Ymamy Agzam Ebu Hanife

Kyssalar>>Ebu Hanife

Hijretiň 80-nji ýyllarynda Kufa şäherinde ajaýyp bir çaga dünýä indi. Ol gelejekde owazasy äleme dolup, kyýamat-ahyra çenli ady dillerde dessan boljak çagady.
Bu çaganyň kakasy Sabit bolsa, Hezreti Alynyň (radyýallahu anh) ýagşy dilegini alan adamdy. Sabyt Allahdan biçak gorkýardy. Şeýle atanyň zürýady hem,elbetde, adaty çagalardan saýlanaýmalydy.
Ymam Agzam diýip tanaljak Numanyň çagalygy-da üýtgeşikdi, ajaýypdy. Akyl we zehin babatynda hiç bir çaga oňa eýerip bilenokdy. Ol şeýle bir zehinlidi welin, gysga wagtyň içinde Allahyň kitabyny ýat tutdy.
Ymam Suýuti aşakdaky, delil hökmünde görkezýän hadysy Ymam Agzamyň beýikligini äşgär edýär:
– Ylym Ülker ýyldyzyndan asylgy duranam bolsa, pars neslinden bolan biri hökman oňa ýetip, ony alar.
Ymam Agzam Kufada doglanam bolsa, onuň kakasy Sabitiň asly eýranlydyr, ýagny parsdyr. Şol sebäpli, Ymam Agzamyň asly we neberesi pars hasaplanýar.

