Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

BELLI TEMA DEGIŞLI BOLMADYK WE ÜNS ÇEKÝÄN HADYSLAR

Hadyslar>>Belli tema degişli bolmadyk we üns çekýän hadyslar

Abdullah ibni Ebu Ewfa radyýallahu anhuma şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem bilen bile ýedi söweşe gatnaşdyk. Ol söweşlerde çekirtge iýdik. Başga bir rowaýata görä, Resulullah bilen bile çekirtge iýdik.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdy:
“Mömin bir ýylanyň deşiginden iki gezek çakylmaz.” (Musulman ünsli bolmalydyr. Bir gezek aldawa düşse-de, öňki tejribelerinden peýdalanyp ikinji gezek aldanmaz.)

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Ymamlar siziň üçin namaz kylarlar; eger kemçiliksiz kyldyrsalar hem size hem olara sogap bardyr; eger ýalnyşsalar, size sogap, olara jeza bardyr.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Allatagallanyň bir şäherde (şäherçede) iň halaýan ýeri şol ýeriň metjitleridir, bir şäherde (şäherçede) iň halamaýan ýeri hem şol ýeriň bazarydyr. ”

***

Ebu Mesud el Ensari radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resuly Ekrem sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Başdaky pygamberlerden bäri halkyň ýadynda galan bir söz bar: Utanmasaň isläniňi et!”

***

Äşe radyýallahu anhadan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr:
“Perişdeler nurdan, jynlar gyzyl otdan, Adam aleýhissalam hem size habar berilen zatdan (toprakdan) ýaradylandyr.”

***

Äşe radyýallahu anha şeýle diýdi:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
“Kim Allaha gowuşmak islese, Allah hem oňa gowuşmak islär. Kim Allaha gowuşmak islemese, Allah hem oňa gowuşmak islemez” buýrdy. Menem:
- Ýa Resulallah! Ölümi söýmeýäni üçinmi? Onuň ýaly bolsa, hiç birimiz ölümi söýenok ahyryn, diýdim.
-”Ýok, onun ýaly däl. Mömine Allahyň rahmeti, ryzasy (razylygy) we jennedi buşlanan wagty Allatagalla gowuşmak islär. Ynha, şol wagt Allah hem oňa gowuşmak islär. Kapyra Allahyň azaby, gazaby habar berilen wagty Allaha gowuşmak islemez; Allah hem oňa gowuşmakdan hoşallanmaz.”, buýrdy.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr:
“Allah kyýamat gününde üç kişi bilen sözleşmez, olary aklamaz, hatda ýüzlerine seretmez. Olar üçin gynançly azap bardyr:
Bular zyna eden garrylar, ýalan aýdýan hökümdarlar, tekepbirlik edýän garyplardyr.”

***

Ebu Hureýre şeýle diýipdir:
Bir gün Resulullah sallallahu aleýhi we sellem elimi tutup şeýle buýrdy:
“Allah topragy şenbe güni (6-njy gün) ýaratdy. Ol ýerdäki daglary ýekşenbe güni (bazar güni), agaçlary duşenbe güni (1-nji gün), söýülmeýän zatlary sişenbe güni (2-nji gün), nury çarşenbe güni (3-nji gün) ýaratdy. Haýwanlary ýer ýüzüne penşenbe güni (4-nji gün) ýaýyp dargatdy. Adam pygamberi ýaradylanlaryň iň soňkysy edip jumga gününiň (5-nji gün) soňky sagatlarynda, ikindi bilen agşam arasynda ýaratdy.”

***

Äşe radyýallahu anhadan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr: “Kimdir biri oraza bergisi bilen ölse, dost-ýary (garyndaşy) onuň ýerine agzyny beklär.”

