Aýagy Gandally Sahaba – Ebu Jendel

Kyssalar>>Ebu Jendel

Mekge müşrikleri musulmanlara birem ýazylganlyk berenokdylar. Ebu Jendel heniz murty taban ýaş ýigitdigine garamazdan, ahlaky azgynçylygyň lügüne batman, Yslamyň nurana derýasynygulaçlaýardy. Kakasy Süheýl bolsa, kapyr toparynyň başyny çekýänlerdendi.
Allahyň merhemetli Pygamberi (sallallahu aleýhi we sellem) we Onuň görnükli sahabalary Medinä hijret edip, şol ýere ýerleşipdi. Ebu Jendel bolsa Mekgede kakasynyň ýanynda galmaly bolupdy. Kakasyndan giresinsden sypyp bilmändi.
Bir gün Ebu Jendel aýaklary gandally halda,kakasynyň özüni gabapsaklaýan kiçijik otagynda Rabbyna ybadat edýärdi. Kakasy gapydan jyklap seretdi-de, sesine bat berip:
Eý, janyna haýpy gelmän, duşmançylyk edýän dogma! Aýagyň gandally haldakaň näme etmekçi bolýaň? – diýdi.
Ebu Jendel Allaha ybadat etmegiň berýän lezzetinden ýaňa özüni ýitiripdi. Ol:
Allahym, Allahym!Meni bu zalymlardan halas eýle, Resuly Zişana duşur! – diýýardi.
Süheýl oglundan bu sözleri eşiden badyna küpürsäp içeri girdi-de, zyrjyrlanyp baglanan bigünä oglunyň arkasyna ýepbekläp:
Häk, dogman geçen...! Muhammediň ady dilinden düşmese,bu durmuşyňyawy-zähereöwrerin. Gaýdyp şonuň adyny tutanyňy görmäýin!.. – diýdi.
Ebu Jendel başyny galdyryp:
Bedenimi tike-tike etseňem, ýüregimi sogrup alsaňam, men ýene-de Allah Resulynyň mübärek adyny dilimden düşürmerin. Onsuz ýaşanymdan ölenim gowy – diýdi.
Bu sözleri eşiden Süheýliň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Ol:
Beýle bolsa, sen ölüme garaşyber! – diýdi-de, oglunyň arkasyna ýumruk bilen düwündirip, gapyny ýapyp gitdi.
Süteme duçar bolan bigünä ýigit gözýaşyny topraga döküp, bedenini sarsdyryp, Rabbyna nalyş edýärdi.
Günler diýseň haýal geçýärdi. Sebäbi ol ýürekden söýen Pygamberinden uzakdady. Özi Mekgededi, Älemleriň Serweri (sallallahu aleýhi we sellem) bolsa Medinededi. Gijeler gündizleriň, gündizler bolsa gijeleriňsöbügini basyp gelýärdi. Ebu Jendeliň çekýän aýralyk derdi bolsa ahyrlaberenokdy. Ýöne bir gün, elbetde, bu hesret, bu hijrangidip, ýerine wysal geljekdi. Ebu Jendel hemişe şol arzyly wysala garaşýardy, bu ugurdaky ähli kynçylyklara döz gelýärdi.
Bir gün nähilidir bir mümkinçilik döräp, gabalyp saklanýan otagyndan daşary çykdy. Aýaklaryndaky gandallary süýräp, çöle tutdurdy. Mekgeden gaçyp, Allahyň Resulyna (sallallahu aleýhi we sellem) sygynjakdy, Oňa (sallallahu aleýhi we sellem) gulak asyp, ruhuny azat edipdi. Häzir bolsa bedenini azat etmekçidi.
Ebu Jendel şeýlehyýallar bilen çölden gidip barýan wagty hijretiň altynjy ýylydy. Şol günlerde Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem) Ashaby-Kiram–1600 sahaba bilen Käbäni zyýarat etmek üçin Mekgä ugrapdy. Muny eşiden Mekgeli müşrikler Hudeýbiýede Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) öňünden çykyp, bu ýyl zyýarat etmäge ygtyýar bermeýändiklerini, garşy çykylan halatynda ýowuz söweş üçin taýýarlanandyklaryny aýtdylar.