Körpeje ymam pelsepeçini Alynyň ala meýdanyna çagyrýar

Ebu Hanife heniz kiçijik çaga mahaly Kufa şäherine bir adam gelipdi. Ol pelsepäniň batgasyna batan, Allahy inkär eden biridi. Baran ýerinde alymlar bilen jedel gurardy. Hiç gypynç etmän, bolar-bolgusyz pikirlerini öňe sürerdi. Ine, ol Kufa şäherine-de ýerli alymlar bilen jedelleşmäge gelipdi. Ýaňky pelsepeçi günleriň birinde adamlaryň hümerlenşip duranyny görüp:
– Eý, musulmanlar! Araňyzda meniň bilen bäs etjek barmy? – diýip sorady.
Kufeli musulmanlar onuň sözüne hezil edip gülüşdiler-de, şeýle jogap berdiler:
– Eý, hiç zatdan habary bolmaýan gapyl adam! Heniz çagalykdan hem saýlanmadyk, körpeje mugallymymyz bar. Eger şondan üstün çykyp bilseň, uly alymlarymyz hem seniň bilen ýaryşyp biler. Beýleki alymlar bilen bäsleşmek üçin ilki şol çagany ýeňmeli bolarsyň...
Allahy inkär edýän pelsepeçi: «Ýeri, bolýar. Ol dogmanyhem ýeňäýerin – diýip jogap berdi.
Şeýlelikde, bäsleşigiň wagtyny hem-de geçiriljek ýerini belleşdiler...
Kufanyň ilaty topar-topar bolşup, bäsleşigiň geçiriljek ýerine geldi. Ol ýere ýygnanan märeke hyň berýärdi... Pelsepeçi kürsüde oturan ýerinden, daş-töweregine ulumsylyk bilen seredýärdi. Heniz Ebu Hanife gelmändi. Aradan ýarym sagat geçipdi, emma körpe alym henizem gelenokdy... Wagt geçdigisaýy, pelsepeçiniň ýüzi begençden ýaňa ýagtylyp, erni bir ýere gelenokdy. Ol: «Elbetde, menden gorkusyna gelip bilýän däldir...» diýýärdi.
Soňam, ernini gulagyna ýetirip, ha-ha-haýlap gülýärdi. Hondanbärsi bolup, ulumsylyk bilen daş-töweregine garanjaklaýardy. Şol wagt garaşylýan çaga içerik girdi. Körpeje alym märekäni bir ýan çetinden böwsüp barşyna, merdemsi hereketler bilen pelsepeçiniň maňlaýyna baryp durdy.Pelsepeçi çöňňelen gözlerini meniklije çaga dikip:
– Körpeje, näme beýle gijä galdyň? Ýa gorkudan ýürejigiň ýarylaýdymy? – diýip sorady.
Täsinje çaga gaty arkaýynlyk bilen başyny galdyrdy-da:
– Ýok-la, gorkmadym..! Öýümiz derýanyň o ýüzünde ýerleşýär. Bärik geçmekçi bolanymda, derýanyň köprüsi ýykylaýmazmy?! Köprüsiz geçip bilmejegime gözüm ýetensoň, şol ýerdäki agaçlara gaýyk bolup, meni dessine geçirmeklerini buýurdym. Ol agaçlaram gaýyk boldular-da, meni bärik geçirdiler. Ine, şu sebäpden gijä galdym – diýip jogap berdi.
Pelsepeçiniň çasly gülküsi daş-töwerege ýaň saldy. Ol jak-jaklap gülüp oturyşyna:
– Eý, akmak çaga, heý, agajambir gaýyga öwrülermi? Sen-ä kemakyl ekeniň... – diýdi.
Meniklije çaga birden ileri omzap:
– Asyl diwana bolan-a seniň özüň..! Bir gaýygyň öz-özünden döräp biljegini kabul edip bileňok-da, gözýetmez asmanyň, uç-gyraksyz älemleriň öz-özünden döräp biljegini neneň kabul edip bilýäň? Seniň akylyň-a guşuňkyça-da ýok! – diýdi.
Çagadan beýle zatlary eşiden pelsepeçi näme diýjegini bilmedi. Az salymdan özüni ele aldy-da:
– Eý, körpe, taryp edişleriçe bar ekeniň. Meni oslamadyk ýerimden urduň. Ýeri, sen Allahyňy hem görkez bakaly, onsoň ynanaýyn! – diýdi.
Ymam Agzam salyhatlylyk bilen töweregine garanjaklap:
– Maňa bir käse süýt getiriň! – diýdi.
Şol bada süýt getirdiler. Ebu Hanife süýtli käsäni eline alyp durşuna, garşydaşyna sorag berdi:
– Eý, adam! Ýag bilen peýnir nämeden öndürilýär?
– Elbetde, süýtden öndürilýär.
– Hany, onda şu süýdüň düzümindäki ýag bilen peýniri görkez bakaly!
Ol adamyň ýüzi ak tam boldy. Näme etjegini bilmän, doňup galdy. Aljyrap, sakawlap durdy:
– Ol aýdýanlaryň görünmez-ä!
Ymam Agzam onuň öz çoçgaryna özüni çolady oturyberdi. Ol adamyň boýun bolmakdan başga çäresi ýokdy. Ebu Hanife nurana ýüzüni oňa öwrüp, şeýle diýdi:
– Şu süýdüň düzüminde ýag bilen peýniriň bardygyny kabul etsegem, hiç birini görkezip bileňok-da, Beýik we Kerim bolan Allahy «Ine, Allah» diýip, görkezip biljekmi? Ýag nähili süýdüň her bir zerresinde bar bolsa, Allah-da bardyr, emma görkezip bolmaz. Sebäbi bu gözler Ony görjek güýje eýe däldir.
Pelsepeçi öz eňegine tutdy:
– Ýene bir soragym bar, şoňa-da dogry jogap berseň, ýenilendigimi kabul etjek.
Kufa ilatynyň ählisi bir gulaga öwrülip, çekeleşige syn edýärdi. Çekeleşigiň iň gyzgalaňly ýeridi. Pelsepeçi:
– Sen Allah bardyr diýýärsiň. Seniň Rabbyň şu wagt näme edýär? – diýip sorady.
Oglanjyk üçin ýene-de amatly pursat döräpdi. Ol garşysyndaky kemakyla hetdini tanatmaküçin:
– Kürsüden aşak düş, jogabyňy şol ýerde berjek – diýdi.
Garaňky pikirleriň eýesi bolan pelsepeçi kürsüden düşen badyna, Ebu Hanife onuň ýerine geçdi-de:
– Şu wagt Beýik Allah seniň ýaly ýaramaz häsiýetli adamyny kürsüden düşürdi-de, meniň ýaly bir guluny şol kürsä çykardy – diýip jogap berdi.
Pelsepeçi adam: «Boýun bolýan» diýip gygyrdy-da, şol ýerde ähli etmişlerine toba edip, kelemesini öwrüp,musulman boldy.
Numanyň adamlary söz bilen ynandyrma başarnygy ýokarydy. Çagalygyndan tapawutlanan Ebu Hanife ulalan çagy-da belent derejä ýetdi. Ymam Şafy hezretleri ol hakynda şeýle diýýär:
– Ähli adamlar fykyhda Ebu Hanifäniň şägirdidir. Her kim fykyhda onuň ylmyna mätäçdir.