***

Ukbe ibni Amir radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem, aradan sekiz ýyl geçenden soň bir gün Uhud şehitlerini zyýarata gitdi. Ýaşaýanlar we ölenler bilen sagbollaşýan ýaly olar üçin doga-dileg etdi. Soňam, minbere çykyp şulary diýdi:
“Men ahyrete sizden öň giderin we siziň üçin taýýarlyk ederin; siziň Allahyň ýolundaky hyzmatlaryňyza şaýatlyk ederin. Duşuşyk ýerimiz Köwser howzunyň ýanyndadyr. Men şu wagt ýerimden Köwser howzuny görýärin. Men siziň Allaha şärik goşmagyňyzdan gorkamok. Harsydünýälik bilen bir biriňiz bilen jedelleşmegiňizden gorkýaryn.”
Ukbe sözlerini şeýle dowam etdirdi: Bu meniň Resulullahy soňky görşüm boldy.

***

Said ibni Zeýd radyýallahu anh, Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň şeýle diýenini eşitdim diýip aýtdyr: “Kömelek, gudrat halwasy ýaly ylahy bir lütufdyr, yhsandyr. Suwy hem göz üçin şypadyr.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anh şeýle diýdi:
Bir myhmançylykda Resulullah sallallahu aleýhi we sellem bilen otyrdyk. Pygamberimize etiň gol taraby hödür edildi. Pygamberimiz sallallahu aleýhi we sellem etiň gol taraypyny söýerdi. Ondan bir bölek goparyp şeýle diýdi:
“Kyýamat gününde adamlaryň serweri men bolaryn. Näme üçindigini bilýäňizmi? Allatagalla öten we geljek ähli adamlary tekiz bir ýerde jemlär. Ol ýer, adamlara sereden biriniň hemmesini görüp biläýjegi, olaryň hemmesine sesini eşitdirip biläýjegi ýeridir. Gün olara ýakynlaşar, adamlar kynçylykdan we gaýgydan çydap bolmajak ýagdaýa gelenlerinde bir birine:
-Kynçylygyňyzy, nähili ýagdaýdadygyňyzy göreňizokmy? Ýagdaýyňyzy Rebbiňize arz edip siziň üçin şepagatçy boljak birini tapjak bolaňyzokmy? - diýerler. Käbirleri beýlekilere:
-Ataňyz Hezreti Adamyň ýanyna gidiň, diýerler. Adam pygamberiň ýanyna gelip:
-Eý Adam! Sen adamlaryň atasysyň. Seni Allah gudrat eli bilen ýaratdy. Saňa öz ruhundan üfledi. Perişdelere saňa sežde etmelerini emir etdi, olaram saňa sežde etdiler. Seni jennete ýerleşdirdi. Rebbiňe baryp biziň üçin şepagatçy bol. Nähili kyn ýagdaýdadygymyzy göreňokmy? - diýerler. Olam:
-Bu gün Rebbim örän gazaply. Mundaň öňem beýle gazaplanmandy, mundan soňam beýle gazaplanmaz. Rebbim şol agaja ýakynlaşmagymy gadagan edipdi, men bolsa Ony diňlemedim. Asyl meniň özüm şepagat edilmäge mätäç; meniň özüm, meniň özüm! Siz başga biriniň ýanyna gidiň. Nuhuň ýanyna gidiň, diýer. Olaram Nuh pygamberiň ýanyna gelip:
-Eý Nuh! Sen ýer ýüzündäki ähli adamlara iberilen birinji resulsyň. Allatagalla sen barada “köp şükür edýän” gul diýipdi. Nähili kyn ýagdaýdadygymyzy göreňokmy? Rebbiň öňünde biziň üçin şepagatçy bol. - diýerler. Olam:
-Bu gün Rebbim örän gazaply. Mundaň öňem beýle gazaplanmandy, mundan soňam beýle gazaplanmaz. Meniň bir doga-dilegim bardy, onam kowmuma garşy ulandym. Asyl meniň özüm şepagat edilmäge mätäç; meniň özüm, meniň özüm! Siz başga biriniň ýanyna gidiň. Ybraýymyň ýanyna gidiň, diýer. Olaram Ybraýym pygamberiň ýanyna gelip:
