Ebul-Heýsemiň Ogly

Kyssalar>>Ebul-Heýsemiň Ogly

Bagt asyrydy. Gije ýarymdan agypdy. Öňem ençeme gezek bolşy ýaly, açlyk ýene-de, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) ysgyn-mydaryny alypdy. Açlyk zerarly Onuň gözüne uky gelenokdy. Sähelsalym irkilip biläýende, eňkamyňy aşyryp barýan açlyk belasyndan az wagtlygam bolsa dynjakdy. Emma açlygam Onuňýakasyny goýbererli däldi.
Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) öýünden çykdy-da, Medinäniň gaýrasyna tarap ýöräp ugrady. Az salymdanuzakdan bir gara göründi. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi we sellem) bar ünsüni jemläp, gelýäni synlady. Ony tanady. Bu gelýän – ömrüniň her pursadyndan Onuň ýanyndan aýrylmadyk, Ony ýeke goýmadyk adamdy. Onuňpikirleri-de, edýän hereketleri-de özüniňkä çalym edýärdi. Olar häzirem, hamala öňden dilleşen ýaly, gijäniň ýarynda, şäheriň gaýra çetinde gabatlaşdylar. Ol adam hezreti Ebu
Bekirdi (radyýallahu anh). Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) oňa salam berdi-de:
– Ýa, Eba Bekir! Gijäniň bu wagty öýüňden çykmagyňa näme sebäp boldy? – diýip sorady. Ebu Bekir (radyýallahu anh) hemişe bolşy ýaly, Allah Resulyny (sallallahu aleýhi we sellem) gören badyna,gaýgy-aladalaryndan saplandy.
Ýene-de bir gün Mekgede uly goh turupdy. Şonda Ebu Bekir Allah Resulyny (sallallahu aleýhi we sellem) halas etjek bolanda, ölümiň bärisinden gaýdypdy. Özüne gelip, gözüni açan badyna: «Allah Resulynyň ýagdaýy niçik?» diýip sorapdy. Ejesi Ümmü Ümare gaharlanyp:
– Öljek bolup ýatyrkaňam Şony gaýgy edýärsiň – diýipdi. Ýöne Ebu Bekiriň ejesi,asyl, oglunyň Pygamberimizi (sallallahu aleýhi we sellem) ýatdan çykaranyndan ölenini ýeg görýändigini bilenokdy. Sebäbi, Allah Resulyna (sallallahu aleýhi we sellem) gulluk etmek Ebu Bekir üçin ýaşamagyňmanysydy. Ine, häzirem Onuň (sallallahu aleýhi we sellem) ýanyndady, haýsydyr bir duýgy ony şu ýere getiripdi. Ol Resulallahyň (sallallahu aleýhi we sellem) soragyna:«Açlyk» diýip jogap berdi. «Öýde iýere zat tapmadym, gözüme uky gelsoňam, daşary çykdym Ýa Resulallah!» – diýdi-de:
– Enem-atam Saňa gurban bolsun, Ýa Resulallah, Sen näme üçin çykdyň? – diýip sorady. Jogap meňzeşdi. Allah Resuly-da (sallallah aleýhi we sellem) açlyk zerarly daşary çykypdy.
Edil şol wagt, ýene bir gara peýda boldy. Gelýäniň uzyn boýly, peşenelidiginden çen tutsaň,ol Omar bolmalydy. Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) sag tarapyndahezreti Ebu Bekir (radyýallahu anh) durdy, emma çep tarapynda hemişe durýan adam welin heniz ýokdy.Ol häzir özüniň durmaly ýeriniň boşdugyny bilýän ýaly, ylgaşlap gelýärdi. Hawa, gelen hezreti Omardy (radyýallahu anh). Ol gelşine, bu iki dosty görüp, haýran galdy. Olar bilen salamlaşdy. Söz Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) hezreti Omardan (radyýallahu anh) hem näme üçin öýünden çykandygyny sorady. Onuň beren jogaby hem hezreti Ebu Bekiriňki bilen meňzeşdi:
– Açlyk, Eý, Allahyň Resuly, açlyk meni daşary çykardy.
Birdenkä, Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) ýadyna Ebul-Heýsem (radyýallahu anh) düşdi. Ony gündiz hurma bagda işläp ýörkä görüpdi. Onuň öýi şu golaýdady. Ebul-heýsemiňöýünde iň bolmanda, ýürekselik ediner ýaly hurma tapylmazmyka?! Allah Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) şeýle niýet bilen:
– Ýöriň, Ebul-Heýsemlere gideliň! – diýdi.
