Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

SALAWAT AÝTMAK BARADA

Hadyslar>>Salawat aýtmak barada

Abdullah ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: Allah Resulynyň (s.a.w.): «Kim maňa bir gezek salawat aýtsa, Allatagala oňa on esse merhemet eder» diýendigini eşitdim.

***

Abdullah ibn Mesudyň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kyýamat gününde maňa iň ýakyn boljak adamlar maňa iň köp salawat aýdýanlardyr».

***

Ews ibn Ewsiň (r.a.) adyndan rowaýat edilmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) sahabalara ýüzlenip:
­– Günleriň iň haýyrlysy juma günüdir. Şonuň üçin juma güni maňa köp salawat aýdyň. Çünki siziň men baradaky ýagşy dilegleriňiz maňa gelip gowuşar» diýipdir.
Şonda sahabalar:
– Eý Allahyň Resuly! Sanalgyň dolup, durşuň bilen topraga siňip gideniňden soň biziň okan salawatlarymyz saňa nädip gelip gowuşar? ­­– diýip sorapdyrlar.
Allah Resuly (s.a.w.) olara şeýle jogap beripdir: ­
– Allatagala ýere «pygamberleriň jesetlerini çüýretme» diýip emr edendir.

***

Ebu Hüreýräniň (r.a.) rowaýat etmegine görä, Allah Resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kimdir biri maňa salawat aýdyp salam ýollan mahaly şol kişiniň salamyny almak üçin Allatagala ruhumy jesedime gaýtaryp berer».

***

Ebu Muhammet Kab ibn Ujra (r.a.) şeýle gürrüň berýär: «Bir gün Allah Resuly (s.a.w.) hüjresinden çykyp, ýanymyza gelen mahaly ondan: ­
– Eý Allahyň Resuly! Biz saňa nähili salam bermelidigini öwrendik. Indi bolsa saňa nähili salawat aýtmalydygyny öwredermiň? – diýip soradyk. Ol şeýle jogap berdi:
– Allahumme salli alä Muhammediw we alä äli Muhammed. Kemä salleýte alä äli Ibra:him. Inneke hami:dum meji:d. Allahumme bärik alä Muhammediw we alä äli Muhammed. Kemä bärekte alä Ibra:him. Inneke hami:dum meji:d. (Allahym! Hezreti Ybraýymyň zürýatlaryna nähili rehmet eden bolsaň, Muhammede we onuň zürýatlaryna-da edil şonuň ýaly rehmet et. Elbetde, öwülmäge laýyk bolan diňe Sensiň. Sen beýiksiň! Hezreti Ybraýymyň zürýatlaryna nähili haýyr hem bereket yhsan eden bolsaň, Muhammede we onuň zürýatlaryna-da edil şonuň ýaly haýyr hem bereket yhsan et! Elbetde, öwülmäge laýyk bolan diňe Sensiň. Sen beýiksiň!)

***