-Sen Allahyň pygamberisiň, ýer ýüzündäki adamlaryň arasynda Allahyň dosty sensiň. Rebbiň öňünde biziň üçin şepagatçy bol. Nähili kyn ýagdaýdadygymyzy göreňokmy? - diýerler. Olam şeýle diýer:
-Bu gün Rebbim örän gazaply. Mundaň öňem beýle gazaplanmandy, mundan soňam beýle gazaplanmaz. Men döwründe üç ýalan aýdypdym. Asyl meniň özüm şepagat edilmäge mätäç; meniň özüm, meniň özüm! Siz başga biriniň ýanyna gidiň. Musanyň ýanyna gidiň. Olaram Musa pygamberiň ýanyna gelip şeýle diýerler:
- Eý Musa! Sen Allahyň resulysyň. Allah saňa pygamberlik berip, seniň bilen sözleşip, seni beýleki adamlardan has beýik derejä ýetirdi. Rebbiň öňünde biziň üçin şepagatçy bol. Nähili kyn ýagdaýdadygymyzy göreňokmy?
Olam:
-Bu gün Rebbim örän gazaply. Mundaň öňem beýle gazaplanmandy, mundan soňam beýle gazaplanmaz. Men emir alman adam öldürdim. Asyl meniň özüm şepagat edilmäge mätäç; meniň özüm, meniň özüm! Siz başga biriniň ýanyna gidiň. Ysanyň ýanyna gidiň. Olaram Ysa pygamberiň ýanyna gelip şeýle diýerler:
-Eý Ysa! Sen Allahyň resuly, Onuň Merýeme ugrukdyran sözi we Onuň ýaradan ruhusyň. Rebbiň öňünde biziň üçin şepagatçy bol. Nähili kyn ýagdaýdadygymyzy göreňokmy?
Ysa hem:
-Bu gün Rebbim örän gazaply. Mundaň öňem beýle gazaplanmandy, mundan soňam beýle gazaplanmaz, - diýer emma hiç bir günäni agzamaz.
Soňam:
-Asyl meniň özüm şepagat edilmäge mätäç; meniň özüm, meniň özüm! Siz başga biriniň ýanyna gidiň. Muhammediň ýanyna gidiň, - diýer.
Başga bir rowaýata görä Resuly Ekrem şeýle buýrdy:
Olaram maňa gelip:
-Ey Muhammet! Sen Allahyň resuly we iň soňky pygamberisiň. Allah Tagalla seniň geçmişdäki we gelejekdäki ähli günäleriňi bagyşlady. Rebbiň öňünde biziň üçin şepagatçy bol. Nähili kyn ýagdaýdadygymyzy göreňokmy? - diýerler. Menem ýöräp Arşyň aşagyna gelerin we Rebbime sežde ederin. Soň, Allatagalla mundan öň hiç kime öwretmedik hamd we senalaryny (öwgülerini) maňa ylham eder. Soňam maňa ýüzlenip:
-Eý Muhammet! Seždeden başyňy galdyr. Isle! Islän zadyň saňa beriljekdir! Şepagat et, şepagadyň kabul ediljekdir, - buýrar.
Menem başymy seždeden galdyryp:
-Eý Rebbim! Ymmatymy maňa bagyşla. Eý Rebbim! Ymmatymy halas et. Eý Rebbim! Ymmatymy bagyşla, - diýip ýalbararyn. Şol wagt maňa:
-Eý Muhammet! Ymmatyňdan hasaba çekilmejekleri jennet gapylarynyň iň sagyndaky Babül-Eýmenden içerik al. Olar başgalary bilen bile jennetiň beýleki gapylaryndan hem girjekdirler, - diýip buýrular.
Soň Resuly Ekrem sözlerine şeýle dowam etdi: Janymy gudraty bilen ýaşadýan Allaha kasam edýärin, jennet gapylarynyň iki ganadynyň arasy Mekke bilen Hejer (Bahreýndäki) ýa-da Mekke bilen Busra (Siriýadaky) arasy ýaly daşdyr.”

***