şu nahary, nygmaty iýdiren, netijä täsirini ýetirip biljek güýç-kuwwatym bolmasa-da bu zatlary maňa nesip eden Alla-Tagalla şükür edýän” diýse, öň eden günäleri bagyşlanar.”

***

Jâbir radyýallahu anh şeýle diýdi:
Bir gün Pygamber aleýhissalâm maşgalasyndan çöregiň gapdalyndan iýer ýaly bir zat sorady. Olaram:
– Öýde sirkeden başga hiç zat galmandyr, diýdiler.
Resûl–i Ekrem şony getirmeklerini haýyş etdi. Yzyndanam:
– “Sirke, nahara goşup iýer ýaly şeýle gowy zat-da; sirke, nahara goşup iýer ýaly şeýle gowy zat-da!” diyip naharlanmaga başlady.

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Sizden biriňiz nahara çagyrylsa, gitsin; eger oraza tutýan bolsa, tagamyň eýesine doga-dileg etsin; eger orazaly däl bolsa, iýsin.”

***

Ebû Juhayfe Wehb İbni Abdullah radyýallahu anhdan rowaýat edilen bir hadysda Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Men bir ýere ýaplanyp nahar iýmeýärin.”

***

Kâ`b İbni Mälik radyýallahu anh şeýle diýdi: “Resûlalla sallallahu aleýhi we sellemiň üç barmağy bilen nahar iýenini we nahardan soňam barmaklaryny ýalanyny gördüm.”

***

Enes radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem naharlananynda üç barmagynam ýalap şeýle diýerdi:
“Haýsydyr biriňiziň elindaki lukmasy ýere gaçaýsa ony alsyn; üstüne ýapyşan zatlary arassalansoň hem iýsin; ony şeýtana goýmasyn.”
Resûl–i Ekrem sallallahu aleýhi we sellem bize tabagyň içinde hiç hili nahar galdyrman syryp iýmegi tabşyryp:
“Çünkü berekediň naharyň niresindedigini bilip bilmersiňiz” diýerdi.

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Iki kişilik nahar üç kişä, üç kişilik naharam dört kişä yeter.”

***

Enes radyýallahu anhyň aýdyşyna görä, Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem suwy we beýleki miwe suwlary ýaly içgileri üç nepesde (üç demde arasyny bölüp içmek) içerdi.

***

Enes radyýallahu anhyň rowaýat eden hadysyna görä Resûl–i Ekrem sallallahu aleýhi we sellem aýak üstünde durkaň suw içilmezligini tabşyrdy.
Hadys rowaýat edenlerden Katâde şeýle diýdi:
– Biz Enese, “Aýak üstünde naharlanmagyň, iýmegiň ýagdaýy nahili? diýip soradyk. Enes:
– “Dik durkaň naharlanmak has hem erbet,” diýdi.

***

Ebû Hureýre radyýallahu anh şeýle diýdi: “Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem suw tulumynyň ýa-da ýolagçylykda ulanylýan suw gaplarynyň agzyndan suw içmezligi tabşyrdy.”

***