Olar Ebul-Heýsemiň (radyýallahu anh) öýüne bardylar. Ebul-Heýsem (radyýallahu anh) we aýaly uklap ýatyrdy. Olaryň bäş-alty ýaşlyja kiçijik ogullary bardy (başga bir çeşmede ýedi-sekiz ýaşlarynda diýilýär). Gapyny ilki hezreti Omar (radyýallahu anh) kakdy. Ol ýogyn sesi bilen:
– Ýa, Ebal-Heýsem! – diýip gygyrdy. Ebul-Heýsemem (radyýallahu anh), aýalam muny eşitmedi. Ýöne myrlapjyk ýatan ogulgyjy oýanyp, böküp turdy-da:
– Kaka, tursana! Öýümize Resulullahyň iň sadyk dosty Omar geldi – diýdi. Ebul-Heýsem (radyýallahu anh) çagasy düýş görýändir öýdüp:
– Ýat, oglum! Gijäniň ýarynda, bu wagt, bärde Omar näme işlesin! – diýdi. Çaga ýerine geçdi. Gapy açylmansoň, bu gezek Ebu Bekir (radyýallah anh) ýüregiňi gyýym-gyýym edip gelýän inçe, näzik sesi bilen:
– Ýa, Ebal-Heýsem! – diýip seslendi. Oglanjyk ýene ýerinden böküp turdy-da:
– Kaka, bize Allah Resulynyň iň sadyk dosty, gaýynatasy we gowakdaky ýoldaşy Ebu Bekir geldi – diýip gygyrdy. Kakasy ony gaýtadan ýatyrdy. Emma soňky eşidilen ses –ölülere jan berýän demi, kalbyň inçe taryna kakýan sesi bolan Allah Resulyňkydy (sallallahu aleýhi we sellem). Ol:
– Ýa, Ebal-Heýsem – diýip seslenende, çaga eýýäm ýaýdan sypan peýkama öwrülipdi. Ol kakasyndan soraman, gapa tarap ylgap barşyna:
– Kaka, tur! Gözümiň nury Resullullah geldi – diýýärdi. Ebul-Heýsem (radyýallahu anh) aňk-taňk boldy. Derrew gapa ylgady. Gözlerine ynanyp bilmedi. Gijäniň bu wagty, öýüne Soltanlar Soltany (sallallahu aleýhi we sellem) gelipdi. Ol myhmanlaryny derrew öýe saldy. Gapysynda duran owlagynyň damagyny çalyp, söwüş etmegiň ugruna çykdy. Ynsana ömründe belki ýeke gezek beýle bagt miýesser eder. Ebul-Heýsemem (radyýallahu anh) ömrüniň iň bagtly pursadyny başdan geçirýärdi. Häzir ol janyny orta goýsa-da, azlyk ederdi. Hurma, süýt, et getirip, bu eziz myhmanlara hödür-kerem etdi...
Myhmanlar garbandylar. Mundan soň, Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) gözüne ýaş aýlandy. Her wakadan many çykarmagy başarýan Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi we sellem) mübärek agzyndan şu sözler çykdy: «Allaha kasam edýärin, ine, şu nygmatlar üçin ertir, hasap soralarsyňyz.» Ondan soň, şu aýaty okady: «Ol gün, ikuçsyz ähli nygmatlardan hasap solarsyňyz» («Tekasür», 102/8)
Bu rowaýatda esasanam, 5-6 (ýa-da 7-8) ýaşlaryndaky çaganyň hezreti Pygamberi (sallallahu aleýhi we sellem) nähili belent söýgi bilen söýendigi nygtalmak islenýär.
5-6 ýaşlyja çaga Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) aşyk, Ony öýünde myhman edibilse, armany ýok.Sebäbi şol öýde Resulullahyň (sallallahu aleýhi we sellem) ady dillerden düşmändir. Ähli gürrüňiň başy Resulullah bilen başlap, Onuň (sallallahu aleýhi we sellem) bilen dowam edipdir we şeýle-de tamamlanypdyr... Pygambere bolan söýgi ol oglanjygyň aňyna şeýle bir siňipdir welin, ol gijäniň ýary kakasyny gaýta-gaýta oýarmak bilen hamala: «Ýollar Resulullaha (sallallahu aleýhi we sellem) düşmezden, Jennede girilmez, mizanda Ony (sallallahu aleýhi we sellem) görmezden, Jennede girilmez, syratda Oňa (sallallahu aleýhi we sellem) duşmazdan Jennede girilmez” diýýän ýalydy.
Bu wakadan bäş-on ýyl çemesi öň, Ebul-Heýsem et-Teýýihany on dört-on bäş ýaşlaryndaky ýigdekçe mahaly, Akabe şertnamasynda ok ýaly atylyp baryp, Serwerimiziň (sallallahu aleýhi we sellem) eline ýapyşyp:
– Baş üstüne ýa, Resulallah! Kalbymyzda seniň üçin hemişe ýer bardyr! – diýipdi. Kakasy nähili duýguny başdan geçiren bolsa, aradan ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, onuň kiçijik ogly hem şol duýguny başdan geçirip, çäksiz söýgi bilen Resuly-Ekremi (sallallahu aleýhi we sellem) söýýärdi. Sebäbi onuň körpeje aňyna Allah Pygamberine (sallallahu aleýhi we sellem) degişli maglumatlaryň ählisisiňdirilendi, ol Serwerimizi (sallallahu aleýhi we sellem) has içgin tanaýardy.