Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

SALAMLAŞMA BARADA

Hadyslar>>Salamlaşma barada

Abdullah ibni Amr ibni As radyýallahu anhuma şeýle diýipdir:
Bir adam, Resulullah sallallahu aleýhi we selleme:
-Yslamyň haýsy häsiýeti has haýyrlydyr, diýip sorady. Resuly Ekrem:
-Nahar iýdirmegiň, tanaýan we tanamaýan hemme kişä salam bermegiňdir, diýp jogap berdi.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Allatagalla, Adamy (a.s.) ýaradan wagty oňa:
-Git-de şol oturan perişdelere salam ber we seniň salamyňa nähili jogap berjeklerini gowyja diňle; sebäbi, seniň we seniň çagalaryň salamy şol salam bolar, buýrdy. Adam aleýhissalam perişdelere:
-Esselamu aleýkum, diýdi. Perişdeler:
-Esselamu aleýke we rahmetullah, jogabyny berdiler. Onuň salamyna “we rahmetullah”-y goşdylar.

***

Ebu Umare Bera ibni Azib radyýallahu anhuma şeýle diýipdir: Resulullah sallallahu aleýhi we sellem bize şu ýedi zady emir etdi: Hassany idäp soramagy, jynaza gatnaşmagy, asgyrana haýyr dilemegi, ejize kömek etmegi, mazluma (zulum edilýäne) kömek etmegi, salamy ýaýmagy we ant içeniň andyny ýerine ýetirmesini.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir:
“Siz iman etmän jennete girip bilmersiňiz; bir-biriňizi söýmänem iman etdigiňiz bolmaz. Edilen ýagdaýynda bir-biriňizi söýdürjek zady size aýdaýynmy? Araňyzda salamy ýaýyň.”

***

Ymran ibni Husaýn radyýallahu anhuma seýle diýipdir:
Nebi sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna bir adam geldi we:
-Esselamu aleýkum, diýdi. Hezreti Pygamber onuň salamyna edil salam berşi ýaly jogap berenden soň adam oturdy. Nebi sallallahu aleýhi we sellem:
-“On sogap gazandy” buýrdy. Soň başga bir adam geldi. Olam:
-Esselamu aleýkum we rahmetullah, diýdi. Pygamberimiz oňadam salam berşi ýaly jogap berdi. Ol kişi hem ýerine oturdy. Hezreti Pygamber:
-“Ýigrimi sogap gazandy” buýrdy. Has soň başga bir adam geldi we:
-Esselamu aleýkum we rahmetullahi we berekatüh, diýdi. Pygamberimiz ol adama-da salam berşi ýaly jogap berdi. Ol adamam ýerine oturdy. Pygamberimiz:
-“Otuz sogap gazandy” buýrdylar.

***

Esma binti Ýezid radyýallahu anhanyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem bir gün metjide geldi. Aýallardan ybarat bir jemagat metjitde otyrdy. Hezreti Pygamber olara eli bilen yşarat edip salam berdi.

***

Ebu Umame radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Adamlaryň arasyndan Allanyň ýanynda iň makbuly (kabul edileni) we Oňa iň ýakyn bolany, salamy öňürti berendir.”

***

Ebu Jüreý el Hüjeými radyýallahu anh şeýle diýipdir:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna geldim we:
-Aleýkesselam ýa Resulallah, diýdim. Pygamberimiz:
-“Aleýkesselam diýme; sebäbi, aleýkesselam ölülere berilýän salamdyr” buýrdy.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr: “Ulagy bolan ýöreýäne, ýöreýän oturana, adam sany az bolanlar köp bolanlara salam berer.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr: “Siziň araňyzdan kimdir biri din doganyna gabat gelse oňa salam bersin. Eger ikisiniň arasyna agaç, diwar we daş girse we täzeden gabatlaşsalar, ýene-de salam bersin.”

***

Enes radyýallahu anh şeýle diýipdir:
Resulullah sallallahu aleýhi we sellem maňa:
“Balam! Saňa we öý halkyna bereket bolmasy üçin, maşgalaň ýanyna giren wagtyň olara salam ber” buýrdy.

***

Enes radyýallahu anh çagalara gabat gelen wagty olara salam berer eken we:
-Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle edýärdi, diýerdi.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr: “Araňyzdan biri bir mejlise baran wagty salam bersin. Oturan mejlisinden turjak wagty hem salam bersin. Öň beren salamy, soňky beren salamyndan has beýik däldir.”

***

Ribi ibni Hiraş şeýle diýipdir:
Amir ogullaryndan bir adamyň bize habar berşine görä, bu adam, Nebi sallallahu aleýhi we sellem öýde wagty, “içerik gireýinmi?” diýip rugsat sorapdyr. Resulullah sallallahu aleýhi we sellem hyzmatkärine:
“Çyk-da şu adama nädip rugsat soramalydygyny öwret. Ilki bilen “esselamu aleýkum” diýsin, soňam “gireýinmi” diýip sorasyn” buýrupdyr. Kişi Pygamberimiziň aýdanlaryny eşidip:
-Esselamu aleýkum, girsem bolarmy? diýipdir.
Nebi sallallahu aleýhi we sellem rugsat beripdir, olam içerik giripdir.

***

Jabir radyýallahu anh şeýle diýipdir:
Nebi sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna geldim we gapysyny kakdym. Resuly Ekrem:
-”Kim ol?” diýdi.
-”Men” diýip jogap berdim. Hezreti Pygamber:
-”Men men!” diýip gaýtalady. Ähtimal meniň jogabymy halamandy.

***

Ebu Hureýre radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Nebi sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrupdyr: “Şübhesiz, Allah asgyrany söýer, emma, pallaýany söýmez. Sizden biri asgyryp Allatagalla hamd etse (elhamdulillah diýse), onuň hamdyny eşiden her musulmanyň “ýerhamükellah” diýmesi borçdyr. Pallamak bolsa şeýtandandyr. Sizden biri pallasy gelse, elinden geldigiçe pallamajak bolsun. Sebäbi, sizden biri pallan wagty şeýtan onuň üstünden güler.”

***

Bera radyýallahu anhdan rowaýat edilşine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Iki musulman gabatlaşan wagty elleşseler, bir-birinden aýrylmaňka günäleri bagyşlanar.”

***

Ebu Hureýre radyýallahu anh şeýle diýipdir:
Nebi sallallahu aleýhi we sellem, Hezreti Alynyň ogly Hasan radyýallahu anhy öpdi. Muny gören Akra ibni Habis:
-Meniň on oglum bar, emma, olaryň hiç birini öpmedim, diýdi. Resulullah sallallahu aleýhi we sellem:
-"Merhemet etmeýäne merhemet edilmez" buýrdy.

***