Ymam Agzamyň ylym ýoluna düşmegi

Numan ýaşlyk ýyllarynda söwda bilen meşgullanýardy. Işinden sypyndygy, ylmy mejlislere gatnaşýardy.Emma ylma durkuň bilen berilmeseň, ondan zat alyp bolanokdy.
Günleriň birinde bazarda iki sany bozgak adam ejizje biriniň üstüne sürnüp, yrsarap durdy. Ebu Hanife nälaç baryp, bu dawa goşuldy. Ol kemakyllaryň soraglaryna sorag bilen jogap berdi. Olaryň iň ekabyry hem aýdara söz tapman, öz etmişine puşman boldy. Wakany keseden syn edip duran Şabi hezretleri nowjuwan Numanyň ýiti zehinine, akylynawe dilewarlygyna haýran galdy.«Beýle zehinli oglan hökman güýçli alymlardan ders alan bolmaly» diýip çaklady.
Jedeliň tamamlanaryna mähetdel, Şabi hezretleri Numanyň ýanyna baryp, onuň bilen gürrüňdeş boldy:
– Aýyplaşmaň welin, haýsy ugra barýandygyňyzy aýdaýsaňyz?
– Bazara barýan.
– Ony diýjek bolmadym. Has dogrusy, kimiň şägirdi borsuňyz?
– Hiç kimiň.
– Sen näme, alymdan ders alaňokmy?
– Ýok, öwrenemok.
Beýik weli nowjuwan Numanyň egnine elini goýup, onuň gözüne dikanlap garady-da:
– Oglum, sende gaty az adama nesip edýän zehin bar. Gel, gowusy meniň aýdanlaryma gulak goý-da, zehiniňi köýdürmänjik, ýörite alymdan ylym öwren – diýip maslahat berdi.
Ýaşulynyň bu aýdanlary Numanyň maňzyna batdy. Ol ähli işini taşlap, Şabi hezretleriniň huzuryna bardy. Gysga wagtyň içinde güýçli alym bolup ýetişdi. Ylmyň datly miwesinden dadan, gelejegiň beýik alymy körpe Numan, munuň bilenem çäklenmän, Hammad hezretleriniň mejlisinde sowat öwrenmegini dowam etdirdi. Ol bu ýerde fykyh ylmyny öwrenmäge başlady. Halypasyna jany-teni gulluk etdi, onuň her bir aýdanyny ýat tutdy.

