Ymam Newewiniň «Ryýazu-Salyhyn» atly eserinden saýlama hadyslar:

ZIKIRLER BARADA

Hadyslar>>Zikirler barada

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: “Dile ýeňil, mîzana (Allanyň terezisi) goýlanda agyr gelýän we Rahmân bolan Allany hoşal eden iki sözlem bardyr: Subhânallahi we bi–hamdihî subhânallahi’l–azyým :Men Allahy uluhyýýet makamyna(ylahlyk, yada Allah bolmaga laýyk bolmak derejesi; özüne ybadat-tagat edilmäge laýyklyk derejesi) gelişmeýän sypatlardan uzak we päk bilyärin, we oňa hamd edýärin. Men beýik Allahy uluhyýýet makamyna gelişmeýän sypatlardan ýene-de päk we daş bilýärin.”

***

Ýene Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Subhânallâhi welhamdulillâhi we lâ ilâhe illallahu wallâhu ekber diýmek, meniň üçin, üsdüne gün dogýan ähli zatdan has gymmatlydyr,bähbitlidir.”

***

Sewbân radyýallahu anh şeýle diýdi:
Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem salam berip namazdan çykandan soň üç gezek istigfar (estagfirullah diýip Alladan bagyşlanma soramak) ederdi we “Allâhümme ente’s–salâm we minke’s–salâm tebârekte yâ ze’l–jelâli we’l–ikrâm: Allahym salâm sensiň. Salâmatlyk we esenlik sendendir. Ey azamat we kerem sahyby (eýesi) Allam, sen haýyr we berekedi köp bolansyn” diýerdi. Hadysyň rawylaryndan (aýdanlaryndan) biri bolan Ewzâîýä:
– İstigfâr nädip edilýär? diýip soralanda:
– Estagfirullah, estagfirullah diýmekdir diýdi.

***

Ýene Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Her namazdan soň kim otuz üç gezek subhânallah, otuz üç gezek elhamdulillâh, otuz üç gezek Allâhu ekber diyip, yüze tamamlamak üçinem” lâ ilâhe illallahu wahdehû lâ şerîke leh, lehü’l–mülkü we lehu’l–hamdu we huwe alâ külli şey’in kadîr”: Allahdan başka ilâh (taňry) yokdyr; diňe Allah bardyr. O ýeke täktir, şärigi yokdyr. Mülk Onuňkydyr, hamd Oňa mahsustur, degişlidir. O’nun güýji hemme zada yeter” diýse, günäleri deňiziň köpügi yaly köp hem bolsa bagyşlanar.”

***

Ebû Zer radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: "Her biriňiziň, bedeniňizdäki her bir bogun üçin günde bir sadaka bermegi zerurydyr. Ine şu sebäpdenem her bir tesbih bir sadaka, her bir hamd bir sadaka, her bir tehlîl (lâ ilâhe illallah diýmek) bir sadaka, her bir tekbîr (Allahu ekber diýmek) bir sadaka, gowulygy maslahat bermek sadaka,erbetlik, ýamanlyk etmekden saklamak sadakadyr. Guşluk wagtynda kylnan iki rekagat namaz şu aýdanlarymyň barynyň ýerini tutar."

***

Müslimiň rowaýat edişine görä: “İçinde Allah ýatlanan öý bilen Allanyň ýatlanmadygy öýüň tapawudy, diri bilen ölüniň tapawudy ýalydyr.”

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Alla Tagalla şeýle buýrýar: Gulum meni nähili bilýän bolsa men edil şeýledirin. Haçan-da meni ýatlanynda men onuň bilen bilelikde. Eger meni ýalňyz başyna, ýekelikde wagty yatlasa men hem ony ýekelikde ýatlaryn. Eger-de meni köpçülik bilen bilelikde ýatlasa, men hem ony has haýyrly bir köpçüligiň içinde ýatlaryn.”

***

Ebû Hureýre radyýallahu anhdan alnyp rowaýat edilşine görä Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem şeýle buýrdy: “Kim-de kim ertir agşam yüz gezek subhânallâhi we bi–hamdihî: Men Allahy uluhyýýet makamyna(ylahlyk, yada Allah bolmaga laýyk bolmak derejesi; özüne ybadat-tagat edilmäge laýyklyk derejesi) gelişmeýän sypatlardan uzak we päk bilyärin, we oňa hamd edýärin” diýse, onuň aydanlarynyň iki essesini ya-da has köp aýdandan başga hiç kim kyýamat gününde onuň aýdanyndan has fazyletli (gymmat, bähbitli) başga bir zikir bilen gelip bilmez.”

***

Abdullah İbni Hubeýb radyýallahu anh şeyle diýdi:
Resûlalla sallallahu aleýhi we sellem maňa şeýle ýüzlendi:
“Agşam we ertir wagtynda Kulhuwallâhu ahad ile Muawwizeteyn sûreleriniň (Felak we Näs süreleri) her birini üç gezek oka. Her tüýsli erbetlikden goranyp bilmegiň üçin bular saňa ýeter.”

***