Uzaga çeken maslahatdan soň, musulmanlar bilen müşrikleriň arasynda «Hudeýbiýe Parahatçylyk Ylalaşygyna» gol çekildi. Ylalaşygyň bir maddasy başda göräýmäge musulmanlaryň zyýanyna ýalydy.Ol madda şeýledi:«Musulmanlardan biri müşriklere goşulsa, yzyna gaýtaryp bermeli däl, emma müşriklerden biri musulmanlara sygynsa welin, musulmanlar ony derrew yzyna tabşyrmaly.»
Müşrikler aýak diräp duransoňlar, Resuly-Ekrem hezretleri (sallallahu aleýhi we sellem) bu maddany kabul etmäge mejbur bolupdy. Ol (sallallahu aleýhi we sellem) netijäniň Yslamyň peýdasyna tamamlanjakdygyny aýdansoň, Ashaby-Kiram göräýmäge agyr bolan bu şerte razy boldular.
Ylalaşyga gol çekiläýmeli wagty el-aýagyna gandal urlan bir ýaş ýigit aňyrdan gelşine, musulmanlaryň hataryna goşuldy. Bu ýigit Mekgeli müşrikleriň ylalaşyga gol çekmek üçin saýlan wekilleri Ebu Süheýliň ogly Ebu Jendeldi. Ol ylalaşyga gol çekilýän ýere gelipdi we «Indi-hä halas boldum!» diýen umyt bilen begenç gözýaşyny döküpdi...
Oglunyň gabap goýan otagyndan gaçyp, musulmanlaryň tarapyna geçenini gören Ebu Süheýl:
Ylalaşyk esasynda sizden islejek ilkinji adamym ine, oglum Ebu Jendeldir – diýip, oglunyň gaýtarylyp berilmegini talap etdi.
Ine, şol wagt edilen perýatlar balasyny ýitiren enäniň ýüregiňi gyýym-gyýym edip gelýänahy-nalasyny ýada salýardy. Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) hem gözýaşyny saklap bilmedi. Süheýle:
Heniz ylalaşyga gol çekmedik ahyry. Ebu Jendel bu ylalaşyga degişli bolmanbiler – diýip haýyş etdiler. Emma makullanmady. Süheýl bir diýenini diýip, aýak diredi durdy. Serwerimiz (sallallahu aleýhi we sellem) ylalaşygyň şertinden çykyp bilmän, Ebu Jendeli yzyna gaýtaryp berdi.
Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) ylalaşyga görä, Ebu Jendeli – hakyky ýesirlik zyrjyrlaryny üzüp, musulman bolan bu ýaş ýigidi – kakasyna tabşyrmaga mejbur bolupdy. Ebu Jendel kakasy äkidip barýarka:
Eý, Allahyň Resuly! Eý, musulmanlar! Men musulman bolup ýanyňyza geldim. Meni müşriklere näme dinimden dändirsinler diýip tabşyrýaňyzmy, maňa näme edendiklerini göreňizokmy? – diýip perýat etdi. Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) teselli beriji sözler aýtdy:
– Eý, Ebu Jendel! Olar bilen aramyzda gelnen ylalaşyk bar. Allah adynaant içip, olara söz berdik. Bize sözümizden dänmek gelişmez. Sabyr et! Allah saňa we seniň ýalylara bir çykalga görkezer.
Ebu Jendel Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) sözleriniň aňyrsynda ýatan mukaddes manyny duýdy. Ol diniň ýagty gelejegi üçin gerek bolsa hemme zatdan geçmegiň zerurdygynyň nusgasyny görkezmelidi.
– Eý, Allahyň Resuly! Allah meni Seniň ýoluňagurban eýlesin! Eger Siz şeýle isleýän bolsaňyz, men ölüme-de giderin.
Şeýlelikde,bu mert sahaba heniz ýetginjek çagynda gandallaryny süýräp, gaýtadan Mekgä rowana boldy.
Ine, Yslam nury çaýylan ýürekleriň päkligi we beýikligi... Bir ýetginjek ömrüniň baharynda ähli lezzetlerden mahrum bolup, özüni we nebsini dini üçin pida edýärdi.
Wagty gelende Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) aýdanlary hakykata öwrülip, bigünä we mazlum adamlar halas boljakdy. Hatda Ebu Jendeliň kakasam Yslama hyjuw bilen ýapyşyp, uly bagta ýetjekdi.