Beýik atanyň kämil ogly

Geliň, indi bolsa, Ymam Agzamyň şeýle beýik derejä ýetmeginde ullakan goşandy bolanonuň ene-atasy bilen bagly bir wakany ýatlap geçeliň:
Waka Bagdat şäheriniň golaýynda bolup geçýär. Ol gün howa diýseň yssydy, petişdi, edil essiňi aýyp gelýärdi. Asmanyň ýüzüni tutuk sargylt reňk gaplap alypdy. Topragam jaýryk-jaýrykdy. Sabit atly ýaş ýigit gözbaşyny Tigr derýasyndan alyp gaýdyp, ýene-de şol derýa guýýan bir arygyň başynda düşläpdi. Täret almak üçin güzeriň başyna inende, özüne tarap akyp gelýän gyp-gyzyl alma gözi düşdi. Alma gabadyna gelende, alaga-da, oňa ony dişledi. Dişlänem şoldy welin:
– Keseki zadyny eýesinden rugsatsyz neneň dişläp bilýäň? – diýip, öz-özüne igendi.
Horjunyny egnine atyp, arygyň boýy bilen ilerligine ýöräp başlady. Ahyrynda bir baga baryp ýetdi. Görse, bagyň içi şol dişlän almasyndan doly eken. Ýaş ýigit derrew bu ýeriň eýesini tapdy-da, arzyny aýtdy:
– Agam! Hol beýleräkden şu almany tapdym-da, dişläýdim. Soňam, keseki malynabidin el urmak bilen uly ýalňyşlyk goýberenime düşündim. Bu alma siziň bagyňyza degişlidir diýip çakladym. Indi, ýa almaňyzyň öwezini dolmak üçin näme şertiňiz bolsa aýdyň, dolaýyn, ýa-da eden bu ýalňyşlygym üçin menden razy boluň!
Salyh adyndaky bagyň eýesi ýaş ýigidiň ýürekden syzdyryp aýdýan gürrüňlerini geň galyp diňledi. Emma syr bildirmän, oglany synamak üçin:
– Ýok, razy boljak däl. Näme üçin meniň almamy bidin dişlediňiz? – diýdi. Sabit hem:
– Razy bolmagyňyz üçin men näme etmeli? – diýip soranynda, goja:
– Meniň bilen şu bagda üç ýyllap zähmet çekmeli, ine, şonda razy bolaryn – diýip jogap berdi. Sabit:
– Bolýa, işlärin – diýip, gojanyň aýdanyna kaýyl bolup, üç ýyl zähmet çekdi.
Üç ýyldan soň, Sabit:
– Agam, razy bol! Men-ä ýöremekçi – diýeninde, Salyh aga:
– Hawa, üç ýyly doldurdyň, ýöne men saňa heniz razylyk beremok. Diňe şeýle ýagdaýda razy bolup bilerin: meniň bir gyzym bar. Ady – Abidetül-Ezher. (Tämizligiň nusgasy).Gözleri kör, gulaklary ker, eli şel, aýaklary ysmaz. Şol gyzym bilen goş birikdirmäge razy bolsaň, alma-da, bag-da seniňki bolsun. Onsoňam, seniň ýaly päk ýürekli giýewini men nirden tapaýyn? Gyzym şeýle ýagdaýda mahaly, ölemden soň, kim oňa hossarlyk eder? Ony diňe seniň ýaly halal süýt emen adama tabşyryp bilerin. Sen, tüweleme, dindar, wyždanly ynsan. Hany, indi, jogabyňy aýt, menem saňa razylyk bereýin – diýdi. Onda Sabit:
– Bolýa, razy, başga alaç ýok. Gyzyňyza öýlenmesem, razylyk bermejek bolsaňyz, öýlenmeli bolar – diýip jogap berdi.
Toýa taýýarlyk görlüp başlandy. Dabara uludan tutulyp, toý saçagy giňden ýazyldy. Nika gyýlyp, Sabit ýanýoldaşynyň ýanyna gireninde, owadan, on iki synasy abat maşgalanyň gelin lybasyny geýip, özüne garaşyp oturandygy gördü-de, atylyp yzyna çykdy. Ylgap, gaýyn atasy Salyh aganyň ýanyna baryp:
– Bu nikada bir ýalňyşly-ga bar. Sen maňa gyzym kördür diýipdiň, içeride bolsa, jeren gözli jenan bar. Gyzym ysmaz, şel diýipdiň, içeride bolsa serwi boýly zenan otyr – diýdi. Salyh aga oňa şeýle jogap berdi:
– Men bu zatlary saňa göçme manyda aýdypdym. Kör diýipdim, sebäbi, hiç haçan harama nazar salmady. Ker diýipdim, sebäbi, hiç haçan ýaramaz söz eşitmedi. Eli şel diýipdim, sebäbi, hiç haçan harama el uzatmady. Aýagy ysmaz diýipdim, sebäbi, hiç haçan Allah razylygy bolmaýan ýere ädim ätmedi. Ol seniň maşgalaňdyr, halalyňdyr. Saňa laýyk ýanýoldaşdyr.
Aý aýlanyp, ýyl geçýär. Bu ajaýyp maşgaladan ogul perzent dünýä inýär. Bu kiçijik oglanjyk dört ýaşyna ýeteninde, Kurany-Kerimi hatym edýär. Oglanjygyň ejesi bir gün adamsy Sabite şu sözleri aýdýar: «Aslynda, oglumyz bu zatlary has irrägem başardy welin, arman, seniň bokurdagyňdan geçen şol alma bolaýa-da!»
Ine, şol çaga, Kufe alymlarynyň soltany – Ymam Agzamyň hut özüdir.